Ikinji Musa 15:1—27

  • Musa bilen ysraýyllaryň ýeňiş aýdymy (1—19)

  • Merýemiň aýdymy (20, 21)

  • Ajy suw süýji suwa öwrülýär (22—27)

15  Şonda Musa bilen ysraýyllar Ýehowany wasp edip, şu aýdymy aýtdylar+: «Ýehowanyň şanyna aýdym aýdaýyn,Ol şöhratly ýeňiş gazandy+. Esgerleri atlary bilen deňze gapgardy+.   Ýah* güýjüm hem kuwwatym, ol meni halas eýledi+. Hudaýymy taryp edeýin+,Atamyň Hudaýyny+ arşa çykaraýyn+.   Ýehowa gaýduwsyz söweşiji+, Ýehowadyr onuň ady+.   Faraonyň arabalaryny, tutuş goşunyny deňze taşlady+.Men diýen esgerlerini Gyzyl deňze gark etdi+.   Deňiz tolkunlary olary ýalmap ýuwutdy.Çuňluga daş deýin çümüp gitdiler+.   Eý Ýehowa, çäksizdir sag goluň güýç⁠-⁠kuwwaty+,Eý Ýehowa, sag eliň mynjyradýar duşmany.   Çäksiz güýjüň bilen ýagylaryňy derbi⁠-⁠dagyn edýärsiň+,Otly gazabyň bilen saman deý küle öwürýärsiň.   Haýbatly demiňden suw bir ýere toplandy,Diwar kimin dik ýokary göterildi.Möwç urýan suwlar deňziň jümmüşinde doňdy.   Duşman diýdi: „Yzlaryndan kowup, ele salaryn! Oljadan gerk⁠-⁠gäbe bolaryn! Gylyjymy syryp, baryny gyraryn!“+ 10  Ýöne demiň bilen olary deňze gapgardyň+,Dolup⁠-⁠daşýan suwa gurşun kimin çökerdiň. 11  Eý Ýehowa, taňrylar içinde barmy saňa taý?!+ Mukaddes Hudaý barmy seniň deý?!+ Geň⁠-⁠enaýy işleriň alkyşa, şöhrata mynasyp Hudaý!+ 12  Sag eliňi uzatdyň, duşmany ýer ýuwutdy+. 13  Wepaly söýgiň* bilen halkyňy azat etdiň, ýol görkezdiň+,Beýik güýjüň bilen olary mukaddes ýurduňa eltersiň. 14  Muny eşiden milletler+ sandyrar.Pilişt iliniň zähresi ýarylar*. 15  Edom emirleri* galagoplyga düşer,Mowabyň güýçli* hökümdarlary gorkudan titrär+, Kengan ilinde güýç⁠-⁠gurbat galmaz+. 16  Olary gorky hem howsala gaplar+. Eý Ýehowa, halkyň geçip gidýänçä,Saýlap⁠-⁠seçen halkyň+ geçýänçä+,Gudratly goluňdan gorkup, doňňaradaşa döner. 17  Halkyňy getirip, öz dagyňda oturdarsyň*+.Eý Ýehowa, olary özüň üçin goýan ýeriňe,Öz eliň bilen taýýarlan mukaddes ýurduňa eltersiň, eý Ýehowa. 18  Ýehowa baky hem ebedi höküm sürer+. 19  Deňze tarap okdurylanda faraonyň goşuny*+,Üstlerinden inderdi Ýehowa deňiz suwuny+.Emma gury ýerden geçdi ysraýyl halky»+. 20  Şonda Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Ähli aýallar hem oňa goşulyp, deprek çalyp, tans edip başladylar. 21  Merýem erkek adamlaryň aýdymyna jogap berip: «Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyň,Ol şöhratly ýeňiş gazandy+. Esgerleri atlary bilen deňze gapgardy»+ diýdi. 22  Soňra Musa ysraýyllary Gyzyl deňizden Şur çölüne alyp gaýtdy. Olar çölüň içi bilen üç gün ýörediler, emma hiç ýerde suw ýokdy. 23  Biraz wagtdan Marra*+ baryp ýetdiler. Ýöne ol ýeriň suwy ajy bolansoň, içip bilmediler. Şonuň üçin şol ýere Marra diýdiler. 24  Adamlar: «Biz indi suwsuz öläýmelimi?» diýip, Musa igenip başladylar+. 25  Şonda Musa Ýehowadan kömek sorady+. Ýehowa hem bir kiçiräk agajy görkezdi. Musa agajy suwa taşlady welin, suw süýji suwa öwrüldi. Şol ýerde Hudaý halky üçin belli bir tertip⁠-⁠düzgüni ýola goýup, haýsy ýagdaýda nähili temmi beriljekdigini düşündirdi. Ol halkynyň ýüregini bilmek isledi*+. 26  Hudaý olara: «Eger Ýehowa Hudaýyňyzyň sözlerine ýürekden gulak assaňyz, öňümde dogry işleri etseňiz, tabşyryklaryma ünsli bolup, düzgünlerime eýerseňiz+, sizi müsürlileriň başyna gelen bela⁠-⁠beterlere duçar etmerin+. Men size jan⁠-⁠saglyk berýän Hudaýyňyz Ýehowadyryn»+ diýdi. 27  Şondan soň olar Elime baryp, çeşmäniň boýunda düşlediler. Ol ýerde 12 çeşme bilen 70 palma agajy bardy.

Çykgytlar

«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: burgusy tutar.
Taýpa baştutanlary göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: rehimsiz; zalym.
Sözme⁠-⁠söz: mirasyň bolan dagda ekersiň.
Sözme⁠-⁠söz: söweş arabaly atlary we atlylary.
Manysy: Ajy.
Ýa⁠-⁠da: barlady; synady.