Ikinji Şamuwel 7:1—29

  • Ybadathanany Dawut gurmaýar (1—7)

  • Dawut bilen baglaşylan patyşalyk ähti (8—17)

  • Dawudyň minnetdarlyk dogasy (18—29)

7  Dawut köşkde ýaşap başlady+, Ýehowa⁠-⁠da ony daş⁠-⁠töwerekdäki duşmanlardan goraýardy*.  Patyşa Natan pygambere+: «Men⁠-⁠ä kedr agajyndan salnan köşkde+ ýaşaýaryn, hak Hudaýyň äht sandygy bolsa matadan edilen çadyrda dur»+ diýdi.  Natan pygamber: «Göwnüň näme islese ediber, Ýehowa seniň bilendir»+ diýdi.  Ýöne şol gije Ýehowa Natan pygambere şeýle diýdi:  «Git⁠-⁠de, şu sözlerimi gulum Dawuda ýetir: „Ýehowa şeýle diýýär: „Meniň üçin öýi indi sen gurjak bolýaňmy?+  Ysraýyl halkyny Müsürden çykaranymdan bäri, öýde däl⁠-⁠de+, çadyrda+ göçüp⁠-⁠gonup ýaşadym.  Ysraýyllaryň arasyndakam, halkyma çopançylyk edýän taýpa baştutanlaryna şu çaka çenli: „Maňa näme üçin kedr agajyndan öý gurmadyňyz?“ diýdimmi?“  Gulum Dawuda aýt: „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni goýun bakyp ýören ýeriňden, öri meýdanlardan alyp gaýdyp+, ysraýyl halkyma baştutan etdim+.  Nirä gitseňem, ýanyňda bolup+, duşmanlaryňy ýoluňdan aýraryn+. Adyňy dünýäniň beýik adamlarynyňky deý arşa galdyraryn+. 10  Ysraýyl halkymy bolsa saýlan mekanymda parahat ýaşadaryn. Indi zalymlar olara ezýet bermez+. 11  Hatda serdarlary bellänimden+ soň hem, duşmanlar halkymy ezdiler. Ýöne seni ähli duşmanlaryňdan goraryn+. Ýehowa nesliňi şa tagtynda oturtjakdygyny* aýdypdy+. Ýehowa hökman sözünde durar. 12  Ömür tanapyň kesilip+, aradan çykanyňda, perzendiňi*, bagryňdan önen ogluňy patyşa edip, hökümdarlygyny berkiderin+. 13  Ol maňa öý gurup, adymy şöhratlandyrar+. Onuň tagty sarsmaz+. 14  Men onuň atasy, ol hem meniň oglum bolar+. Erbetlik etse, ynsan taýagy bilen ýola salaryn, adam ogullarynyň* gamçysy bilen temmi bererin+. 15  Şawuly öňüňden aýryp, wepaly söýgimden* mahrum edipdim+. Emma seniň ogluňdan wepaly söýgimi aýyrmaryn. 16  Hojalygyňa⁠-⁠da, patyşalygyňa⁠-⁠da hiç wagt howp abanmaz, tagtyň baky durar“»+. 17  Natan şol sözleri we gören görnüşini* Dawuda gürrüň berdi+. 18  Şonda Dawut Ýehowanyň huzuryna baryp, dyza çökdi⁠-⁠de, şeýle diýdi: «Eý Älemiň Hökümdary Ýehowa! Maňa we maşgalama munça ýagşylyk eder ýaly, biz kim?+ 19  Älemiň Hökümdary Ýehowa, maňa eden ýagşylyklaryňy az görüp, geljekki neslim barada hem alada edýäň. Ynsan ogullarynyň hiç biri saňa päsgel berip bilmez*, eý Älemiň Hökümdary Ýehowa! 20  Guluň Dawut başga näme diýsin, sen meni gowy tanaýaň+ ahyryn, Älemiň Hökümdary Ýehowa! 21  Sözüňe we islegiňe* görä, ägirt uly işleri edip, olary guluňa görkezdiň+. 22  Sen juda beýiksiň+, Älemiň Hökümdary Ýehowa! Saňa taý geljek ýokdur+. Ençeme taňrylar hakda eşidipdik, ýöne ýeke⁠-⁠täk hak Hudaý sensiň!+ 23  Milletler arasynda halkyň ysraýyla taý geljegi barmyka?!+ Sen baryp, halkyňy azat etdiň, olary özüňe halk edip saýladyň+, halkyň üçin beýik hem täsin gudratlary görkezdiň+, adyňy şöhratlandyrdyň+. Müsürden çykaran halkyň hatyrasyna, başga milletleri we olaryň taňrylaryny kowup çykardyň. 24  Ýehowa, sen ysraýyllary ebedilik halkyň edip+, olaryň Hudaýy bolduň+. 25  Ýehowa Hudaýym, guluňa we maşgalasyna beren sözüňi hiç wagt unutman, wadaňy berjaý et+. 26  Adyňa ebedi şöhrat bolsun!+ Şonda hemmeler: „Serkerdebaşy Ýehowa Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýerler. Guluň Dawudyň öýi huzuryňda berk dursun+. 27  Eý Ysraýylyň Serkerdebaşysy Ýehowa, guluňa: „Nesliňi tagtda oturdaryn“*+ diýipdiň, şonuň üçin saňa ynam* bilen doga edýärin. 28  Älemiň Hökümdary Ýehowa, sen hak Hudaýsyň, sözleriň hem hakdyr+. Guluňa ençeme ýagşylyklary wada berdiň. 29  Indi öý⁠-⁠içerimiň berekedini artdyr. Öýüm huzuryňda ebedi dursun!+ Wada berýän sensiň, eý Älemiň Hökümdary Ýehowa! Seniň saýaňda öýümiň berekedi hiç haçan egsilmesin!»+

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: dynçlyk berýärdi.
Sözme⁠-⁠söz: Ýehowa saňa öý gurjakdygyny.
Sözme⁠-⁠söz: tohumyňy.
Başga manysy: Adam atanyň nesliniň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Bu ynsan ogullary üçin kanundyr.
Ýa⁠-⁠da: niýetiňe.
 Sözme⁠-⁠söz: Saňa öý guraryn.
 Ýa⁠-⁠da: batyrgaýlyk.