Ikinji Şamuwel 21:1—22

  • Gibgonlylar Şawulyň öý⁠-⁠içerisinden ar alýar (1—14)

  • Piliştliler bilen söweş (15—22)

21  Dawudyň döwründe üç ýyllap açlyk boldy+. Dawut Ýehowa ýüz tutanda, Ýehowa oňa: «Şawul öý⁠-⁠içerisi bilen gibgonlylaryň ganyna galdy»+ diýdi.  Şonda Dawut gibgonlylary+ çagyryp gepleşdi. Gibgonlylar ysraýyl halkyndan däldi, olar diri galan amorlardy+. Ysraýyllar olary öldürmejekdigine ant içipdi+. Emma Şawul gibgonlylary Ysraýyl we Ýahuda halkynyň arasynda ýaşatmak islemän, hemmesini gyrjak boldy.  Dawut gibgonlylara: «Aýdyň, siz üçin näme edeýin? Siz Ýehowanyň mirasyna* ak pata berer ýaly, günämizi nädip ýuwaýyn?» diýdi.  Olar: «Şawulyň we öý⁠-⁠içerisiniň eden ýamanlygy üçin, bize altyn⁠-⁠kümüş gerek däl+. Ysraýyllardan birini öldürmäge⁠-⁠de hakymyz ýok» diýip jogap berdiler. Dawut: «Onda aýdyň, islän zadyňyzy ederin» diýdi.  Olar hem: «Bizi Ysraýyldan ýok etjek bolan adamyň+  ýedi ogluny elimize ber. Olary öldürip, jesedini Ýehowanyň saýlan patyşasy Şawulyň+ şäheri Gibeýada+, Ýehowanyň huzurynda asyp goýaly»+ diýdiler. Patyşa: «Olary eliňize bererin» diýdi.  Dawut Şawulyň ogly Ýonatan bilen Ýehowanyň öňünde äht baglaşypdy, şonuň üçin Şawulyň agtygy, Ýonatanyň+ ogly Mepiboşete+ rehim etdi.  Dawut patyşa Aýahyň gyzy Rispanyň+ Şawula dogrup beren iki ogly Armon bilen Mepiboşeti we Şawulyň gyzy Mihalyň*+ meholaly Barzyllanyň ogly Adryýele+ dogrup beren bäş ogluny alyp,  gibgonlylara berdi. Gibgonlylaram olary öldürip, dagda Ýehowanyň huzurynda asyp goýdular+. Şeýdip, olaryň ýedisi⁠-⁠de bir günde öldi. Olar hasyl ýygymynyň, arpa oragynyň başynda öldürilipdi. 10  Aýahyň gyzy Rispa+ gaýada aşagyna jul mata düşendi⁠-⁠de, jesetleri gündizine guşlardan, gijesine ýyrtyjy haýwanlardan gorady. Ol hasyl ýygymynyň başyndan tä ýagyş ýagýança, şol ýerde boldy. 11  Şawulyň gyrnagy, Aýahyň gyzy Rispanyň eden zatlaryny Dawuda habar berdiler. 12  Dawut Ýabeş⁠-⁠gileada+ baryp, baştutanlardan* Şawul bilen ogly Ýonatanyň süňklerini aldy. Piliştliler Şawuly öldürip, ogly ikisiniň jesedini Gilbowadaky+ Beýtşan meýdançasynda* asypdylar. Ýabeş⁠-⁠gileadlylar bolsa olary ogrynça alyp gaýdypdylar. 13  Dawut Şawulyň we ogly Ýonatanyň süňklerini getirip, ýaňky öldürilenleriň hem süňklerini+ ýygnatdy. 14  Şawul bilen ogly Ýonatanyň süňklerini Benýamin topragyndaky Zelada+, kakasy Kişiň+ mazarynda jaýladylar. Halk patyşanyň ähli buýrugyny ýerine ýetirdi, şondan soň Hudaý olaryň topragy üçin edýän ahy⁠-⁠nalasyny eşitdi+. 15  Piliştliler bilen ysraýyllaryň arasynda ýene⁠-⁠de uruş turdy+. Dawut esgerleri bilen piliştlilere gaýtawul berdi. Ol halys ysgyndan gaçypdy, 16  şonda Refaýimiň+ neslinden Işpibenop Dawudy öldürjek boldy. Işpibenobyň mis naýzasynyň agramy 300 şekeldi*+, gylyjy hem täzedi. 17  Seruýanyň ogly Abyşaý+ Dawuda kömege ýetişip+, piliştlini öldürdi. Şondan soň Dawudyň nökerleri: «Indiden beýläk seni söweşe äkitmeris!+ Ysraýylyň şamçyragyny söndürip bilmeris!*»+ diýip ant içdiler. 18  Soňra piliştliler bilen Gobda söweş boldy+. Şol söweşde huşaly Sibekaý+ Refaýimiň+ neslinden Saby öldürdi. 19  Gobda piliştliler bilen ýene⁠-⁠de söweş boldy+. Şonda beýtullahamly Ýagaroregimiň ogly Alhanan getli Jaluty öldürdi. Jalutyň naýzasynyň sapy dokma agajy ýalydy+. 20  Get galasynda ýene uruş turdy. Şol ýerde bir äpet adam bardy, onuň elleri⁠-⁠de, aýaklary⁠-⁠da 6 barmaklydy, jemi 24 barmagy bardy. Ol hem Refaýimiň neslindendi+. 21  Ol ysraýyllaryň üstünden gülýärdi+. Emma Dawudyň dogany Şimeýiň+ ogly Ýonatan ony öldürdi. 22  Olaryň dördüsi⁠-⁠de getli Refaýimiň neslindendi. Olar Dawut bilen nökerleriniň elinden öldi+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: halkyna.
Başga manysy: Meýrabyň.
Başga manysy: ýer eýelerinden.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Ysraýyl patyşasynyň ölmegine ýol bermeris!