Ikinji Korinfliler 13:1—14

  • Duýduryş we öwüt⁠-⁠ündew (1—14)

    • «Özüňizi barlap duruň» (5)

    • Pikiriňizi düzediň; bir pikirde boluň (11)

13  Men siziň ýanyňyza üçünji gezek barjak bolýaryn. «Biriniň dogry ýa⁠-⁠da ýalan sözleýändigini iki ýa üç şaýat tassyklamalydyr»+.  Häzir ýanyňyzda bolmasam⁠-⁠da, meni ýanyňyza ikinji gezek baran ýaly kabul ediň. Sebäbi öň aýdyşym ýaly, günä edenlere we beýlekilere ýene⁠-⁠de duýdurýaryn: men baranymda, olary temmisiz goýmaryn.  Şonda araňyzda ejiz däl⁠-⁠de, güýçli Mesihiň men arkaly gepleýändigine göz ýetirersiňiz.  Hawa, Mesihi ejiz wagty pürse çüýlediler, ýöne ol Hudaýyň güýji bilen diridir+. Onuň ejiz bolşy ýaly, biz hem ejiz bolsak⁠-⁠da, Hudaýyň güýji arkaly onuň bilen ýaşarys+.  Imanyňyzy, özüňizi barlap duruň+. Eýsem siz Isa Mesih bilen agzybirligi saklaýarsyňyzmy? Eger saklamaýan bolsaňyz, Hudaý sizden razy bolmaz.  Siz Hudaýyň bizden razydygyna düşünersiňiz diýip umyt edýärin.  Adamlar bizi kabul etmese⁠-⁠de, biz siziň nädogry işleri däl⁠-⁠de, ýagşy işleri etmegiňiz üçin Hudaýa doga edýäris. Ýöne muny adamlara görünmek üçin etmeýäris.  Sebäbi biz hakykata garşy hiç zat edip bilmeýäris, gaýtam diňe hakykat üçin edýäris.  Biz ejizkäk siz güýçli bolsaňyz, muňa elmydama begeneris. Şol sebäpli hem düzelmegiňiz üçin doga edýäris. 10  Halypamyz maňa sizi ruhdan düşürmek üçin däl⁠-⁠de, imanyňyzy berkitmek üçin ygtyýar berdi+. Men ýanyňyza baranymda, berlen ygtyýardan peýdalanyp, size ýowuz daraşmaz ýaly, ähli zady hat arkaly ýazýaryn. 11  Şeýlelikde, doganlar, size şuny ündeýärin: hemişe şatlanyň, düzeliň, biri⁠-⁠biriňizi ruhlandyryň+, bir pikirde boluň+ we agzybirlikde ýaşaň+. Şonda söýýän we parahatlyk berýän Hudaý+ siziň bilen bolar. 12  Bir⁠-⁠biriňiz bilen mähirli* salamlaşyň. 13  Size ähli mukaddesler hem salam aýdýar. 14  Halypamyz Isa Mesihiň ýagşylygy, Hudaýyň söýgüsi we mukaddes ruhy siziň bilen bolsun!

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: mukaddes posalar bilen.