Birinji Taryh 10:1—14

  • Şawulyň we ogullarynyň ölümi (1—14)

10  Piliştliler Ysraýyla garşy söweşe çykdy. Ysraýyllar olardan ýeňlip gaçdylar, köpüsi Gilbowa dagynda gyryldy+.  Piliştliler Şawul bilen ogullarynyň yzyndan ýetip, ogullary Ýonatany, Abynadaby we Mälikşuwy+ öldürdiler.  Şawula garşy hüjüm barha güýçlenýärdi, ýaýçylar ok atyp, ony ýaraladylar+.  Ol ýarag göterýän nökerine: «Gylyjyňy çykar⁠-⁠da, meni öldür, ýogsam sünnetsizler meni gynap öldürerler»+ diýdi. Emma nöker gorkudan ýaňa ony öldürip bilmedi. Şonda Şawul gylyjynyň üstüne özüni oklady+.  Şawulyň ölenini gören nöker hem gylyjynyň üstüne özüni oklap, gapdalynda jan berdi.  Şeýdip, Şawul, üç ogly, tutuş maşgalasy bir günde heläk boldy+.  Ysraýyl esgerleriniň gaçandygyny, Şawul bilen ogullarynyň ölendigini eşidip, jülgedäki ysraýyllar şäherlerini taşlap gaçdylar. Piliştliler bolsa gelip, şol şäherleri eýelediler.  Ertesi piliştliler wepat bolanlaryň zatlaryny almaga geldiler. Olar Gilbowa dagynda+ Şawul bilen ogullarynyň jesedini tapdylar.  Piliştliler Şawulyň kellesini kesip, ähli zadyny we ýaraglaryny aldylar⁠-⁠da, muny taňrylaryna+ we ildeşlerine jar etmek üçin Pilişt ýurduna habar ýolladylar. 10  Şawulyň ýaraglaryny öz taňrylarynyň buthanasynda goýdular, kellesini bolsa Dagon taňrysynyň buthanasynda+ asyp goýdular. 11  Gileadda ýaşaýan ýabeşliler+ piliştlileriň Şawula eden zatlaryny eşitdiler+. 12  Şonda olaryň batyr adamlary aýaga galdy. Olar Şawul bilen ogullarynyň jesedini Ýabeşe getirip, süňklerini bir uly agajyň aşagynda gömdüler+, soňra ýedi günläp agyz beklediler. 13  Şawul Ýehowanyň sözüne gulak asman+, Ýehowa biwepalyk edendigi üçin heläk boldy. Ol jadygöý aýala ýüz tutdy+, 14  Ýehowadan maslahat soramady. Şol sebäpli Hudaý Şawuly ölüme höküm edip, patyşalygy Ýessäniň ogly Dawuda berdi+.

Çykgytlar