Birinji Selanikliler 1:1—10

  • Doganlyk salamy (1)

  • Selanikdäkileriň imany üçin Hudaýa minnetdarlyk (2—10)

1  Men Pawlus, Silwanus*+ we Timoteos+ bilen Atamyz Hudaýyň hem⁠-⁠de Halypamyz Isa Mesihiň Selanikdäki ýygnagyna hat ýazýaryn. Hudaý size ýagşylyk* etsin we parahatlyk bersin!  Biz doga edenimizde+, siziň ähliňiz üçin Hudaýa hemişe minnetdarlyk aýdýarys.  Siziň wepaly gulluk edişiňizi we söýgi bilen çekýän zähmetiňizi ýatlaýarys. Hudaýymyzyň we Atamyzyň öňünde Halypamyz Isa Mesihe umyt edip+ çydamly bolýandygyňyzy unutmaýarys.  Doganlar, Hudaýyň sizi söýýändigini we saýlandygyny bilýäris.  Sebäbi size wagyz eden hoş habarymyz diňe bir söz arkaly däl, güýç, mukaddes ruh we berk ynam bilen gelip ýetendir. Size kömek etmek üçin nämeler edendigimizi özüňiz hem bilýänsiňiz.  Siz bizden+ we Halypamyzdan+ görelde alyp, kyn ýagdaýlara uçrasaňyz⁠-⁠da+, Hudaýyň sözüni mukaddes ruhuň berýän şatlygy bilen kabul etdiňiz.  Şeýdip, siz Makedoniýadaky we Ahaýýadaky ähli imandaşlarymyza görelde bolduňyz.  Makedoniýanyň we Ahaýýanyň halky siziň kömegiňiz bilen Ýehowanyň* sözüni eşitdiler. Hudaýa berk iman edýändigiňizi hemmeler eşitdiler+. Şonuň üçin olara hiç zat aýtmak gerek däl.  Sebäbi olaryň özleri⁠-⁠de siziň bilen ilkinji gezek görşen gününi henizem ýatlaýarlar. Siziň butlardan ýüz öwrüp+, diri hem hak Hudaýa gul kimin hyzmat edýändigiňizi gürrüň berýärler. 10  Şeýle⁠-⁠de olar Hudaýyň ýetip gelýän gahar⁠-⁠gazabyndan+ halas edýän Ogluna, ýagny ölümden direlen Isanyň gökden gelmegine garaşýandygyňyzy+ aýdýarlar.

Çykgytlar

Ýagny Silas.
Sözlüge serediň.