Ikinji Musa 28:1—43

28  Ysraýyllaryň arasyndan doganyň Haruny+ we ogullary+ Nadaby, Abyhuwy+, Algazary, Ytamary+ saýlap al. Olar maňa ruhany bolup hyzmat etsin+.  Agaň Haruna üýtgeşik*, owadan, mukaddes eşik tikiň+.  Araňyzda işine ussat* adamlar bar. Olara akyl⁠-⁠paýhas berdim+. Goý, olar Haruna mukaddes eşik tikip bersinler. Harun maňa ruhany bolup hyzmat eder.  Olar şu zatlary tiksinler: gursakça+, öňlük*+, don*+, gözenek nagyşly köýnek, selle+ we guşak+. Doganyň Harun bilen ogullary maňa ruhany bolup hyzmat eder ýaly, olara şu mukaddes eşikleri tikip bersinler.  Olary altyndan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan* taýynlasynlar.  Öňlügi gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokap, altyn sapak bilen keşdelesinler+.  Öňlügiň öňüni⁠-⁠yzyny birleşdirýän iki eginligi bolsun.  Öňlügi berk saklar ýaly, guşak dokasynlar+. Ony hem altyn sapakdan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan edip, öňlüge berkitsinler.  Iki sany oniks daşy+ alyp, ýüzüne Ysraýylyň ogullarynyň adyny+ ýazyň. 10  Ýaşyna görä altysynyň adyny bir daşa, altysynyň adyny beýleki daşa ýazdyr. 11  Zergär möhüri oýup ýasaýşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň adyny iki daşa oýup ýazsyn+. Soňra olary altyn öýjüklere oturdyň. 12  Ysraýylyň ogullaryny ýatladyp durar ýaly, iki daşy öňlügiň eginligine berkidiň+. Harun Ýehowanyň huzurynda olaryň adyny ýatlama hökmünde iki egninde götermelidir. 13  Daşlary oturtmak üçin, altyndan öýjükler ýasaň. 14  Sap altyndan işilen iki zynjyr ýasap+, şol öýjüklere berkidiň+. 15  Zergäre höküm gursakçasyny⁠-⁠da+ ýasat. Ol hem öňlük ýaly altyndan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan bolsun+. 16  Gursakça iki epläniňde, dörtburç bolup, uzynlygy⁠-⁠da, ini⁠-⁠de bir garyş* bolsun. 17  Oňa dört setir edip gymmatbaha gaş oturdyň. Birinji setirde lagyl, topaz, zümerret, 18  ikinji setirde pöwrize, gök ýakut, ýaşma, 19  üçünji setirde leşem*, agat, ametist, 20  dördünji setirde bolsa zeberjet*, oniks we nefrit bolsun. Olary altyn öýjüklere oturdyň. 21  Gaşlar Ysraýylyň ogullarynyň adyna görä 12 sany bolsun. Möhüriň oýup ýasalyşy ýaly, her gaşa 12 taýpanyň biriniň adyny ýazyň. 22  Gursakça üçin sap altyndan işilen zynjyrlar ýasaň+. 23  Altyndan iki halka ýasap, olary gursakçanyň iki burçuna dakyň. 24  Altyndan ýasalan iki zynjyry gursakçanyň burçundaky iki halkadan geçiriň. 25  Iki zynjyryň ujuny öňlügiň eginligindäki iki öýjüge dakyň. Şonda gursakça öňlügiň öň tarapynda durar. 26  Altyndan iki halka ýasap, gursakçanyň aşaky burçlarynyň iç ýüzüne, öňlüge bakyp duran tarapyna berkidiň+. 27  Soňra altyndan ýene iki halka ýasap, olary öňlügiň öňüne, goltugynyň aşagyna berkidiň. Halkalar öňlügiň guşagynyň ýokarsynda dursun+. 28  Gursakça süýşmez ýaly, halkalaryny gök ýüp bilen öňlügiň halkalaryna daňyň. Şonda gursakça öňlügiň üstünde, guşagyň ýokarsynda durar. 29  Harun mukaddes otaga girende, höküm gursakçasyny döşüne daksyn. Şeýdip, Ysraýylyň ogullarynyň ady Ýehowanyň huzurynda hemişe ýatlanar. 30  Urym bilen tummymy*+ höküm gursakçasynyň içine sal. Harun Ýehowanyň huzuryna giren mahaly, olar döşünde bolmalydyr. Ýehowanyň huzuryna ysraýyllar bilen bagly meseläni çözmek üçin baranda, höküm gursakçasy hemişe Harunyň döşünde bolmalydyr. 31  Öňlügiň içinden geýer ýaly, gök ýüplükden don dokadyň+. 32  Oňa ýaka hem açyň. Donuň ýakasy esgerleriň sowudynyňky ýaly bolsun. Dokmaçy ýakanyň gyrasyny berkidip çyksyn, şonda ol ýyrtylmaz. 33  Gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden we gyrmyzy ýüplükden naryň şekillerini ýasap, donuň etegine aýlap çykyň. Olaryň aralaryna⁠-⁠da altyn jaňjagazlar dakyň. 34  Altyn jaňjagazlar bilen nar şekillerini donuň etegine gezekleşdirip dakyň. 35  Harun dony ruhany bolup hyzmat edende geýsin. Harun mukaddes çadyra, Ýehowanyň huzuryna girende⁠-⁠çykanda, jaňjagazlaryň sesi eşidilip durmalydyr, şonda ol ölmez+. 36  Sap altyndan lowurdap duran maňlaýlyk ýasap, ýüzüne möhüre ýazylyşy ýaly oýup: „Ýehowa mukaddesdir“* diýip ýazyň+. 37  Maňlaýlygy gök ýüp bilen selläniň+ öňüne berkidiň. 38  Ol Harunyň maňlaýyna dakylgy bolsun. Ysraýyllardan biri Hudaýa bagyş edilen mukaddes sadakalara garşy günä etse+, Harun muny öz üstüne alar. Ýehowa günä eden adama rehim eder ýaly, Harun maňlaýlygyny aýyrmasyn. 39  Gözenek nagyşly köýnek bilen selle nepis zygyrdan dokalsyn. Soňra bir guşak hem dokat+. 40  Harunyň ogullary+ üçin hem üýtgeşik*, owadan köýnek+, guşak we selle tikdir. 41  Olary doganyň Harun bilen ogullaryna geýdir. Olaryň başyna ýag guýup, mukaddes et⁠-⁠de+, ruhanym edip belle+. 42  Uýat ýerlerini ýapmak üçin, bilinden dyzyna çenli zygyr matadan balak*+ tikdir. 43  Harun bilen ogullary ýygnak çadyryna* girende ýa⁠-⁠da mukaddes ýere, gurbanlyk ojagynyň* ýanyna baranda, günä galyp, ölmez ýaly, şol eşikleri geýmelidir. Olar muny nesilden⁠-⁠nesle berjaý etsin.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: şöhratly.
Sözme⁠-⁠söz: akyldar ýürekli.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ýeňsiz don.
Sözlüge serediň.
Bir garyş takmynan 22,2 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Nähili daşdygy anyk belli däl. Ýantar, giasint, opal ýa⁠-⁠da turmalin daşy bolmagy mümkin.
Ýa⁠-⁠da: hrizolit. Sary ýa⁠-⁠da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.
Sözlüge serediň: Urym we tummym.
Ýa⁠-⁠da: Mukaddeslik Ýehowa mahsusdyr.
Sözme⁠-⁠söz: şöhratly.
Ýa⁠-⁠da: içki geýim.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.