Birinji Musa 48:1—22

  • Ýakup Ýusubyň iki ogluna ak pata berýär (1—12)

  • Efraýyma köp ak pata berilýär (13—22)

48  Biraz wagtdan Ýusuba: «Kakaň ýagdaýy agyrlaşdy» diýip habar berdiler. Şonda ol ogullary Manaşa bilen Efraýymy alyp, kakasynyň ýanyna gitdi+.  Ýakup ogly Ýusubyň gelenini eşidip, bar güýjüni jemledi⁠-⁠de, düşeginde dikelip oturdy.  Ýakup Ýusuba: «Gudratygüýçli Hudaý Kengan ýurdundaky Luzda maňa görnüp, ak pata berdi+.  Ol maňa: „Seni ogul⁠-⁠gyzly edip, nesliňi köpelderin, senden uly millet dörederin+, şu topragy nesliňe ebedilik mülk edip bererin“ diýipdi+.  Müsüre gelmänkäm doglan iki ogluň meniň ogullarym bolar+. Ruben we Şimgon ýaly, Efraýym bilen Manaşa hem öz ogullarymdyr+.  Indiki doguljak çagalaryň özüňki bolar. Olar agalary bilen deň hatarda miras paýyny alar+.  Paddandan gelýärkäm, ýolda Kengan topragynda ejeň pahyr aradan çykypdy+. Efrata+ çenli ep⁠-⁠esli aralyk bolansoň, ony Efratyň, ýagny Beýtullahamyň+ ýolunda jaýladym» diýdi.  Ysraýyl Ýusubyň ogullaryny görüp: «Bular kim?» diýip sorady.  Ýusup: «Meniň ogullarym, kaka. Hudaý olary maňa şu ýurtda berdi»+ diýip jogap berdi. Şonda Ysraýyl: «Hany, golaýragyma getir, olara ak pata bereýin»+ diýdi. 10  Garrylykdan ýaňa Ysraýylyň gözi kütelipdi, hiç zat saýgarmaýardy. Ýusup ogullaryny kakasynyň ýanyna eltdi. Ol hem agtyklaryny gujaklap ogşady. 11  Ysraýyl Ýusuba: «Balam, seni gaýdyp görmerin öýdüpdim+. Ýöne seret, Hudaý maňa ogullaryňy⁠-⁠da görkezdi» diýdi. 12  Ýusup ogullaryny Ysraýylyň ýanyndan* gyra çekip, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. 13  Soňra iki ogluny⁠-⁠da kakasy Ysraýylyň ýanyna eltip, Efraýymy+ çep tarapynda, Manaşany+ sag tarapynda duruzdy. 14  Emma Ysraýyl sag elini Efraýymyň başyna, çep elini bolsa Manaşanyň başyna goýdy. Ol Manaşanyň ulusydygyny we Efraýymyň kiçisidigini bilse⁠-⁠de, şeýle etdi+. 15  Ysraýyl Ýusuba ak pata berip+: «Atam Ybraýymyň, kakam Yshagyň sygynan hak Hudaýy+,Şu wagta çenli meni goldap gelen* hak Hudaý+, 16  Perişdesini iberip, ähli bela⁠-⁠beterlerden dyndyran Alla+, Goý, ogullaryňa ak pata bersin+.Ogullaryň ady meniň we atalarym Ybraýymyň,Yshagyň ady bilen tutulsyn.Köpelip, çar tarapa ýaýrasynlar»+ diýdi. 17  Ýusup kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýanyny halamady. Ol kakasynyň sag elini Efraýymyň başyndan aýryp, Manaşanyňka goýjak boldy. 18  Ýusup: «Kaka, uly oglum bärde+, sag eliňi muňa goý» diýdi. 19  Emma Ysraýyl: «Bilýärin, oglum, bilýärin. Ol ogluňdan hem halk dörär, ol beýik halk bolar. Ýöne inisinden has beýik halk dörär+, nesliniň sany⁠-⁠sajagy bolmaz»+ diýdi. 20  Ysraýyl olara ýene⁠-⁠de ak pata berip+, şeýle diýdi: «Adyňyz dilden düşmesin,Goý, Ysraýyl ogullary ak pata berende:„Hudaý seni Efraýym bilen Manaşa ýaly etsin!“ diýsin». Şeýdip, ol Efraýymy Manaşadan öňe geçirdi. 21  Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Oglum, men⁠-⁠ä indi demimi sanap ýatyryn+. Ýöne Hudaý elmydama ýanyňyzda bolar, sizi ýene⁠-⁠de ata⁠-⁠babalaryňyzyň ýurduna elter+. 22  Saňa beýleki ogullarymdan artyk mülk berýärin. Ony gylyjym hem ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: dyzyndan.
Sözme⁠-⁠söz: maňa çopançylyk eden.