Birinji Petrus 1:1—25

  • Doganlyk salamy (1, 2)

  • Täzeden dogulmak ýaşaýşa umyt berýär (3—12)

  • Gulak asýan çagalar ýaly mukaddes boluň (13—25)

1  Men Isa Mesihiň resuly Petrus+. Men Pontusdaky, Galatýadaky, Kappadokiýadaky+, Aziýadaky we Bitiniýadaky saýlananlara, ýagny wagtlaýyn ýaşaýjylara hat ýazýaryn.  Gökdäki Atamyz we Hudaýymyz öňünden aýdyşy ýaly+, sizi saýlap, gulak asmagyňyz üçin ruhy arkaly mukaddes etdi+, Isa Mesihiň gany bilen arassalady*+. Goý, Hudaý size köp ýagşylyk* etsin we parahatlyk bersin!  Halypamyz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna şöhrat bolsun! Biz Hudaýyň beýik ýagşylygy bilen täzeden doguldyk+ we Isa Mesihiň direlmegi+ bilen berk umyda eýe bolduk+.  Hudaý çüýremez, arassa we solmaz mirasy wada berýär+, ol siziň üçin gökde saklanýar+.  Hudaý sizi gudratly güýji bilen gorap, dünýäniň soňunda iman arkaly halas etmek isleýär.  Siz häzir dürli synaglar sebäpli biraz wagt kynçylyk çekseňiz⁠-⁠de, ýürekden şatlanyp bilýärsiňiz+.  Şeýle synagdan geçen imanyňyz+ altyndan⁠-⁠da has gymmatlydyr, sebäbi altyn otda arassalansa⁠-⁠da, ýok bolup gidýär. Isa Mesih gelende bolsa, şeýle imanyňyz üçin hormata, şöhrata we öwgä mynasyp bolarsyňyz+.  Siz Mesihi hiç haçan görmeseňiz⁠-⁠de, ony söýýärsiňiz. Siz ony häzirem görmeýärsiňiz, ýöne oňa iman edip, ýürekden begenýärsiňiz, juda şatlanýarsyňyz.  Sebäbi iman maksadyňyza ýetmäge, ýagny halas bolmaga kömek eder+. 10  Size ediljek ýagşylyk hakda pygamberler hem aýdypdy. Olar siziň gutulyşyňyza düşünjek bolup, ähli zady jikme⁠-⁠jik öwrendiler we çuňňur gözleg geçirdiler+. 11  Pygamberler Mesihiň görgi görüp+, soňra şan⁠-⁠şöhrata eýe boljakdygyna mukaddes ruhuň kömegi bilen düşündiler. Şonuň üçin olar Mesihiň haçan geljekdigini we oňa nämeleriň boljakdygyny anyklamaga çalyşdylar+. 12  Hudaý pygamberlere aýdylan habaryň olara däl⁠-⁠de, size degişlidigini äşgär etdi, sebäbi pygamberler size hyzmat edýärdiler. Indi bolsa şol hoş habar gökden inen mukaddes ruhuň kömegi bilen size⁠-⁠de wagyz edilýär+. Şol zatlara perişdeler hem düşünmek isleýär. 13  Şeýlelikde, pikiriňizi jemläp, dogumly boluň+, hemişe sagdyn pikirleniň+. Isa Mesih äşgär bolanda size ýagşylyk eder. Şol ýagşylyga umyt baglaň. 14  Hudaýy tanamaýan döwrüňiz eýeren höwesleriňizi goýup, gulak asýan çagalar ýaly boluň. 15  Sizi çagyran Mukaddes Hudaýdan görelde alyp, ähli zatda mukaddes boluň+. 16  «Mukaddes boluň, sebäbi men mukaddesdirin»+ diýip ýazylgy. 17  Siz hiç kimi ala tutmaýan+ we eden işine görä höküm çykarýan Atany çagyrýan bolsaňyz, şu dünýäde wagtlaýyn ýaşaýjy hökmünde ýaşap, Hudaýdan gorkuň+. 18  Bilip goýuň, sizi ata⁠-⁠babalaryňyzdan galan biderek ýaşaýyşdan altyn⁠-⁠kümüş ýaly çüýreýän zatlar halas edip bilmedi*+. 19  Emma siz ýazyksyz we şikessiz guzynyň+, ýagny Mesihiň+ gymmatly gany bilen halas bolduňyz+. 20  Aslynda, Hudaý ony dünýä ýaradylmanka saýlapdy+, ýöne ol siziň hatyraňyza soňky günlerde äşgär boldy+. 21  Siz ol arkaly Hudaýa iman etdiňiz+, sebäbi Hudaý Mesihi ölümden direldip+, şan⁠-⁠şöhrat berdi+. Indi siz Hudaýa iman edip, umyt baglaýarsyňyz. 22  Siz indi Hudaýyň hakykatyna gulak asyp, päk bolduňyz we doganlary ýürekden* söýmegi öwrendiňiz+. Şol sebäpli⁠-⁠de biri⁠-⁠biriňizi ak ýürekden söýüň+. 23  Siz çüýreýän tohumdan däl⁠-⁠de, çüýremeýän tohumdan+. Siz Biribar, baky Hudaýyň sözi+ bilen täzeden doguldyňyz+. 24  Sebäbi «ähli ynsanlar gök maýsa kimindir, olaryň gözelligi sähra gülleri ýalydyr. Ot guraýar, gülleri dökülýär. 25  Emma Ýehowanyň* sözi ebedi galýar»+. Şol «söz» eşiden hoş habaryňyzdyr+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ganyny sepdi.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: satyn almady.
Ýa⁠-⁠da: hilesiz.