Ikinji Şamuwel 10:1—19

  • Ammonyň we Siriýanyň üstünden ýeňiş (1—19)

10  Birnäçe wagtdan ammonlaryň+ patyşasy aradan çykyp, ogly Hanun patyşa boldy+.  Şonda Dawut: «Nahaşyň maňa ýagşylyk edişi* ýaly, menem ogly Hanuna ýagşylyk edeýin» diýip, kakasynyň ölümine gynanç bildirmek üçin, hyzmatkärlerini ýollady. Emma Dawudyň hyzmatkärleri ammonlaryň ýurduna baranda,  ammon han⁠-⁠begleri Hanuna şeýle diýdiler: «Dawut hyzmatkärlerini kakaň pahyry sylap ugradandyr öýdýäňmi? Ol hyzmatkärlerini şäherimizi gözden geçirip, bar zady anyklamaga iberendir. Ol şäheri basyp aljak bolýandyr» diýdiler.  Şonda Hanun Dawudyň hyzmatkärleriniň sakgalynyň bir tarapyny gyrkyp+, eşikleriniň bilinden aşagyny kesip, yzyna ýollady.  Dawut muny eşiden badyna, adam iberip, olara: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihonda+ galyň, soň gelersiňiz» diýdi, sebäbi olar masgara bolupdy.  Şondan soň ammonlar Dawuda duşman bolandyklaryna düşündiler. Olar wekil ýollap, Beýt⁠-⁠rehopdan+ we Sobadan+ siriýalylaryň 20 000 pyýada esgerini, Magak+ patyşasy bilen 1 000 adamy, Iştopdan* 12 000 adamy hakyna tutdular+.  Dawut muny eşidip, Ýowap bilen goşunyny we gaýduwsyz esgerlerini+ iberdi.  Ammonlar şäheriň öňünde hatara düzüldiler. Sobadan, Rehopdan gelen siriýalylar bolsa iştoplylar we magaklylar bilen düzlükde aýratyn durdular.  Ýowap duşmanlaryň öňdenem, yzdanam çozup gelýänini görende, Ysraýylyň edermen esgerlerinden käbirini saýlap, siriýalylaryň garşysynda hatara düzdi+. 10  Galan esgerleri bolsa dogany Abyşaýa+ tabşyrdy. Abyşaý olary hatara durzup, ammonlara+ gaýtawul bermelidi. 11  Ýowap oňa: «Eger siriýalylar menden üstün çykyp başlasa, sen maňa kömege gelersiň. Ýöne ammonlar senden üstün çykyp başlasa, men saňa kömege bararyn. 12  Dogumly we batyrgaý boluň, halk üçin, Hudaýymyzyň şäherleri üçin söweşiň!+ Galan zadam Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun!»+ diýdi. 13  Ýowap esgerleri bilen siriýalylara garşy hüjüme geçdi; duşmanlar gaçdylar+. 14  Siriýalylaryň gaçanyny gören ammonlaram Abyşaýdan gaçyp, şähere girdiler. Ýowap ammonlar bilen söweşip, Iýerusalime gaýdyp geldi. 15  Ysraýyllardan ýeňlen siriýalylar täzeden goşun ýygnadylar+. 16  Hadatgezer+ derýanyň*+ aňyrsyndaky siriýalylary çagyrmak üçin adam iberdi. Olar Hadatgezeriň goşunbaşysy Şobagyň ýolbaşçylygynda Helama geldiler. 17  Dawut muny eşiden badyna, Ysraýyl goşunyny ýygnady⁠-⁠da, Iordandan geçip, Helama bardy. Siriýalylar hatara düzülip, Dawut bilen söweşip başladylar+. 18  Emma siriýalylar ysraýyllardan ýeňildiler. Dawut olaryň 700 söweş arabaly esgerini, 40 000 atlysyny we goşunbaşysy Şobagy öldürdi+. 19  Hadatgezere hyzmat edýän hanlar ýeňlendigine düşünip, ysraýyllar bilen ylalaşyk baglaşdylar⁠-⁠da+, boýun egdiler. Şondan soň siriýalylar ammonlara kömek etmäge gorkdular.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildirişi.
Ýa⁠-⁠da: toplylardan.
Ýewfrat derýasy göz öňünde tutulýar.