Ikinji Patyşalar 1:1—18

  • Ylýasyň Ahazýa hakda pygamberligi (1—18)

1  Ahap ölenden soň, Mowap+ ýurdy Ysraýyla garşy aýaga galdy.  Bir gün Ahazýa Samariýada ýokarky otagyň penjiresinden* gaçyp ýaralandy. Ol: «Men sagalarynmy, gidiň⁠-⁠de, Ekronyň+ taňrysy Bagal⁠-⁠zebupdan sorap görüň»+ diýip çaparlaryny ýollady.  Şonda Ýehowanyň perişdesi tişbeli Ylýasa*+ şeýle diýdi: «Tur⁠-⁠da, Samariýa patyşasynyň çaparlarynyň öňünden çykyp: „Ekronyň taňrysy Bagal⁠-⁠zebupdan soramaga gider ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy?+  Ýehowa şeýle diýýär: „Sen düşegiňden galman ölersiň“ diý». Ylýas aýdylyşy ýaly etdi.  Çaparlar yzyna baranda, patyşa: «Eýýäm geldiňizmi?» diýdi.  Olar patyşa şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp: „Gidiň⁠-⁠de, patyşa aýdyň. Ýehowa şeýle diýýär: „Ekronyň taňrysy Bagal⁠-⁠zebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy? Indi sen düşegiňden galman ölersiň“+ diýdi».  Patyşa: «Öňüňizden çykan adamyň sypaty nähilidi?» diýip sorady.  Olar: «Egninde ýüňden edilen dony+, bilinde gaýyş* guşagy bardy»+ diýdiler. Şonda patyşa: «Ol tişbeli Ylýasdyr» diýdi.  Patyşa Ylýasyň ýanyna ellibaşy bilen 50 esgerini iberdi. Şol wagt Ylýas dagyň depesinde otyrdy. Ellibaşy Ylýasyň ýanyna baryp: «Eý hak Hudaýyň guly+, patyşa saňa aşak düş diýýär» diýdi. 10  Ylýas: «Eger men Hudaýyň guly bolsam, gökden ot inip+, seni 50 esgeriň bilen ýakyp kül etsin» diýdi. Şonda gökden ot inip, ellibaşy bilen 50 esgerini ýakyp kül etdi. 11  Patyşa ýene bir ellibaşyny 50 esgeri bilen Ylýasyň ýanyna iberdi. Ol Ylýasyň ýanyna baryp: «Hak Hudaýyň guly, patyşa saňa häziriň özünde aşak düş diýýär» diýdi. 12  Emma Ylýas: «Eger men hak Hudaýyň guly bolsam, gökden ot inip, seni 50 esgeriň bilen ýakyp kül etsin» diýdi. Şonda gökden ot inip, ellibaşy bilen 50 esgerini ýakyp kül etdi. 13  Patyşa üçünji ellibaşyny 50 esgeri bilen Ylýasyň ýanyna iberdi. Şol ellibaşy Ylýasyň ýanyna baryp, dyza çökdi⁠-⁠de, rehim⁠-⁠şepagat diläp: «Eý hak Hudaýyň guly, maňa we 50 esgerime haýpyň gelsin, bizi öldürme. 14  Gökden inen ot öňki ellibaşylary esgerleri bilen ýakyp kül etdi, ýöne maňa haýpyň gelsin» diýip ýalbardy. 15  Şonda Ýehowanyň perişdesi Ylýasa: «Gorkma, onuň bilen gidiber» diýdi. Ylýas turup, ellibaşy bilen patyşanyň ýanyna gitdi. 16  Ylýas Ahazýa patyşa: «Ýehowa şeýle diýýär: „Ekronyň+ taňrysy Bagal⁠-⁠zebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy?+ Hudaýdan näme üçin soramadyň? Indi ýatan düşegiňden galman ölersiň“» diýdi. 17  Ýehowanyň Ylýas pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ahazýa ýogaldy. Ogly bolmansoň, ýerine dogany Ýehoram+ patyşa boldy. Ol Ýahuda patyşasy Ýehoşapatyň ogly Ýehoramyň+ hökümdarlygynyň ikinji ýylynda patyşa boldy. 18  Ahazýanyň+ durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar we eden işleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: gözenekli penjiresinden.
Manysy: Meniň Hudaýym Ýehowadyr.
Ýa⁠-⁠da: deriden edilen.