Ikinji Musa 32:1—35

  • Altyn göle (1—35)

    • Musa aýdym⁠-⁠sazyň sesini eşidýär (17, 18)

    • Musa kanun ýazylan daşlary çym⁠-⁠pytrak edýär (19)

    • Lewileriň Ýehowa wepalylygy (26—29)

32  Musanyň dagda eglenendigi+ üçin, adamlar Harunyň daşyna üýşüp: «Hany bol, bize ýol görkezer ýaly, hudaý ýasa+. Bizi Müsürden çykaran Musa diýen adama⁠-⁠ha näme bolanyny bilemizok» diýdiler.  Harun: «Aýallaryňyzyň, ogul⁠-⁠gyzlaryňyzyň altyn gulakhalkalaryny+ getiriň» diýdi.  Adamlar altyn gulakhalkalaryny çykaryp, Haruna getirip berdiler.  Harun altynlary aldy⁠-⁠da, ýonguç bilen şekil berip, göläniň butuny* ýasady+. Şonda adamlar: «Eý ysraýyllar! Ine sizi Müsürden çykaran Hudaýyňyz!»+ diýip gygyryşdylar.  Muny gören Harun göläniň öňünde gurbanlyk ojagyny* gurup: «Ertir Ýehowanyň şanyna baýram ederis!» diýip gygyrdy.  Ertesi ir bilen turup, ýakma we parahatlyk gurbanlyklary berdiler. Soňra oturyp iýip içdiler, yzyndan bolsa turup, şadyhorramlyk edip başladylar+.  Ýehowa Musa: «Häziriň özünde aşak düş, Müsürden çykaran halkyň ýamanlyga ýüz urdy+.  Olar meniň öwreden ýolumdan çalt çykdylar+. Göläniň butuny ýasap: „Eý ysraýyllar! Ine sizi Müsürden çykaran Hudaýyňyz!“ diýşip, sežde edýärler, gurbanlyk berýärler» diýdi.  Ýehowa sözüni dowam edip: «Halkyň boýnuýogyndygyny görüp durun+. 10  Gel, gowusy, gaharym gelip durka, olaryň ýoguna ýanaýyn. Senden bolsa uly halk döredeýin»+ diýdi. 11  Musa Ýehowa Hudaýyna ýalbaryp+: «Eý Ýehowa, olary beýik güýjüň, kuwwatly goluň bilen Müsürden çykaryp getirmediňmi? Indi näme üçin gaharyňa ýok etjek bolýaň?+ 12  Müsürliler: „Hudaý olary Müsürden ýöne ýere äkitmändir. Olary dagda heläk edip, bütin ýer ýüzünden gyryp taşlajak bolýan eken“ diýmezmi?+ Gaharyňy saklap, halkyňy ýok etme, pikiriňden el çek. 13  Guluň Ybraýymy, Yshagy, Ysraýyly ýada sal. Olara öz adyňdan ant içip: „Nesliňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin+. Olara taýynlan ýurdumy hemişelik mülk edip bererin“+ diýip söz beripdiň ahyryn» diýdi. 14  Şonda Ýehowa halkyny ýok etmek pikirinden el çekdi+. 15  Musa eline+ iki äht* daşyny+ alyp, dagdan aşak düşdi. Daşlaryň iki tarapynda⁠-⁠da: öňünde⁠-⁠de, arkasynda⁠-⁠da ýazgy bardy. 16  Ýasy daşlary Hudaýyň özi ýasapdy, ondaky sözleri⁠-⁠de özi ýazypdy+. 17  Ýuşa halkyň goh⁠-⁠galmagalyny eşidip, Musa: «Düşelgede uruş bolýan ýaly⁠-⁠la!» diýdi. 18  Emma Musa: «Eşidýäniň ýeňiş aýdymy hem däl,Ýeňlenleriň ahy⁠-⁠nalasy hem däl.Gulagyma başga bir owaz gelýär» diýdi. 19  Musa düşelgä golaýlanda, göläni+ we tans edýän adamlary görüp, gahar⁠-⁠gazaba mündi. Ol dagyň eteginde elindäki daşlary zyňyp goýberdi, olar çym⁠-⁠pytrak boldy+. 20  Musa halkyň ýasan gölesini otlap, kül⁠-⁠owram etdi+. Külüni bolsa suwa sepip, ysraýyllara içirdi+. 21  Soňra ol Haruna: «Halka agyr günä etdiripsiň. Olar saňa nädip beýle iş etdirip bildi?» diýdi. 22  Harun: «Doganym, gaharlanma. Halkyň päliýamandygyny gowy bilýäň⁠-⁠ä+. 23  Olar maňa: „Bize ýol görkezer ýaly, hudaý ýasa. Bizi Müsürden çykaran Musa diýen adama⁠-⁠ha näme bolanyny bilemizok“ diýdiler+. 24  Menem: „Kimiň altyny bar bolsa, getirsin“ diýdim. Getiren altynlaryny oda atdym welin, ine şu göle peýda boldy» diýdi. 25  Musa halkyň hiç eýgertmeýändigini gördi, sebäbi Harun olary başyna goýberipdi. Olar duşmanlaryna gülki* bolupdylar. 26  Musa düşelgäniň agzynda durup: «Kim Ýehowanyň tarapynda bolsa, ýanyma gelsin!»+ diýdi. Şonda ähli lewiler onuň daşyna üýşdi. 27  Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Gylyjyňyzy dakynyň⁠-⁠da, düşelgä aýlanyp, dogan⁠-⁠garyndaşyňyzy, goňşy⁠-⁠golamyňyzy, dost⁠-⁠ýaryňyzy öldürip çykyň“»+ diýdi. 28  Lewiler Musanyň aýdyşy ýaly etdiler. Şol gün 3 000⁠-⁠e golaý adam öldürildi. 29  Soňra Musa lewilere: «Şu gün özüňizi Ýehowa bagyş ediň. Her biriňiz ogluňyza, doganyňyza garşy çykdyňyz+, şonuň üçin Hudaý sizi sylagsyz goýmaz»+ diýdi. 30  Ertesi gün Musa halka: «Siz agyr günä etdiňiz. Daga çykyp, Ýehowa ýalbaryp göreýin, belki, sizi bagyşlar»+ diýdi. 31  Musa Ýehowanyň huzuryna baryp: «Halk agyr günä etdi. Olar altyndan taňry ýasapdyr!+ 32  Başarsaň, olaryň günäsini geç+, bolmasa meniň adymy kitabyňdan+ öçüräý» diýip ýalbardy. 33  Emma Ýehowa: «Kim maňa garşy günä etse, şonuň adyny kitabymdan öçürerin. 34  Bar, halky aýdan ýurduma äkit. Perişdäm öňüňize düşüp gider+. Wagty gelende, olardan hasap sorap, günälerine görä jezasyny bererin» diýdi. 35  Şondan soň Ýehowa halkyň başyna betbagtçylyk inderip başlady, sebäbi olar Haruna göle ýasadypdy.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: guýma butuny.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.
Ýa⁠-⁠da: masgara.