Ikinji Şamuwel 17:1—29

  • Huşaý Ahytopeliň maslahatyny puja çykarýar (1—14)

  • Dawuda habar ýetýär, ol Abselimden gaçýar (15—29)

    • Barzyllanyň we başgalaryň getiren zatlary (27—29)

17  Ahytopel Abselime: «Rugsat berseň, 12 000 adamy saýlap, şu gije Dawudyň yzyndan ýeteýin.  Ol ýadap, ysgyndan gaçan mahaly+ üstüne çozup, aljyradaryn. Ýoldaşlary gaçar welin, patyşany öldürerin+.  Adamlaryny bolsa ýanyňa getirerin. Patyşany öldürsek, ýoldaşlarynyň gitjek ýeri bolmaz. Şonda tutuş halk asuda ýaşar» diýdi.  Abselim hem, Ysraýyl ýaşululary hem muny makullady.  Emma Abselim: «Arhytlardan Huşaýy+ çagyryň. Ol näme diýýär, ony hem diňläp göreli» diýdi.  Huşaý gelende, Abselim: «Ahytopel⁠-⁠ä şeýle maslahat berýär. Şonuň diýenini edäýelimi? Sen näme maslahat berýäň?» diýdi.  Huşaý Abselime: «Men⁠-⁠ä Ahytopeliň maslahatyny göwnejaý görmedim»+ diýdi.  Huşaý sözüni şeýle dowam etdi: «Bilýänsiň, kakaň bilen ýanyndakylar batyr adamlar+. Olar çagasyny aldyran aýy+ ýaly, gahar⁠-⁠gazaba münüp oturandyr*. Onsoňam, kakaň söweşe ökde adam+, ol gijäni düşelgede geçirmez.  Gowakda ýa başga ýerde gizlenendir+. Eger ol ilki hüjüm edäýse, muny eşidenler: „Abselimiň adamlary gyrlypdyr!“ diýerler. 10  Şonda arslan ýürek batyr ýigitlerem+ gorkudan ýaňa özüni ýitirer. Sebäbi tutuş Ysraýyl kakaň gaýduwsyzdygyny+, ýigitleriniň hem edermendigini bilýär. 11  Meniň maslahatym şeýle: Dandan Beýer⁠-⁠şeba+ çenli ysraýyllaryň baryny ýygna. Olar deňiz kenaryndaky çäge deý köp bolar+. Olary söweşe özüň alyp çyk. 12  Dawudy tapdygymyz, üstüne döküleris. Ýere düşýän çyg deý uly goşun bolup hüjüm ederis. Olaryň ýekejesini hem sypdyrmarys. Ne özi, ne⁠-⁠de ýoldaşlary diri galar. 13  Eger ol şähere gaçsa, ysraýyl esgerleri bilen şäheri weýran ederis. Şäherde daş üstünde daş goýman, göterip äkideris⁠-⁠de, jülgä taşlarys». 14  Abselim bilen ysraýyllar: «Arhytlardan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliňkiden gowy eken»+ diýişdiler. Aslynda, Ahytopeliň maslahaty gowudy, ýöne Ýehowa onuň maslahatyny puja çykarmak isleýärdi+. Ýehowa Abselimi heläk etjek bolýardy+. 15  Soňra Huşaý Sadyk bilen Abyýatar ruhana+: «Ahytopel Abselime we Ysraýyl ýaşulularyna şeýle maslahat berdi, men bolsa beýle maslahat berdim. 16  Haýal etmän Dawuda habar ýollaň. Ol gije çöldäki derýanyň boýunda* galman, beýleki tarapa geçsin. Ýogsam patyşa bilen adamlary heläk bolar»+ diýdi. 17  Ýonatan+ bilen Ahymagas+ En⁠-⁠rogelde+ galypdy. Olar hiç kime görünmejek bolup, şähere girmändiler. Bir hyzmatkär gyz gidip, ähli zady olara habar berdi. Olar hem Dawut patyşa duýdurmak üçin ýola düşdüler. 18  Emma bir ýigit olary görüp, Abselime ýetirdi. Ýonatan bilen Ahymagas dessine gaçyp, Bahurimde+ ýaşaýan bir adamyň öýüne bardylar, onuň howlusynda guýy bardy, olar şonuň içine girdiler. 19  Öý eýesiniň aýaly guýynyň agzyny ýapyp, üstüne ýarma* sepdi, muny hiç kim görmedi. 20  Abselimiň hyzmatkärleri gelip, aýaldan: «Ahymagas bilen Ýonatan nirede?» diýip soradylar. Ol: «Derýa tarap gitdiler» diýdi+. Emma hyzmatkärler olary tapman, Iýerusalime dolandylar. 21  Olar gidensoň, Ahymagas bilen Ýonatan guýudan çykdy. Olar Dawudyň ýanyna gidip: «Çaltrak derýadan geç, Ahytopel saňa garşy şeýle maslahat beripdir»+ diýip gürrüň berdiler. 22  Dawut bilen adamlary dessine Iordandan geçdiler. Daň atýança, olaryň ählisi derýadan geçdi. 23  Maslahatynyň diňlenmändigini gören Ahytopel bolsa eşegini gaňňalap, dogduk şäherine, öýüne gaýtdy+. Ol maşgalasyna wesýet etdi⁠-⁠de+, özüni asyp öldürdi+. Ahytopeli ata⁠-⁠babalarynyň mazarynda jaýladylar. 24  Dawut Mahanaýyma+ gitdi, Abselim bilen ysraýyllaram Iordandan geçdi. 25  Abselim Emasany+ Ýowabyň+ ýerine goşunbaşy belledi. Emasa ysraýyllardan Ýeteriň we Nahaş gyzy Abygaýylyň+ ogludy. Abygaýyl bolsa Ýowabyň ejesi Seruýanyň uýasydy. 26  Abselim bilen ysraýyllar Gileadda+ düşlediler. 27  Dawut Mahanaýyma baranda, ammonlaryň Rapa galasyndan+ Nahaşyň ogly Şoba, Lodebardan Emiýeliň ogly Mahyr+ we Rogelimden gileadly Barzylla+ 28  ýorgan⁠-⁠düşek, gap⁠-⁠gaç, küýze, bugdaý, arpa, un, gowurga*, noýba, merjimek, gyzardylyp gowrulan däne, 29  bal, ýag, goýun hem⁠-⁠de peýnir* getirdiler. Olar: «Adamlar çölde aç⁠-⁠suwsuz ysgyndan gaçandyr»+ diýip, olary Dawut bilen adamlaryna berdiler+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýüregi ýaralydyr.
Başga manysy: düzlükde.
Ýa⁠-⁠da: döwlen däne.
Ýa⁠-⁠da: gowrulan bugdaý.
Ýa⁠-⁠da: gurt.