Birinji Timoteos 3:1—16

  • Gözegçiler üçin talaplar (1—7)

  • Hyzmatçylar üçin talaplar (8—13)

  • «Hudaýa wepaly bolmagyň mukaddes syry» (14—16)

3  Şu aýdýanlarym dogrudyr: kim gözegçi+ bolmak isleýän bolsa, gowy zady arzuw edýär.  Gözegçi ýazyksyz bolmaly, bir aýally bolmaly, ähli zatda çägini bilýän, sagdyn düşünjeli+, tertip⁠-⁠düzgünli, myhmansöýer+, öwretmäge ukyply bolmaly+.  Ol arakhor+ we zalym* bolmaly däl, gaýtam paýhasly*+, dawalaşmaýan+, pula gyzmaýan+,  maşgalasy hakda gowy alada edýän*, çagalary hem gulak asýan we edepli* bolmaly+.  Eger ol maşgalasy hakda gowy alada edip bilmeýän bolsa, Hudaýyň ýygnagy hakda nädip alada etsin?  Ýaňy⁠-⁠ýakynda mesihçi bolan adam gözegçi bellenmesin+, ýogsam ulumsylyk edip, Iblise çykarylan höküme sezewar bolar.  Mundan başga⁠-⁠da, adamlaryň* arasynda gowy abraýy bolmaly+, şonda hiç kim oňa dil ýetirip bilmez we Iblisiň duzagyna düşmez.  Ýygnagyň hyzmatçylary hem jogapkärli bolmaly. Olar ikiýüzli*, köp şerap içýän bolmaly däl we açgözlük bilen haram gazanç edýän bolmaly däl+.  Olar imanyň mukaddes syryny päk ynsap bilen saklap bilmeli+. 10  Ýöne olary başda barlap görüň*. Eger olary hiç kim ýazgarmasa+, hyzmatçy bolup gulluk etsin. 11  Aýallar hem edep⁠-⁠ekramly*, töhmet atmaýan*+, ähli zatda çägini bilýän we Hudaýa wepaly bolmaly+. 12  Hyzmatçy bir aýally bolmaly. Ol maşgalasy, esasan⁠-⁠da, çagalary hakda gowy alada edýän* adam bolmaly. 13  Ýygnaga gowy hyzmat edýän doganlar abraý gazanýandyr we Isa Mesihe imany hakda batyrgaý* gürrüň berýändir. 14  Men tizden ýanyňa barmakçy bolsam⁠-⁠da, şeýle tabşyrygy berýärin. 15  Eger birden eglensem, Hudaýyň maşgalasynyň agzasy+ hökmünde özüňi nähili alyp barmalydygyňy bilersiň, sebäbi Biribaryň ýygnagy hakykatyň diregi hem daýanjydyr. 16  Hudaýa wepaly bolmagyň mukaddes syry örän uludyr: «Isa ynsan bedeninde geldi+, soňra täzeden ruh bolup, dogruçyl hasaplandy+, perişdeleriň ýanyna gitdi+. Ol hakda başga halklara wagyz edildi+, adamlar oňa iman etdi+, ol şan⁠-⁠şöhrat bilen göge galdy».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: urýan; dili bilen çakýan.
Sözme⁠-⁠söz: ýumşak; eglişikli.
Ýa⁠-⁠da: hojalygyny gowy dolandyrýan.
Ýa⁠-⁠da: agras; jogapkärli.
Mesihçi däl adamlar göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: iki sözli.
Ýa⁠-⁠da: olaryň talaba laýyk gelýändigini synap görüň.
Ýa⁠-⁠da: agras; hormata mynasyp.
Ýa⁠-⁠da: gep⁠-⁠gybat etmeýän.
Ýa⁠-⁠da: hojalygyny gowy dolandyrýan.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.