Ikinji Şamuwel 5:1—25

  • Dawut tutuş Ysraýyla patyşa bolýar (1—5)

  • Iýerusalimiň basylyp alynmagy (6—16)

    • Dawudyň şäheri Sion (7)

  • Dawudyň piliştlileri derbi⁠-⁠dagyn edişi (17—25)

5  Birnäçe wagtdan ysraýylyň ähli taýpalary Hebrona+, Dawudyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Biz seniň bilen ganybir dogan*+.  Üstümizden Şawul höküm sürýärkä⁠-⁠de, Ysraýyly söweşe sen alyp çykardyň+. Ýehowa saňa: „Ysraýyl halkyma çopançylyk edersiň, Ysraýyla baştutan bolarsyň“+ diýipdi».  Ähli ysraýyl ýaşululary Hebrona, Dawudyň ýanyna gelipdi. Dawut olar bilen Hebronda Ýehowanyň huzurynda äht baglaşdy+. Soňra olar Dawudy Ysraýyla patyşa bellediler+.  Dawut patyşa bolanda 30 ýaşyndady. Ol 40 ýyl hökümdarlyk etdi+.  Ol Hebronda Ýahudanyň üstünden ýedi ýarym ýyl, Iýerusalimde+ tutuş Ysraýylyň we Ýahudanyň üstünden 33 ýyl höküm sürdi.  Patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslara garşy söweşe çykdy. Ýabuslar+ Dawuda: «Şäheri hiç haçan basyp almarsyň! Seni hatda körler bilen agsaklarymyz hem kowup çykarar» diýip, üstünden güldüler. Olar: «Dawut hiç haçan şäheri eýeläp bilmez» diýip pikir edýärdiler+.  Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Häzir oňa Dawudyň şäheri+ diýilýär.  Şol gün ol: «Ýabuslaryň üstüne çozjak adamlar kärizden* geçsin⁠-⁠de, „agsaklary we körleri“ gyrsyn, olar Dawut üçin ýigrenjidir» diýdi. Şonuň üçin il arasynda: «Körler we agsaklar hiç haçan öýe girmez» diýilýär.  Dawut Sion galasynda ýaşap başlady, oňa Dawudyň şäheri diýilýär*. Dawut Millondan*+ şäher merkezine çenli diwarlary we binalary gurduryp başlady+. 10  Dawut barha güýçlenýärdi+, Serkerdebaşy Ýehowa ony goldaýardy+. 11  Tir patyşasy Huram+ Dawudyň ýanyna wekillerini ýollap, diwar gurmak üçin kedr agaçlaryny+, agaç ussalary we daş ýonujylary iberdi. Olar Dawuda köşk salyp başladylar+. 12  Dawut Ýehowanyň öz halkynyň hatyrasyna+, Ysraýylyň üstünden patyşalygyny berkidendigine+ we beýgeldendigine+ göz ýetirdi. 13  Dawut Hebrondan Iýerusalime gelip, birnäçe aýal we gyrnak+ aldy. Olardan ençeme ogul⁠-⁠gyzy boldy+. 14  Dawudyň Iýerusalimde doglan ogullary şulardyr: Şamuw, Şobap, Natan+, Süleýman+, 15  Ybhar, Alyşuw, Nepek, Ýapa, 16  Alyşam, Alyýat hem⁠-⁠de Alypelet. 17  Dawudyň Ysraýyla patyşa bolanyny+ eşidip, piliştliler ony öldürjek boldular+. Dawut muny bilip, bir howpsuz ýere gitdi+. 18  Piliştliler gelip, Refaýim jülgesinde+ düşelge gurdular. 19  Dawut Ýehowadan: «Piliştliler bilen söweşmäge gideýinmi? Olary elime berermiň?» diýip sorady+. Ýehowa⁠-⁠da: «Hawa, git, olary hökman eliňe bererin» diýdi+. 20  Şonda Dawut Bagal⁠-⁠perazime baryp, piliştlileri derbi⁠-⁠dagyn etdi. Ol: «Suwuň bendi böwsüp geçişi ýaly, Ýehowa⁠-⁠da duşmanlarymy öňümde derbi⁠-⁠dagyn etdi»+ diýip, şol ýeriň adyna Bagal⁠-⁠perazim*+ goýdy. 21  Piliştliler butlaryny şol ýerde taşlap gidipdiler. Dawut bilen adamlary olary ýygnap, ýok etdiler. 22  Biraz wagtdan piliştliler ýene⁠-⁠de Refaýim jülgesinde+ düşelge gurdular. 23  Dawut Ýehowa ýüz tutdy. Şonda Hudaý: «Piliştlileriň öňünden däl⁠-⁠de, arka tarapyndan aýlanyp, agaçlaryň* öňünden hüjüm et. 24  Agaçlaryň üstünden aýak sesine meňzeş şygyrdy eşideniňde, haýal etmän hüjüme geç. Ýehowa Pilişt goşunyny derbi⁠-⁠dagyn etmek üçin öňüňden ýörär» diýdi. 25  Dawut ähli zady Ýehowanyň tabşyryşy ýaly edip, piliştlileri Gebadan+ Gezere+ çenli gyrdy+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: öz süýegiňden we teniňden.
Ýagny ýerasty suwlardan peýdalanmak üçin gazylan guýular.
Başga manysy: Ol oňa Dawudyň şäheri diýip at goýdy.
Sözme⁠-⁠söz: baýyrdan. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.
Manysy: Derbi⁠-⁠dagyn edýänleriň Hojaýyny.
Sözme⁠-⁠söz: baka agaçlarynyň. Nähili agaçdygy anyk belli däl.