Ikinji Musa 30:1—38

  • Tütetgi ojagy (1—10)

  • Ilat ýazuwy we günä üçin töleg (11—16)

  • Ýuwunmak üçin mis legen (17—21)

  • Mukaddes ýag üçin gerek zatlar (22—33)

  • Mukaddes tütetgi üçin gerek zatlar (34—38)

30  Akasiýa agajyndan+ tütetgi ýakylýan ojak*+ ýasaň.  Uzynlygy⁠-⁠da, ini⁠-⁠de bir tirsek*, beýikligi iki tirsek bolsun. Ony dörtburç edip, şahlary bilen bir bitewi edip ýasaň+.  Üstüni, gapdallaryny we şahlaryny sap altyna gaplaň. Ýokary gyrasyny altyn bilen nagyşlaň.  Iki gapdalyna altyndan iki halka ýasap, nagşynyň aşagyna dakyň. Halkalar biri⁠-⁠biriniň garşysynda dursun. Ojagy götereniňizde, taýaklary halkalardan geçirersiňiz.  Taýaklary⁠-⁠da akasiýa agajyndan ýasap, altyna gaplaň.  Ojagy äht* sandygyny+ ýapyp duran tutynyň öňünde goýuň. Äht sandygynyň gapagynyň üstünde saňa görnerin+.  Harun+ her gün irden şemleri+ taýynlamaga gelende, ojagyň üstünde+ ýakymly ysly tütetgi+ ýaksyn.  Agşamara* şemleri ýakanda⁠-⁠da, tütetgi ýaksyn. Siz nesilden⁠-⁠nesle Ýehowanyň huzurynda hemişe tütetgi ýakmalysyňyz.  Tütetgi ojagynda başga hiç hili tütetgi ýakmaň+, ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýa şerap sadakasyny hödürlemäň. 10  Harun tütetgi ojagyny ýylda bir gezek günäden arassalasyn+. Harun onuň şahlaryna günä gurbanlygy üçin soýlan malyň ganyny çalsyn+. Muny ýylda bir gezek nesilden⁠-⁠nesle berjaý ediň. Tütetgi ojagy Ýehowa üçin örän mukaddesdir». 11  Soňra Ýehowa Musa: 12  «Ysraýyl erkeklerini hasaba alyp, ilat ýazuwyny+ geçirýän mahalyň, olaryň hersi öz jany üçin Ýehowa töleg tölesin. Şonda hasaba alynýan adamlaryň başyna betbagtçylyk inmez. 13  Hasaba alnanlar mukaddes çadyrda+ ulanylýan ölçeg bilen ýarym şekel* kümüş bersin. Bir şekel 12 grama* deň. Ýehowa üçin ýarym şekel berilmelidir+. 14  Hasaba alnanlaryň 20 ýaşdan ýokarylary Ýehowa sadaka bersin+. 15  Janyňyz üçin Ýehowa töleg töläniňizde, baýlar ýarym şekelden* artyk, garyplar bolsa kem bermesin. 16  Ysraýyllaryň günäleri üçin berýän kümüş pullaryny ýygnak çadyrynyň* işi üçin ulanyň. Şol pullar Ýehowanyň huzurynda ysraýyllaryň öz jany üçin töleg töländigini ýatladyp durar» diýdi. 17  Ýehowa ýene⁠-⁠de Musa ýüzlenip: 18  «Ýuwunmak üçin misden legen ýasaň+. Diregleri⁠-⁠de misden bolsun. Legeni ýygnak çadyry bilen gurbanlyk ojagynyň* arasynda goýup, içine suw guýuň+. 19  Harun bilen ogullary ondan el⁠-⁠aýagyny ýuwsun+. 20  Olar ýygnak çadyryna girende, Ýehowa ýakyp gurban bermek we hyzmat etmek üçin gurbanlyk ojagynyň golaýyna baranda, heläk bolmaz ýaly ýuwunsynlar. 21  Olar ölmez ýaly, el⁠-⁠aýagyny ýuwmalydyr. Harun bilen ogullary muny hemişelik kanun hökmünde nesilden⁠-⁠nesle berjaý etsin»+ diýdi. 22  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 23  «Ýakymly ysly zatlardan 500 şekel gatadylan mür*, onuň ýarym mukdarynda 250 şekel ýakymly ysly dalçyn, 250 şekel ýakymly ysly gamyş, 24  mukaddes çadyrda+ ulanylýan ölçeg bilen 500 şekel ýabany dalçyn we bir küýze* zeýtun ýagyny al. 25  Olary gowuja* garyp, mukaddes ýag ýasa+. Mukaddes ýag şeýle ýasalsyn. 26  Şol ýagdan ýygnak çadyryna+, äht* sandygyna, 27  stola we esbaplaryna, şemdana we esbaplaryna, tütetgi ojagyna, 28  gurbanlyk ojagyna we esbaplaryna, legene we direglerine çalyp, 29  mukaddes et. Şonda olar doly mukaddes bolar+. Olary ulanýan* adam hem mukaddes bolmalydyr+. 30  Harun+ bilen ogullarynyň+ başyna⁠-⁠da ýag guýup, ruhany bellemek üçin mukaddes et+. 31  Ysraýyllara aýt: „Şol ýag nesilden⁠-⁠nesle meniň üçin mukaddes ýag bolar+. 32  Hiç kim şeýle ýagy endamyna çalmasyn. Şoňa meňzeş edip hiç zat ýasamaň, sebäbi ol mukaddesdir. Ony hemişe mukaddes hasaplaň. 33  Kimde⁠-⁠kim şular ýaly ýag ýasasa ýa⁠-⁠da keseki adama* çalsa, halkyň arasyndan ýok edilsin*“»+. 34  Şondan soň Ýehowa Musa: «Hoşboý ysly zatlardan balzam, onika*, arpabadyýan we ladan* al. Hemmesiniň ölçegi deň bolsun+. 35  Olary gowy* garyp, duz sep⁠-⁠de+, tütetgi ýasa+. Tütetgi arassa we mukaddes bolmalydyr. 36  Tütetginiň bir bölegini owrat⁠-⁠da, birazajygyny ýygnak çadyryndaky äht* sandygynyň öňünde, saňa görünjek ýerimde goý. Tütetgi siz üçin örän mukaddes bolsun. 37  Özüňiz üçin şonuň ýaly tütetgi ýasamaň+. Ol Ýehowanyň mukaddes hasaplaýan zadydyr. 38  Şeýle tütetgini ýasap, ysgan adam halkyň arasyndan ýok edilsin» diýdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.
Ýa⁠-⁠da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Sözme⁠-⁠söz: 20 gera. Bir gera 0,57 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ussatlyk bilen.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.
Sözme⁠-⁠söz: Olara el degirýän.
Ýagny Harunyň neslinden bolmadyk adam.
Ýa⁠-⁠da: öldürilsin.
Ýewreýçe «şehelet». Nämedigi anyk belli däl. Hoşboý ysly ösümlikden ýa⁠-⁠da mollýusklardan alnan serişde bolmagy mümkin.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ussatlyk bilen.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.