Ikinji Musa 25:1—40

25  Ýehowa Musa şeýle diýdi:  «Ysraýyllara aýt, maňa sadaka bersinler. Her kimiň göwnünden çykaryp beren sadakasyny alyň+.  Olardan şu zatlary sadaka hökmünde ýygnaň: altyn+, kümüş+, mis+,  gök ýüplük, badam reňkli ýüň, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr*, geçi ýüňi,  gyzyl reňke boýalan goç derisi, düwleniň* derisi, akasiýa agajy+,  şem üçin ýag+, mukaddes ýag+ bilen hoşboý ysly tütetgi üçin balzam+,  öňlüge*+ we gursakça dakylýan oniks hem⁠-⁠de gymmatbaha gaşlar+.  Olar maňa sežde etmek üçin mukaddes çadyr gursun. Men olaryň arasynda mesgen tutaryn+.  Çadyry we içindäki ähli zady görkezjek nusgama görä ýasaň+. 10  Akasiýa agajyndan sandyk ýasaň. Uzynlygy iki ýarym, ini bir ýarym, beýikligi hem bir ýarym tirsek* bolsun+. 11  Sandygy tutuşlygyna sap altyna gapla+. Içine⁠-⁠daşyna altyn çaýyp, agzynyň daş⁠-⁠töweregine altyndan nagyş sal+. 12  Sandyga altyndan dört halka ýasap, her aýagynyň ýokarsyna berkit. Iki halka sandygyň bir tarapynda, ikisi beýleki tarapynda bolsun. 13  Akasiýa agajyndan uzyn taýaklary ýasap, olary⁠-⁠da altyna gapla+. 14  Sandygy göterer ýaly, taýaklary gapdalyndaky halkalardan geçir. 15  Sandygyň taýaklary hemişe halkalara geýdirilgi dursun, olary çykarmaň+. 16  Tabşyryklarymy daşlara ýazyp bererin, olary* äht sandygynda goý+. 17  Sandyga sap altyndan gapak ýasa. Uzynlygy iki ýarym, ini bir ýarym tirsek bolsun+. 18  Gapagyň iki tarapyna altyny çekiçläp, iki kerup ýasa+. 19  Keruplaryň hersini gapagyň bir gyrasynda goýuň. 20  Ganatlary ýokarlygyna ýaýylyp, gapaga kölege salsyn+. Keruplary biri⁠-⁠biriniň garşysynda goýuň, ýüzleri hem aşak* bakyp dursun. 21  Tabşyryklarymy daşlara ýazyp bererin, olary* sandyga sal⁠-⁠da, gapagyny ýap+. 22  Men gapagyň ýokarsynda görnüp, seniň bilen gepleşerin+. Äht* sandygynyň üstündäki iki kerubyň arasyndan ysraýyllara tabşyryklarymy aýdaryn. 23  Akasiýa agajyndan stol+ hem ýasa. Uzynlygy iki, ini bir, beýikligi bir ýarym tirsek bolsun+. 24  Stoly tutuşlygyna sap altyna gaplap, gyrasyna altyndan nagyş sal. 25  Stoluň gyrasyna ini dört barmak* germew aýla⁠-⁠da, daşyny altyn bilen nagyşla. 26  Altyndan dört halka ýasap, stoluň dört çüňküne, her aýagynyň birigýän ýerine berkit. 27  Stoly taýak bilen göterer ýaly, halkalary germewe ýakyn edip oturdyň. 28  Taýaklary hem akasiýa agajyndan ýasap, altyna gapla. Stoly taýak bilen göteriň. 29  Şeýle⁠-⁠de sap altyndan jamlary, käseleri, şerap sadakalary üçin küýzeleri we tabaklary ýasa+. 30  Huzurymda stoluň üstünde hemişe hödür çöreklerini goýuň+. 31  Altyny çekiçläp, sap altyndan şemdan+ ýasa. Onuň düýbi, ortaky diregi, şahalary, gülkäseleri, gunçalary we gülleri bir bitewi bolsun+. 32  Şemdanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, jemi alty şahasy bolsun. 33  Her şahasynda badam gülüne meňzeş üç gülkäsesi, aralarynda gunçalary we gülleri bolsun. Şemdanyň ortaky direginden çykýan alty şahanyň hemmesi birmeňzeş ýasalsyn. 34  Şemdanyň ortaky direginde badam gülüne meňzeş dört gülkäsesi, aralarynda⁠-⁠da gunçalary we gülleri bolsun. 35  Ortaky direge jemi alty şaha birikmelidir. Her iki şahasynyň aşagynda bir gunça bolsun. 36  Şemdany gunçalary, şahalary bilen tutuşlygyna bir bitewi edip, sap altyndan çekiçläp ýasa+. 37  Şemdana ýedi şem ýasa. Şemler ýakylanda, şemdanyň öňüne ýagty saçyp dursun+. 38  Gysgyçlary we külatarlary⁠-⁠da sap altyndan bolsun+. 39  Şemdan we onuň ähli gap⁠-⁠gaçlary bir batman* sap altyndan ýasalsyn. 40  Ählisini dagda görkezilen nusga boýunça ýasa+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Şaýatlyk hökmünde berjek daşlarymy.
Ýa⁠-⁠da: gapaga.
Ýa⁠-⁠da: Şaýatlyk hökmünde berjek daşlarymy.
Sözme⁠-⁠söz: Şaýatlyk.