Ikinji Musa 10:1—29

  • 8⁠-⁠nji jeza: çekirtgeler (1—20)

  • 9⁠-⁠njy jeza: tüm⁠-⁠garaňkylyk (21—29)

10  Soňra Ýehowa Musa: «Faraonyň ýanyna git. Men faraony we hyzmatkärlerini doňýürek etdim+, sebäbi olara gudratymy görkezmek isleýärin+.  Senem Müsüriň başyndan inderen bela⁠-⁠beterlerimi, olara görkezen gudratlarymy ogullaryňa we agtyklaryňa gürrüň berersiň+. Hemmäňiz meniň Ýehowadygyma göz ýetirersiňiz» diýdi.  Musa bilen Harun faraonyň huzuryna baryp, şeýle diýdiler: «Ysraýyllaryň* Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sen haçana çenli maňa garşy gitjek?+ Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber.  Halkymy goýbermeseň, ertir ýurduňa çekirtge ýagdyraryn.  Çekirtgeler tutuş ýurdy eýelär, olardan ýaňa aýak basara ýer bolmaz. Olar jöwenekden* galan ekiniňizi, agaçlaryňyzy ýalmap ýuwudar+.  Seniň, hyzmatkärleriň, ähli müsürlileriň öýi çekirtgeden dolar. Beýle zady hatda ata⁠-⁠babalaryňyz hem gören däldir“»+. Musa bulary aýdyp, faraonyň huzuryndan çykyp gaýtdy.  Faraonyň emeldarlary: «Ol adam bizi kösäp ýör*. Ysraýyllary goýber, gidip, Ýehowa Hudaýyna sežde etsin. Göreňokmy, Müsür weýran bolup barýar!» diýdiler.  Şonda faraon Musa bilen Haruny yzyna çagyrdyp: «Baryň, gidiň⁠-⁠de, Ýehowa Hudaýyňyza sežde ediň. Kimleri äkitjek bolýaňyz?» diýdi.  Musa: «Garry⁠-⁠ýaş, ogul⁠-⁠gyz, aýal⁠-⁠erkek diýmän, barymyz gideris, mal⁠-⁠garamyzy⁠-⁠da äkideris+. Sebäbi Ýehowanyň şanyna baýram etjek bolýarys»+ diýip jogap berdi. 10  Şonda faraon: «Näme, çaga⁠-⁠çugalaryňyz bilen goýberäýerin öýdýäňizmi? Hany göreli, Ýehowa size kömek edermikä?+ Niýetiňiz⁠-⁠ä düzüw däl! 11  O diýeniňiz bolmaz! Ýehowa sežde etjegiňiz çyn bolsa, diňe erkekleriňiz gitsin» diýip, olary kowup goýberdi. 12  Ýehowa Musa: «Eliňi Müsüre tarap uzat. Şonda çekirtge ýagar, olar Müsürdäki gök oty we jöwenekden galan ähli ekini ýalmap ýuwudar» diýdi. 13  Musa dessine hasasyny Müsüre tarap uzatdy. Ýehowa şol gün gijesi bilen gündogardan ýel öwüsdirdi. Irden turup görseler, gündogardan öwsen ýeliň ugruna birgiden çekirtge gelipdir. 14  Çekirtgeler Müsüriň çar tarapyna ýaýrap, tutuş ýurdy eýeledi+. Ýurt elhenç ýagdaýa düşdi+, beýle köp çekirtge görlüp⁠-⁠eşidilen zat däldi*. 15  Tutuş ýurdy çekirtge basdy. Çekirtgeden ýaňa ýeriň ýüzi gap⁠-⁠gara bolup görünýärdi. Olar jöwenekden galan ähli bag⁠-⁠bakjalary we agaçlaryň miwesini ýalmap ýuwutdylar. Agaçlarda ýaprak, ekinlerde gök ot galmady. 16  Faraon dessine Musa bilen Haruny çagyryp: «Men size we Ýehowa Hudaýyňyza garşy günä etdim. 17  Ýalbarýaryn, şu gezeklikçe günämi geçiň. Elhenç betbagtçylygyň aýrylmagy üçin Ýehowa Hudaýyňyza dileg edäýiň» diýdi. 18  Ol* hem faraonyň huzuryndan çykyp, Ýehowa dileg etdi+. 19  Şonda Ýehowa ýeliň ugruny üýtgetdi we günbatardan güýçli ýel öwüsdirip, çekirtgeleri Gyzyl deňze taşlady. Müsürde ýekeje çekirtge⁠-⁠de galmady. 20  Emma Ýehowa faraony doňýürek etdi+. Faraon ýene⁠-⁠de ysraýyllary goýbermedi. 21  Ýehowa Musa: «Eliňi göge galdyr. Goý, Müsür ýurduny garaňkylyk, tüm⁠-⁠garaňkylyk gaplap alsyn» diýdi. 22  Musa derrew elini göge galdyrdy. Şonda Müsürde üç günläp tüm⁠-⁠garaňkylyk boldy+. 23  Adamlar biri⁠-⁠birini görüp bilmediler. Üç günläp hiç kim öýünden çykmady. Ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolsa ýagtydy+. 24  Faraon Musany çagyryp: «Baryň, Ýehowa sežde etmäge gidiň+. Çagalaryňyzy hem äkidiň, ýöne mal⁠-⁠garaňyz bärde galsyn» diýdi. 25  Musa: «Ýehowa Hudaýymyza ýakma gurbanlyklary hödürlär ýaly, gurbanlyk üçin mal bermeseň bolmaz*+. 26  Mal⁠-⁠garamyzy alyp gideris, Ýehowa Hudaýymyza gurbanlyk bermek üçin mal⁠-⁠gara gerek bolar. Ýehowa näme gurbanlyk beriljegi entek belli däl, baranymyzdan soň biläýmesek» diýip jogap berdi. 27  Ýöne Ýehowa faraony doňýürek etdi. Faraon ysraýyllary goýbermek islemedi+. 28  Ol Musa: «Gümüňi çek! Gaýdyp gözüme görünme! Ýene geläýseň, ýoguňa ýanaryn!» diýdi. 29  Şonda Musa: «Bolýar, gaýdyp gözüňe görünmerin» diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Ýewreýleriň.
Ýa⁠-⁠da: doludan; buzdan.
Sözme⁠-⁠söz: bize haçana çenli duzak bolup ýörjekkä?
Ýa⁠-⁠da: ne bolandyr, ne⁠-⁠de bolar.
Musa göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: äkitmäge rugsat ber.