Ikinji Musa 33:1—23

  • Hudaýyň gorkunç habary (1—6)

  • Düşelgäniň daşyndaky ýygnak çadyry (7—11)

  • Musa Ýehowa şan⁠-⁠şöhratyňy görkez diýýär (12—23)

33  Ýehowa Musa: «Müsürden çykaran halkyň bilen ýola düş. Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren ýurduma gidiň. Şol ýurdy olaryň nesline berjekdigime ant içipdim+.  Perişdämi öňüňizden iberip+, kenganlary, amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary ýurtdan kowup çykararyn+.  Süýt bilen bal akýan ýurda+ gidiň. Emma men siziň bilen gitmerin, sebäbi halk boýnuýogynlyk etse+, ýolda olary gyraryn»+ diýdi.  Halk gorkunç sözleri eşidip, perýat edip başlady. Hiç kim şaý⁠-⁠sepini⁠-⁠de dakynmady.  Ýehowa Musa: «Ysraýyllara şeýle diý: „Siz boýnuýogyn halk+. Düşelgäňize girip, birsalymyň içinde baryňyzy ýok edibem bilerdim. Indi size çäre görjek+, ýöne şoňa çenli hiç kim şaý⁠-⁠sepini dakmasyn“» diýdi.  Ysraýyllar Horep dagynda şaý⁠-⁠seplerini aýryp, şondan soň dakynmadylar.  Musa öz çadyryny düşelgäniň daşyna çykaryp, biraz uzagraga göçürdi. Musa oňa ýygnak çadyry* diýip at goýdy. Ýehowadan maslahat soramak isleýän adam+ düşelgeden çykyp, ýygnak çadyryna barardy.  Musa çadyra tarap ýörände, adamlar çadyrlarynyň agzynda durup, ol tä çadyra girýänçä seredip durardylar.  Musa çadyra giren badyna, bulut sütüni+ çadyryň agzyna gelip durardy. Hudaý Musa bilen gepleşip bolýança, bulut çadyryň agzyndan aýrylmazdy+. 10  Adamlar çadyryň agzyndaky bulut sütünini görüp, çadyrlarynyň agzynda tagzym ederdiler. 11  Ýehowa Musa bilen iki adamyň gepleşişi ýaly, ýüzbe⁠-⁠ýüz+ gepleşerdi. Musa düşelgä gidende, hyzmatkäri we kömekçisi+ Nunuň ogly Ýuşa+ çadyryň ýanyndan aýrylmazdy. 12  Musa Ýehowa ýüzlenip: «Sen maňa: „Halkyň öňüne düşüp git“ diýýäň, ýöne ýanymda kimi iberjegiňi aýtmadyň. Meni gowy tanaýandygyňy*, menden razydygyňy aýdypdyň. 13  Eger menden razy bolsaň, onda ýalbarýaryn, ýollaryňy öwret+. Seni has gowy tanap, mundan beýlägem razy edip ýaşaýyn. Şu adamlar hem öz halkyň»+ diýdi. 14  Hudaý: «Özüm ýanyňda gidip+, seni goldaryn*»+ diýip jogap berdi. 15  Şonda Musa: «Ýanymyzda gitmeseň, bizi hem iberip oturma. 16  Ýanymyz bilen gidip, bizi ýer ýüzündäki başga milletlerden aýry tutýandygyňy+ görkezmeseň, menden we halkyňdan razydygyňy nädip bileli?»+ diýdi. 17  Ýehowa: «Bolýar, haýyşyňy bitirerin. Sebäbi seni gowy tanaýaryn, göwnüm senden hoşal» diýdi. 18  Musa: «Ýalbarýaryn, maňa şöhratyňy görkez» diýdi. 19  Hudaý: «Saňa bütin şan⁠-⁠şöhratymy görkezip, öňüňde Ýehowa adymy yglan ederin+. Men islän adamymdan razy bolup, islän bendäme rehim ederin»+ diýip jogap berdi. 20  Ol sözüni dowam edip: «Ýöne sen ýüzümi görmersiň, sebäbi ýüzümi gören adam diri galyp bilmez» diýdi. 21  Soňra Ýehowa: «Ine, ýanymda bir gaýa bar. Şol gaýanyň ýanyna gel. 22  Seni gowakda goýup, şan⁠-⁠şöhratymy görkezerin. Deňiňden geçip gidýänçäm, elim bilen üstüňi örterin. 23  Elimi aýranymda, meni arkamdan görüp galarsyň. Ýöne ýüzümi görmersiň»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Adymy bilýändigiňi.
Sözme⁠-⁠söz: saňa dynçlyk bererin.