Ikinji Şamuwel 9:1—13

  • Dawudyň Mepiboşete eden ýagşylygy (1—13)

9  Bir gün Dawut: «Şawulyň maşgalasyndan diri galan barmyka? Ýonatanyň hatyrasyna+, oňa elimden gelen ýagşylygy ederdim*» diýdi.  Şawulyň öýünde hyzmatkär bolan Zyban+ diýen bir adamy Dawudyň ýanyna getirdiler. Patyşa ondan: «Zyban diýilýän senmi?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa, patyşahym» diýdi.  Patyşa: «Şawulyň maşgalasyndan diri galan barmy? Hudaýyň haky üçin, oňa ýagşylyk edeýin*» diýdi. Zyban: «Ýonatanyň iki aýagy hem agsak ogly bar»+ diýdi.  Patyşa: «Nirede ol?» diýip sorady. Zyban: «Lodebarda, Emiýeliň ogly Mahyryň+ öýünde» diýdi.  Dawut patyşa dessine Lodebara adam iberip, ony Emiýeliň ogly Mahyryň öýünden getirtdi.  Ýonatanyň ogly, Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudyň ýanyna geldi⁠-⁠de, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. Şonda Dawut: «Mepiboşet!» diýdi. Ol: «Diňleýärin, patyşahym!» diýdi.  Dawut: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna, saňa elimden gelen ýagşylygy ederin*+. Ataň Şawulyň mülküni yzyna bererin, sen hemişe meniň saçagymdan çörek iýersiň»+ diýdi.  Şonda Mepiboşet tagzym edip: «Beýle sylag⁠-⁠hormat eder* ýaly, men kim?! Guluňyz öli it ahyryn»+ diýdi.  Patyşa Şawulyň hyzmatkäri Zybany çagyrdyp: «Şawula we hojalygyna degişli ähli zady agtygyna berdim+. 10  Ogullaryňy, hyzmatkärleriňi al⁠-⁠da, hojaýynyň agtygy Mepiboşetiň melleginde işle. Iýjek çöregi bolar ýaly, hasylyny öýündäkilere ber. Mepiboşet bolsa hemişe meniň saçagymdan iýip içer»+ diýdi. Zybanyň 15 ogly, 20 hyzmatkäri bardy+. 11  Zyban Dawut patyşa: «Ähli zady aýdyşyňyz ýaly ederin, hökümdarym» diýdi. Şondan soň Mepiboşet patyşanyň ogullary ýaly, Dawudyň saçagyndan* çörek iýip başlady. 12  Mepiboşetiň Mika+ diýen oguljygy bardy. Zybanyň öýündäkiler Mepiboşetiň hyzmatkäri boldy. 13  Ol Iýerusalimde ýaşap, hemişe patyşanyň saçagyndan çörek iýerdi+. Mepiboşetiň iki aýagy⁠-⁠da agsakdy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildirerdim.
Ýa⁠-⁠da: Hudaýyň wepaly söýgüsini bildireýin.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildirerin.
Ýa⁠-⁠da: üns berer.
Başga manysy: meniň saçagymdan.