Ikinji Musa 16:1—36

  • Halk çörek sorap igenýär (1—3)

  • Ýehowa olaryň hüňürdisini eşidýär (4—12)

  • Bedene we manna (13—21)

  • Sabat güni manna tapmaýarlar (22—30)

  • Ýadygärlik üçin manna (31—36)

16  Soňra tutuş ysraýyl jemagaty Elimden ýola düşdi. Müsürden çykyp gaýdanlaryna bir aý bolanda, ýagny ikinji aýyň 15⁠-⁠ne Elim bilen Sinaýyň aralygyndaky Sin çölüne+ bardylar.  Çölde ysraýyl jemagaty Musa bilen Haruna igenip başlady+.  Olar: «Halky açlykdan öldürmek üçin çöle getirdiňizmi? Müsürde gazanlarymyz etden doludy+, çöregimiz boldy. Ýehowanyň elinden şol ýerde ölen bolsagam gowy bolardy»+ diýişdiler.  Şonda Ýehowa Musa: «Size gökden çörek ýagdyraryn+. Goý, her kim çykyp, gündeki+ iýjegini ýygnasyn. Hany göreli, olar meniň aýdanlaryma gulak asarmyka?+  Altynjy gün+ beýleki günlerden iki esse köp ýygnap, ertesi günüňkini hem alyp goýsunlar»+ diýdi.  Musa bilen Harun halka: «Şu gün agşam sizi Müsürden çykaran Hudaýyň Ýehowadygyny bilersiňiz+.  Irden bolsa Ýehowanyň şöhratyny görersiňiz. Ýehowa hüňürdiňizi eşitdi. Bize hüňürdär ýaly, biz kim?» diýdiler.  Musa sözüni dowam edip: «Ýehowa size agşam et, irdenem çörek berer, hezil edip iýersiňiz. Şonda Ýehowanyň igenjiňizi eşidendigini bilersiňiz. Biz kimmişik? Siz bize däl, Ýehowa igenýäňiz»+ diýdi.  Soňra Musa Haruna: «Ysraýyl jemagatyna şeýle diý: „Ýehowanyň huzuryna ýygnanyň, sebäbi ol igenjiňizi eşitdi“»+ diýdi. 10  Harun ysraýyl jemagaty bilen gepleşip bolan badyna, olar öwrülip, çöle seretdiler. Şonda buludyň içinde Ýehowanyň şöhraty peýda boldy+. 11  Ýehowa ýene⁠-⁠de Musa bilen gepleşip: 12  «Ysraýyllaryň hüňürdisini eşitdim+. Olara şeýle diý: „Agşamara* et, irden bolsa gerk⁠-⁠gäbe doýýançaňyz çörek iýersiňiz+. Şonda siz meniň Hudaýyňyz Ýehowadygymy bilersiňiz“»+ diýdi. 13  Agşamara düşelgä birgiden bedene uçup geldi+. Irden bolsa düşelgäniň töweregine çyg düşdi. 14  Biraz wagtdan çyg bugaryp, ýerde gar ýaly, gyrawa meňzeş owunjak zat galdy+. 15  Muny gören ysraýyllar: «Bu näme⁠-⁠de, bu näme?» boluşdylar. Sebäbi beýle zady hiç wagt görmändiler. Musa olara: «Bu Ýehowanyň beren çöregi+. 16  Ýehowa şeýle tabşyryk berýär: „Her kim iýip biljegini ýygnasyn. Her çadyrda näçe adam bar bolsa, hersine bir jamdan*+ alyň“» diýdi. 17  Ysraýyllar aýdylyşy ýaly ýygnap başladylar. Kimsi köpräk, kimsi azrak ýygnady. 18  Jam bilen ölçänlerinde, köp ýygnan adamlaryňky artyk çykmady, az ýygnanlaryňky kem bolmady+, sebäbi her kim iýjegini ýygnapdy. 19  Musa olara: «Şu günki ýygnanyňyzdan ertire hiç zat galmasyn»+ diýdi. 20  Emma käbir adamlar Musa gulak asman, ertesi güne⁠-⁠de galdyrdylar. Ol bolsa gurçuklap, porsady. Muny gören Musanyň olara gahary geldi. 21  Şeýlelikde, her kim ir bilen turup, özüne geregini ýygnaýardy. Gün gyzanda, ol ereýärdi. 22  Altynjy gün adam başyna iki jam edip, iki esse köp ýygnadylar+. Halkyň baştutanlary gelip, muny Musa habar berdiler. 23  Şonda ol: «Ýehowa şeýle diýýär: „Ertir hiç hili iş etmän, dynç alarsyňyz, sebäbi ertir Ýehowanyň mukaddes Sabat güni*+ bolar. Näme biş⁠-⁠düş+ etjek bolsaňyz, şu gün ediň. Bişiren zatlaryňyzdan ertire⁠-⁠de aýryp goýuň“» diýdi. 24  Olar Musanyň aýdyşy ýaly, bişiren zatlaryndan ertesi güne hem goýdular. Emma ol ne porsady, ne⁠-⁠de gurçuklady. 25  Soňra Musa: «Aýryp goýan zatlaryňyzy iýiberiň. Sebäbi bu gün Ýehowanyň Sabat günüdir. Şu gün ýerden hiç zat tapmarsyňyz. 26  Ony alty gün ýygnarsyňyz. Ýedinji gün, ýagny Sabat güni+ hiç zat tapmarsyňyz» diýdi. 27  Şonda⁠-⁠da käbir adamlar ýedinji gün ýygnamaga çykdylar, ýöne hiç zat tapmadylar. 28  Ýehowa Musa: «Siz haçana çenli meniň tabşyryklarymy we kanunlarymy bozup ýörjek?+ 29  Ýehowanyň size Sabat gününi berendigini unutmaň+. Ine, şonuň üçin ol altynjy gün iki günlük çörek berýär. Ýedinji gün her kim öýünde otursyn, hiç ýere çykmasyn» diýdi. 30  Şeýdip, halk ýedinji gün Sabat güni baradaky görkezmelere eýerip başlady+. 31  Ysraýyllar çörege «manna»* diýdiler. Ol kinzanyň tohumy ýaly akdy, bal goşup bişirilen ýukajyk gatlaklynyň tagamyny berýärdi+. 32  Musa halka: «Ýehowa şeýle tabşyryk berýär: „Bir jam mannany ýadygärlik üçin saklaň. Sizi Müsürden çykaryp, çölde beren çöregimi geljekki nesilleriňiz hem görsün“»+ diýdi. 33  Soňra ol Haruna: «Küýzä bir jam manna guý⁠-⁠da, nesilden⁠-⁠nesle saklar ýaly, Ýehowanyň huzurynda goý»+ diýdi. 34  Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, Harun mannany ýadygärlik edip saklamak üçin sandygyň*+ öňünde goýdy. 35  Ysraýyllar wada edilen ýurda girýänçäler+, 40 ýyllap+ manna iýdiler. Olar Kenganyň serhedine+ barýançalar, manna iýdiler. 36  Mannany ölçemek üçin ulanylan jam iki litre* barabardy.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Bir jam takmynan 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
«Bu näme?» diýmegi aňladýan bolmaly. Ýewreýçe «man hu?»
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlygyň. Wajyp hatlar, golýazmalar saklanan sandyk bolmagy mümkin.
Ýa⁠-⁠da: çuwalyň ondan bir bölegine deňdi. Bir çuwal 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.