Ikinji Musa 11:1—10

  • 10⁠-⁠njy jeza yglan edilýär (1—10)

    • Ysraýyllar goňşy⁠-⁠golamyndan zat soraýar (2)

11  Ýehowa Musa: «Faraona we müsürlilere ýene bir jeza bererin. Şondan soň faraon sizi goýberer+, öz eli bilen kowup çykarar+.  Ysraýyllara aýt, goý, olaryň hersi goňşy⁠-⁠golamyndan altyn⁠-⁠kümüş sorasyn»+ diýdi.  Ýehowa müsürlileri ysraýyllara hormat goýar ýaly etdi. Musa⁠-⁠da Müsürde faraonyň emeldarlarynyň we halkyň arasynda at⁠-⁠abraýa eýe boldy.  Soňra Musa faraona: «Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Ýarygijä golaý Müsüre aýlanyp çykaryn+.  Şonda ähli müsürlileriň nowbahar ogly öler+. Şa tagtynda oturan faraondan başlap, degirmen başynda oturan gyrnaga çenli hemmesiniň nowbahar ogly öler. Mallaryň⁠-⁠da ilkinji doglany heläk bolar+.  Tutuş Müsür halky dady⁠-⁠perýat eder. Beýle dady⁠-⁠perýat ne bolandyr, ne⁠-⁠de bolar+.  Emma ysraýyllara we mal⁠-⁠garasyna hiç zat bolmaz, olara hatda it hem üýrmez. Şonda Ýehowanyň ysraýyllary müsürlilerden aýry tutýandygyny bilersiňiz“+.  Ähli emeldarlaryň gelip, öňümde dyza çöker⁠-⁠de: „Halkyňy al⁠-⁠da, bärden git“+ diýerler. Şonda men giderin» diýdi. Musa sözüni tamamlap, gahar⁠-⁠gazap bilen faraonyň huzuryndan çykyp gaýtdy.  Ýehowa Musa: «Faraon size gulak asmaz+. Men bolsa Müsürde ýene⁠-⁠de gudrat görkezerin»+ diýdi. 10  Musa bilen Harun faraonyň öňünde ençeme gudratlary görkezdi+. Emma Ýehowa faraony doňýürek edeni üçin, ol ysraýyllary ýurtdan goýbermedi+.

Çykgytlar