Ikinji Musa 23:1—33

  • Ysraýyllara berlen kada⁠-⁠kanunlar (1—19)

    • Dogruçyllyk we adalatlylyk (1—9)

    • Sabat güni we baýramçylyklar (10—19)

  • Ysraýyllary goraýan perişde (20—26)

  • Ýurdy eýelemek we çäk goýmak (27—33)

23  Ýalan gep⁠-⁠gürrüň ýaýratmaň+. Erbet adama şärik bolup, ýalan şaýatlyk etmäň+.  Köpçülige goşulyp, erbetlik etmäň. Şaýatlyk edeniňizde, köpçüligiň tarapyny tutup, adalatsyzlyk etmäň.  Garybyň dawasyny çözeniňizde, adam saýlamaň+.  Duşmanyň ýiten öküzini ýa eşegini tapsaň, eltip ber+.  Sizi ýigrenýän adamyň eşeginiň agyr ýükden ýaňa çökendigini görseňiz, görmediksirän bolup geçip gitmäň. Eşeginden ýüküni düşürişiň+.  Garyp⁠-⁠gasarlaryň işine seretseňiz, adalatsyzlyk etmäň+.  Hiç kime töhmet atmaň, bigünä we halal* adamy öldürmäň, sebäbi men beýle erbetlige göz ýummaryn*+.  Para almaň, sebäbi para paýhasly adamyň⁠-⁠da gözüni gapýandyr, dogruçyl adama⁠-⁠da ýalan sözledýändir+.  Gelmişege sütem etmäň. Ýat ýurtda sergezdan bolmagyň kyndygyny gowy bilýänsiňiz, sebäbi siz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz+. 10  Alty ýyl ekin ekip, hasyl alyň⁠-⁠da+, 11  ýedinji ýyl hiç zat ekmäň, topraga dynç beriň. Şol ýyl öz⁠-⁠özünden gögeren zady garyp⁠-⁠gasarlar iýer, olardan galany bolsa ýabany haýwanlara iýmit bolar. Üzüm we zeýtun baglaryňyzy hem şeýle ediň. 12  Alty gün işläp, ýedinji gün dynç alyň+. Şonda öküzleriňize, eşekleriňize dynç berersiňiz, gullaryňyz* bilen araňyzdaky gelmişekler hem güýç toplar. 13  Ähli tabşyryklarymy gyşarnyksyz berjaý ediň+. Araňyzda başga taňrylary agzamaň, adyny⁠-⁠da tutmaň+. 14  Ýylda üç gezek meniň şanyma baýramçylyk belläň+. 15  Petir baýramyny+ belläp, tabşyryşym ýaly, ýedi günläp petir* iýiň. Muny abyp* aýynda+ bellenen wagtda ediň, sebäbi Müsürden şol aýda çykypdyňyz. Hiç kim huzuryma eli boş gelmesin+. 16  Topraga zähmet siňdirip eken zatlaryňyzyň ilkinji hasylyny alyp, Galla baýramyny* belläň+. Ýylyň ahyrynda bolsa daban azabyňyzdan önen hasyly ýygnap, Hasyl baýramyny* belläň+. 17  Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek beýik Hökümdar Ýehowanyň huzuryna gelsin+. 18  Maňa gurbanlyk berilýän malyň ganyny hamyrmaýaly zat bilen hödürlemäň. Baýramçylyklarda berilýän gurbanlygyň ýagy ertire galmasyn. 19  Ekiniň ilkinji gowy miwelerini Ýehowa Hudaýyňyzyň öýüne getiriň+. Owlagy enesiniň süýdünde gaýnatmaň+. 20  Ine, öňüňizden perişdämi iberýärin+. Ol sizi ýolboýy gorap, taýýarlan ýerime elter+. 21  Ony ünsli diňläp, aýdanyna gulak asyň. Oňa garşy çyksaňyz, etmişiňizi bagyşlamaz+, sebäbi ol meniň adymy göterýär. 22  Eger onuň sözünden çykman, ähli zady aýdyşym ýaly etseňiz, duşmanlaryňyza duşman bolup, size garşy çykýanlara garşy çykaryn. 23  Perişdäm öňüňize düşüp, sizi amorlaryň, hetleriň, perizleriň, kenganlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna äkider. Men şol milletleri gyraryn+. 24  Olaryň taňrylaryna tagzym etmäň, sežde etmäň*, däp⁠-⁠dessurlaryna⁠-⁠da eýermäň+. Gaýtam butlaryny ýok edip, keramatly sütünlerini kül⁠-⁠owram ediň+. 25  Ýehowa Hudaýyňyza gulluk etseňiz+, men iýjek⁠-⁠içjegiňizi ýetirip duraryn+, keselçiligi araňyzdan aýraryn+. 26  Ýurduňyzda ýaşaýan aýallaryň hiç biriniň çagasy düşmez ýa önelgesiz bolmaz+. Size uzak ömür bererin. 27  Siz heniz barmankaňyz, şol ýurtda ýaşaýan halklary menden gorkar ýaly ederin+. Size garşy çykan halklary aljyraňňylyga salaryn, duşmanlaryňyzy gyrgyna berip, aýagaldygyna gaçar ýaly ederin+. 28  Ol ýere barmankaňyz, duşmanlaryňyzy güýçden gaçyryp*+, hiwileri, kenganlary we hetleri öňüňizden kowup çykararyn+. 29  Ýöne muny bir ýylyň içinde etmerin. Sebäbi ýurt ilatsyz galsa, ýyrtyjy haýwanlardan dolup, ýaşar ýaly bolmaz+. 30  Siz köpelip, tutuş ýurdy eýeleýänçäňiz, duşmanlary ýuwaş⁠-⁠ýuwaşdan kowup çykararyn+. 31  Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine* we çölden Ýewfrat derýasyna çenli aralyga çäk goýaryn+. Şol ýerdäki ähli halklary eliňize bererin, olary kowup çykararsyňyz+. 32  Olaryň özleri bilen⁠-⁠de, taňrylary bilen⁠-⁠de äht baglaşmaň+. 33  Olar ýurduňyzda ýaşamasyn, ýogsam size günä etdirerler. Eger olaryň taňrylaryna sežde etseňiz, olar size duzak bolar»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: hudaýhon; dogruçyl.
Ýa⁠-⁠da: erbet adamy aklamaryn.
Sözme⁠-⁠söz: gyrnagyňyzyň ogly.
Ýa⁠-⁠da: hamyrmaýasyz çörek.
Hepdeler baýramy ýa⁠-⁠da Pentikost hem diýilýär.
Çatma baýramy hem diýilýär.
Ýa⁠-⁠da: aldanyp, sežde etmäň.
Başga manysy: galagoplyga düşürip; howsala salyp.
Ýagny Ortaýer deňzi.