Ikinji Musa 35:1—35

  • Sabat güni babatda görkezme (1—3)

  • Çadyr üçin sadakalar (4—29)

  • Besalele we Ohalyýaba Hudaýyň ruhy inýär (30—35)

35  Musa bütin ysraýyl jemagatyny ýygnap, şeýle diýdi: «Ýehowanyň tabşyrygyny diňläň+:  ähli işiňizi alty günde ediň. Ýedinji gün mukaddes gün bolsun. Sabat gününi Ýehowa bagyşlap, ähli işiňizden dynç alyň+. Şol gün işlän adam ölüme höküm edilsin+.  Sabat güni hiç bir öýde ot ýakylmasyn».  Soňra Musa ysraýyl jemagatyna: «Ýehowa şeýle tabşyryk berýär:  „Ýehowa sadaka beriň+. Ýürekden+ sadaka bermek isleýänler Ýehowa şu zatlary getirsin: altyn, kümüş, mis,  gök ýüplük, badam reňkli ýüň, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr*, geçi ýüňi+,  gyzyl reňke boýalan goç derisi, düwleniň* derisi, akasiýa agajy,  şem üçin ýag, mukaddes ýag bilen hoşboý ysly tütetgi üçin balzam+,  öňlüge*+ we gursakça+ dakylýan oniks hem⁠-⁠de gymmatbaha gaşlar. 10  Araňyzdaky ökde ussalar*+ gelip, Ýehowanyň tabşyran zatlaryny ýasasynlar. 11  Mukaddes çadyry we örtügini, ildirgiçlerini, çarçuwalaryny*, taýaklaryny, sütünlerini, direglerini, 12  äht sandygyny+, taýaklaryny+ we gapagyny+, sandygyň öňüne asyljak tutyny+, 13  stoly+, taýaklaryny we esbaplaryny, hödür çöregini+, 14  şemdany+, esbaplaryny, şemlerini, olar üçin ýagy+, 15  tütetgi ojagyny*+, taýaklaryny, mukaddes ýagy, hoşboý ysly tütetgini+, çadyryň agzyna asar ýaly perdäni, 16  gurbanlyk ojagyny*+, mis gözenegini, taýaklaryny we esbaplaryny, legen bilen direglerini+, 17  howly üçin perdeleri+, söýelerini we direglerini, howlynyň agzyna tutar ýaly perdäni, 18  mukaddes çadyr we howly üçin gazyklary, olaryň ýüplerini+, 19  mukaddes çadyrda hyzmat edilende geýiljek nepis dokalan lybaslary+, Harun ruhanynyň mukaddes eşiklerini+ we ogullarynyň ruhanylyk eşiklerini taýynlasynlar“» diýdi. 20  Şondan soň ysraýyl jemagaty Musanyň ýanyndan gaýtdy. 21  Halkyň arasyndan jomart* we eli açyk*+ adamlar gelip, ýygnak çadyry*, çadyryň hyzmaty we mukaddes eşikler üçin Ýehowa sadaka getirip başladylar. 22  Erkekler we aýallar öz göwnünden çykaranyny getirýärdi. Olar gülýakalaryny, gulakhalkalaryny, ýüzüklerini we başga⁠-⁠da her dürli altyn şaý⁠-⁠seplerini berdiler. Her kim öz altynyny Ýehowa sadaka* berdi+. 23  Olar gök ýüplük, badam reňkli ýüň, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr, geçi ýüňüni, gyzyl reňke boýalan goç derisini we düwleniň* derisini⁠-⁠de getirdiler. 24  Käbirleri bolsa kümüşlerini we mislerini Ýehowa sadaka berdiler. Çadyrda ulanmak üçin akasiýa agajyny getirenler hem bardy. 25  Çeper elli gelin⁠-⁠gyzlar+ öz elleri bilen gök ýüplük, badam reňkli ýüň, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr işip getirdiler. 26  Olaryň käbiri göwnünden çykaryp, geçi ýüňünden ýüplük egrip berdi. 27  Halkyň baştutanlary öňlüge we gursakça dakar ýaly, oniks hem⁠-⁠de gymmatbaha gaşlary+, 28  şemleri ýakmak, mukaddes ýagy+ we hoşboý ysly tütetgini+ taýýarlamak üçin balzam bilen zeýtun ýagyny getirdiler. 29  Ýehowanyň Musa arkaly tabşyran zatlaryny ýasar ýaly, sadaka bermek isleýän ähli erkekler we aýallar göwnünden çykaran zadyny getirdiler. Şeýlelikde, ysraýyllar Ýehowa höwes bilen sadaka berdiler+. 30  Soňra Musa halka şeýle diýdi: «Ýehowa ýahuda taýpasyndan Huruň agtygy, Uranyň ogly Besaleli saýlady+. 31  Hudaý oňa öz ruhuny berip*, paýhasly, düşünjeli we ussat senetçi etdi. 32  Ol üýtgeşik zatlary oýlap tapyp, altyn⁠-⁠kümüşden, misden zat ýasar, 33  daş ýonup, gaş oturtmaga we agaçdan her hili zatlary ýasamaga ökde bolar. 34  Hudaý Besalele we dan taýpasyndan Ahysamagyň ogly Ohalyýaba hünärini başgalara⁠-⁠da öwretmäge ukyp berdi+. 35  Alla olary her dürli senetçilik, nakgaşçylyk, dokmaçylyk işlerini etmäge hem⁠-⁠de gök ýüplük, badam reňkli ýüň, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr bilen keşde çekmäge ukyply etdi+. Olar islendik zady ýasap, her dürli işleri ýerine ýetirer.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: akyldar ýürekli adamlar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: höwesjeň.
Ýa⁠-⁠da: göwünjeň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: göterme sadakasy hökmünde.
Ýa⁠-⁠da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözme⁠-⁠söz: Ol ony Hudaýyň ruhundan dolduryp.