Birinji Selanikliler 5:1—28

  • Ýehowanyň gününiň gelşi (1—5)

    • «Parahatlyk we howpsuzlyk!» (3)

  • «Hemişe oýa bolup, sagdyn pikirleneliň» (6—11)

  • Öwüt⁠-⁠ündewler (12—24)

  • Hoşlaşyk sözleri (25—28)

5  Doganlar, size boljak zatlaryň wagtyny we döwrüni ýazmagyň geregi ýok.  Sebäbi Ýehowanyň* gününiň+ ogrynyň gije gelşi ýaly geljekdigini+ bilýänsiňiz.  Adamlar: «Parahatlyk we howpsuzlyk!» diýende, göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy kimin, olaryň üstlerine şol bada betbagtçylyk iner+. Olar gaçyp gutulyp bilmezler.  Doganlar, ol gün ogry kimin üstüňize duýdansyz geler ýaly, siz garaňkylykda dälsiňiz.  Sebäbi siziň ähliňiz ýagtylygyň we gündiziň ogullary+. Biz ne gijä, ne⁠-⁠de garaňkylyga degişlidiris+.  Geliň, başga adamlar ýaly uklamalyň+, hemişe oýa bolup+, sagdyn pikirleneliň+.  Uklaýan adam gije uklaýandyr, serhoş adam hem gije serhoş bolýandyr+.  Emma biz gündize degişli. Geliň, hemişe sagdyn pikirlenip, iman sowudyny, söýgini geýeliň, gutulyş umydyny hem tuwulga edip+ geýeliň.  Hudaý bizi jeza bermek üçin däl⁠-⁠de, Halypamyz Isa Mesih arkaly halas etmek üçin saýlady+. 10  Isa biziň üçin öldi+, biz oýa bolsak⁠-⁠da, ölüm ukusyna gitsek⁠-⁠de, onuň bilen ýaşamaly+. 11  Şol sebäpli häzir edişiňiz ýaly, mundan beýläk⁠-⁠de bir⁠-⁠biriňizi ruhlandyryň*+, birek⁠-⁠biregi berkidiň. 12  Doganlar, araňyzda köp zähmet çekýänlere we Halypamyzyň işinde ýolbaşçylyk edip, öwüt⁠-⁠ündew berýänlere hormat goýmagyňyzy haýyş edýäris. 13  Olaryň edýän işleri üçin uly hormat goýuň we olary söýüň+. Biri⁠-⁠biriňiz bilen parahat ýaşaň+. 14  Doganlar, tertip⁠-⁠düzgüni bozýanlara duýduryş bermegiňizi+, göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldamagyňyzy we hemmelere sabyrly bolmagyňyzy ündeýäris+. 15  Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermäň+, biri⁠-⁠biriňize we ähli adamlara hemişe ýagşylyk etmek üçin jan ediň+. 16  Elmydama şatlanyň+. 17  Hemişe doga⁠-⁠dileg ediň+. 18  Ähli zat üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdyň*+, sebäbi Hudaý siziň Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde şeýle etmegiňizi isleýär. 19  Içiňizde lowlaýan mukaddes ruhuň oduny söndürmäň+. 20  Pygamberliklere biperwaý garamaň+. 21  Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň+, gowy zada berk ýapyşyň. 22  Ähli erbetlikden uzakda duruň+. 23  Goý, parahatlyk Hudaýy sizi mukaddes etsin. Doganlar, ruhda, ýaşaýyşda, bedende sagdyn bolup, Halypamyz Isa Mesih gelýänçä* ähli ýagdaýlarda ýazyksyz* ýaşaň+. 24  Sizi çagyran Hudaý wepalydyr, ol aýdan zatlaryny hökman eder. 25  Doganlar, biziň üçin hemişe doga⁠-⁠dileg ediň+. 26  Ähli doganlar bilen mähirli* salamlaşyň. 27  Şu haty ähli doganlara okap bermegiňizi Halypamyzyň adyndan tabşyrýaryn+. 28  Goý, Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk etsin!

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: bir⁠-⁠biriňize göwünlik beriň.
Ýa⁠-⁠da: minnetdar boluň.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyz.
Sözme⁠-⁠söz: mukaddes posalar bilen.