Ikinji Musa 37:1—29

37  Besalel+ akasiýa agajyndan sandyk+ ýasady. Sandygyň uzynlygy iki ýarym, ini bir ýarym, beýikligi bir ýarym tirsekdi*+.  Ol sandygyň içini⁠-⁠daşyny sap altyna gaplap, agzynyň daş⁠-⁠töweregine altyndan nagyş saldy+.  Sandygyň her aýagynyň ýokarsyna dakmak üçin altyndan dört halka ýasady. Iki halkany sandygyň bir tarapyna, ikisini bolsa beýleki tarapyna dakdy.  Akasiýa agajyndan taýaklar ýasap, olary⁠-⁠da altyna gaplady+.  Sandygy+ götermek üçin taýaklary gapdalyndaky halkalardan geçirdi.  Besalel sandyga sap altyndan gapak ýasady+. Gapagyň uzynlygy iki ýarym, ini bir ýarym tirsekdi+.  Ol gapagyň+ iki tarapyna altyny çekiçläp, iki kerup+ ýasady.  Keruplaryň birini gapagyň bir gyrasynda, birini beýleki gyrasynda goýdy. Ol gapagyň iki tarapyna⁠-⁠da kerup ýasady.  Iki kerubyň ganatlary ýokarlygyna ýaýylyp, gapaga kölege salýardy+. Olar biri⁠-⁠biriniň garşysynda goýlupdy, ýüzleri hem aşak* bakyp durdy+. 10  Ol akasiýa agajyndan stol hem ýasady+. Stoluň uzynlygy iki, ini bir, beýikligi bir ýarym tirsekdi+. 11  Stoly tutuşlygyna sap altyna gaplap, gyrasyna altyndan nagyş saldy. 12  Stoluň gyrasyna ini dört barmak* germew aýlap, daşyny hem altyn bilen nagyşlady. 13  Soňra altyndan dört halka ýasap, stoluň dört çüňküne, her aýagynyň birigýän ýerine dakdy. 14  Stoly taýaklar bilen götermek üçin halkalar germewe ýakyn oturdylypdy. 15  Stoluň taýaklaryny hem akasiýa agajyndan ýasap, altyna gaplady. 16  Şeýle⁠-⁠de stoluň üstünde goýar ýaly, sap altyndan gap⁠-⁠gaçlary: jamlary, käseleri, tabaklary we şerap sadakasy üçin küýzeleri ýasady+. 17  Soňra ol altyny çekiçläp, sap altyndan şemdan+ ýasady. Şemdanyň düýbi, ortaky diregi, gülkäseleri, gunçalary we gülleri bir bitewidi+. 18  Şemdanyň ortaky direginden çykýan alty şahasy bardy. Her gapdalyndan üç şaha çykýardy. 19  Her şahasynda badam gülüne meňzeş üç gülkäsesi, aralarynda gunçalary we gülleri bardy. Şemdanyň ortaky direginden çykýan alty şahanyň ählisi şeýle ýasalypdy. 20  Şemdanyň ortaky direginde badam gülüne meňzeş dört gülkäsesi, aralarynda⁠-⁠da gunçalary we gülleri bardy. 21  Şemdanyň ortaky diregine jemi alty şaha birigýärdi. Her iki şahasynyň aşagynda bir gunça bardy. 22  Şemdan gunçalary, şahalary bilen tutuşlygyna bir bitewi edilip, sap altyndan çekiçlenip ýasalypdy. 23  Soňra ol şemdan üçin sap altyndan ýedi şem+, gysgyçlar we külatarlar ýasady. 24  Şemdany we ähli gap⁠-⁠gaçlaryny bir batman* sap altyndan ýasady. 25  Soňra akasiýa agajyndan tütetgi ojagyny*+ ýasady. Uzynlygy⁠-⁠da, ini⁠-⁠de bir tirsek, beýikligi iki tirsekdi. Tütetgi ojagy dörtburçdy, şahlary bilen bir bitewidi+. 26  Besalel ojagyň üstüni, gapdalyny we şahlaryny sap altyna gaplap, ýokary gyrasyny altyn bilen nagyşlady. 27  Iki gapdalyna⁠-⁠da altyndan iki halka ýasap, nagşynyň aşagyna dakdy. Tütetgi ojagynyň taýaklaryny geçirmek üçin, halkalary biri⁠-⁠biriniň garşysynda goýdy. 28  Taýaklary hem akasiýa agajyndan ýasap, altyna gaplady. 29  Şeýle⁠-⁠de ol mukaddes ýagy+ we arassa hoşboý ysly tütetgini+ taýýarlady. Olar gowy* garylyp ýasalypdy.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: gapaga.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ussatlyk bilen.