Ikinji Musa 24:1—18

  • Halk ähti berjaý etjekdigini söz berýär (1—11)

  • Musa Sinaý dagynda (12—18)

24  Ýehowa Musa: «Haruny, Nadaby, Abyhuwy+ we 70 ýaşulyny alyp, ýanyma daga çyk. Uzagrakda durup, maňa sežde ediň.  Ýöne Ýehowanyň huzuryna ýeke özüň gel, beýlekiler golaýlaşmasyn. Halk seniň bilen daga çykmasyn»+ diýdi.  Musa gelip, Ýehowanyň ähli sözlerini we hökümlerini halka ýetirdi+. Olar hem biragyzdan: «Ýehowanyň ähli tabşyrygyny berjaý ederis»+ diýdiler.  Musa Ýehowanyň hemme sözlerini ýazyp aldy+. Ertesi ir bilen turup, dagyň eteginde gurbanlyk ojagyny* gurdy⁠-⁠da, ysraýyl halkynyň 12 taýpasyna görä, 12 daşy ýadygärlik edip goýdy.  Soňra ysraýyl ýigitlerinden käbirini saýlap, Ýehowa ýakma gurbanlyklary we öküzlerden parahatlyk gurbanlyklary+ bermegi tabşyrdy.  Musa gurbanlyklaryň ganynyň ýarysyny jamlara guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk ojagynyň üstüne sepdi.  Soňra äht kitabyny alyp, halka okap berdi+. Olar hem: «Ýehowanyň ähli tabşyrygyny berjaý edip, tabyn bolarys»+ diýdiler.  Musa gany alyp, halkyň üstüne sepdi⁠-⁠de+: «Şu kitapda ýazylan sözleriň esasynda Ýehowa siz bilen äht baglaşýar. Üstüňize sepen ganym ähti güýje girizýär»+ diýdi.  Musa, Harun, Nadap, Abyhuw we halkyň 70 ýaşulusy daga çykyp, 10  Ysraýyl Hudaýyny gördüler+. Hudaýyň aýagynyň astyna ýakut daşyna we asmana meňzeş dup⁠-⁠dury zat düşelendi+. 11  Hudaý ysraýyl ýolbaşçylaryny heläk etmedi+. Olar görnüşde* hak Hudaýy görüp, iýip içdiler. 12  Ýehowa Musa: «Ýokarrak çyk⁠-⁠da, huzuryma gel. Halka öwreder ýaly, kanunlarymy we tabşyryklarymy daş böleklerine ýazyp bereýin»+ diýdi. 13  Musa kömekçisi Ýuşa+ bilen ýerinden turup gitdi. Şeýdip, Musa hak Hudaýyň dagyna çykdy+. 14  Ol ysraýyl ýaşulularyna: «Biz gelýänçäk, bärde garaşyň+. Harun bilen Hur+ ýanyňyzda galar. Bir mesele ýüze çyksa, şolara ýüz tutaýyň»+ diýdi. 15  Musa ýokaryk çykan badyna, dagy bulut gurşap aldy+. 16  Sinaý dagy+ Ýehowanyň şöhratyndan dolupdy+. Dagyň üstüni alty günläp bulut örtdi. Ýedinji gün Hudaý buludyň içinden Musa ýüzlendi. 17  Ýehowanyň şöhratyny synlaýan ysraýyllara dagyň depesinde ot lowlap ýanýan ýaly bolup görünýärdi. 18  Musa buludyň içine girip, daga çykdy+. Ol 40 gije⁠-⁠gündizläp dagda boldy+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.