Birinji Musa 5:1—32

  • Adam atadan Nuha çenli (1—32)

    • Adam atanyň ogul⁠-⁠gyzlary (4)

    • Idris Hudaýyň ýolundan ýöreýär (21—24)

5  Adam atanyň ömri* şeýledir. Hudaý Adam atany ýaradanda*, özüne meňzeş+ edip ýaratdy.  Hudaý olary erkek hem aýal edip ýaratdy+. Hudaý olary ýaradan güni+ ak pata berip, «ynsan»* diýip at goýdy.  Adam ata 130 ýaşyndaka, öz keşbinde, özüne meňzeş ogly boldy. Ol oglunyň adyna Şis+ dakdy.  Şis doglandan soň, Adam ata 800 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy.  Adam ata 930 ýaşap, dünýäden ötdi+.  Şis 105 ýaşyndaka, Enoş+ diýen ogly boldy.  Enoş doglandan soň, Şis 807 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy.  Şis 912 ýaşap, dünýäden ötdi.  Enoş 90 ýaşyndaka, Kenan diýen ogly boldy. 10  Kenan doglandan soň, Enoş 815 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 11  Enoş 905 ýaşap, dünýäden ötdi. 12  Kenan 70 ýaşyndaka, Mahalel+ diýen ogly boldy. 13  Mahalel doglandan soň, Kenan 840 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 14  Kenan 910 ýaşap, dünýäden ötdi. 15  Mahalel 65 ýaşyndaka, Jaret+ diýen ogly boldy. 16  Jaret doglandan soň, Mahalel 830 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 17  Mahalel 895 ýaşap, dünýäden ötdi. 18  Jaret 162 ýaşyndaka, Idris+ diýen ogly boldy. 19  Idris doglandan soň, Jaret 800 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 20  Jaret 962 ýaşap, dünýäden ötdi. 21  Idris 65 ýaşyndaka, Metuşelah+ diýen ogly boldy. 22  Metuşelah doglandan soňam, Idris 300 ýyllap hak Hudaýyň* ýolundan ýöredi*. Onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 23  Idris 365 ýyl ýaşady. 24  Idris hemişe hak Hudaýyň ýolundan ýöreýärdi+. Soňra ol ýitip gitdi, sebäbi Hudaý ony alypdy+. 25  Metuşelah 187 ýaşyndaka, Lemek+ diýen ogly boldy. 26  Lemek doglandan soň, Metuşelah 782 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 27  Metuşelah 969 ýaşap, dünýäden ötdi. 28  Lemek 182 ýaşyndaka, bir ogly boldy. 29  Lemek: «Ýehowa topragy näletledi+. Ýöne oglum çekýän agyr zähmetimizi ýeňledip, gollarymyza güýç* berer» diýip, adyna Nuh*+ dakdy. 30  Nuh doglandan soň, Lemek 595 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 31  Lemek 777 ýaşap, dünýäden ötdi. 32  Nuh 500 ýaşansoň, Sam+, Ham+ we Ýafet+ atly ogullary boldy.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: nesil daragty.
Sözme⁠-⁠söz: ýaradan güni.
Ýa⁠-⁠da: adam; adamzat.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: hak Hudaý bilen ýöredi.
Ýa⁠-⁠da: dynçlyk; teselli.
«Dynçlyk; teselli» diýmegi aňladýan bolmaly.