Ikinji Korinfliler 10:1—18

  • Pawlus özüni goraýar (1—18)

    • Söweş ýaraglarymyz dünýäden däl (4, 5)

10  Men Pawlus, Mesihden görelde alyp, size ýumşaklyk we mähir bilen ýüzlenýärin+. Araňyzdakam meni ejiz+, ýok wagtym bolsa batyrgaý hasaplaýarsyňyz+.  Men baranymda araňyzdaky ynsan düşünjeli adamlara berk çäre görmeli bolmaryn diýip umyt edýärin.  Biz şu dünýäde* ýaşasak⁠-⁠da, dünýädäki adamlar ýaly söweşmeýäris.  Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünýäden däl⁠-⁠de+, Hudaýdandyr. Hudaýyň berýän güýçli ýaraglary+ bilen berk galalary ýykýandyrys.  Biz ýalan düşünjeleri ýeňýäris, Hudaý hakdaky bilime böwet bolýan zatlary ýumurýarys+. Her bir pikiri ýesir alyp, Mesihe tabyn edýäris.  Eger siz doly tabyn bolsaňyz, onda biz hem tabyn bolmaýan adama temmi berip bileris+.  Siz ähli zadyň daşyna seredip baha berýärsiňiz. Eger biri özüni Mesihiň şägirdi hasaplaýan bolsa, onda şuny unutmasyn: ol Mesihiň şägirdi bolsa, biz hem onuň şägirdi.  Eger men Halypamyzyň beren ygtyýaryndan çendenaşa peýdalanyp, sizi ruhdan düşürmän, gaýtam imanyňyzy berkiden bolsam+, onda utanmaryn.  Aslynda, men size hat ýazyp gorkuzjak bolmadym. 10  Sebäbi käbirleri: «Ol hatlarynda dogumly we ynamly gepleýär, ýöne özüni görseň, ejiz, çykyşlaryny diňlär ýaly däl» diýýärler. 11  Goý, olar bilip goýsun: hatlarymyzda näme diýýän bolsak, ýanyňyza baranymyzda⁠-⁠da şony ederis+. 12  Biz özüni öwýän adamlara meňzejegem, deň boljagam bolmaýarys+. Sebäbi şeýle adamlar özüçe baha berip we özüçe deňeşdirip, düşünjesizdigini görkezýärler+. 13  Biz tabşyrylandan artyk iş edýäris diýip öwünmeris. Ýöne Hudaýyň iberen ýerlerinde wagyz edýändigimize buýsanýarys. Biz hatda size⁠-⁠de wagyz etdik+. 14  Hawa, biz ýanyňyza baryp, tabşyrylandan artyk hiç zat etmedik. Gaýtam Mesih baradaky hoş habary size ilkinji bolup wagyz etdik+. 15  Biz tabşyrylan işden artyk edip, başga biriniň çekýän zähmeti bilen öwünmeýäris. Siziň imanyňyzyň berkemegini isleýäris. Şonda bellenilen ýerlerde işimizi dowam edip, köp zähmet çekeris. 16  Şeýdip, hoş habary başga ýurtlarda⁠-⁠da wagyz edip bileris, başga biriniň eden işleri bilen öwünmeli bolmarys. 17  «Goý, öwünýän adam Ýehowa* Hudaýyna öwünsin!»+ 18  Sebäbi öz⁠-⁠özüni öwýän däl⁠-⁠de+, Ýehowanyň* öwýän adamy abraý gazanýandyr+.