Birinji Musa 46:1—34

  • Ýakup maşgalasy bilen Müsüre göçýär (1—7)

  • Müsüre göçenler (8—27)

  • Ýusup Goşende Ýakup bilen görüşýär (28—34)

46  Ysraýyl bütin maşgalasyny* alyp, ýola düşdi. Beýer⁠-⁠şeba+ ýetip, kakasy Yshagyň Hudaýyna+ gurbanlyklar hödürledi.  Gije Hudaý Ysraýyla görnüp*: «Ýakup, Ýakup!» diýdi. Ol hem: «Diňleýärin!» diýip jogap berdi.  Şonda Hudaý: «Men hak Hudaý, kakaň Hudaýydyryn!+ Müsüre gitmäge gorkma. Şol ýerde senden uly millet dörederin+.  Müsüre ýanyň bilen özüm giderin, ýurduňa⁠-⁠da özüm gaýtaryp getirerin+. Ölüm ýassygynda ýatyrkaň, başujuňda Ýusup oturar*»+ diýdi.  Soňra Ýakup Beýer⁠-⁠şebadan çykyp, ýoluny dowam etdi. Ogullary kakasyny, çagalaryny we aýallaryny faraonyň iberen arabalaryna mündürdiler.  Olar Kenganda edinen mallaryny we goş⁠-⁠golamlaryny hem alyp gaýtdylar. Şeýlelikde, Ýakup bütin maşgalasy bilen Müsüre göçdi.  Ol ogul⁠-⁠gyzlaryny, agtyklaryny ýany bilen alyp gaýtdy.  Ysraýylyň, ýagny Ýakubyň Müsüre gelen ogullary şulardyr+: Ýakubyň uly ogly Ruben+.  Rubeniň ogullary: Hanoh, Palluw, Hesron we Karmi+. 10  Şimgonyň+ ogullary: Ýemuwel, Ýamin, Ahat, Ýahin, Zohar we kenganlardan alan aýalyndan Şewul+. 11  Lewiniň+ ogullary: Gerşon, Kohat we Merar+. 12  Ýahudanyň+ ogullary: Er, Onan, Şela+, Perez+ we Zera+. Er bilen Onan Kenganda aradan çykypdy+. Pereziň Hesron we Hamul+ diýen ogullary boldy. 13  Ysaharyň ogullary: Tola, Puwan, Ýup we Şimron+. 14  Zebulunyň+ ogullary: Serat, Elon we Ýahlyýel+. 15  Bular Ýakubyň Leýadan bolan ogullarydyr. Leýa olary we gyzy Dinany+ Paddan⁠-⁠aramda dogrupdy. Ýakubyň Leýadan jemi 33 ogul⁠-⁠gyzy* boldy. 16  Gadyň+ ogullary: Sepiýon, Hagga, Şunin, Esbon, Eriý, Aroty we Äraly+. 17  Aşeriň+ ogullary: Imnan, Işwah, Ýişwi we Beriýa. Olaryň Sera diýen uýasy hem bardy. Beriýanyň Heber we Mälikylla+ diýen ogullary boldy. 18  Bular Labanyň Leýa beren gyrnagy Zilpanyň+ ogullary we agtyk⁠-⁠çowluklarydyr. Olar jemi 16 sanydy. 19  Ýakubyň Rahelden bolan ogullary: Ýusup+ bilen Benýamin+. 20  Müsürde Ýusubyň Manaşa+ we Efraýym+ diýen ogullary boldy. Aýaly Asenat+ Ohan* şäheriniň ruhanysy Potiferiň gyzydy. 21  Benýaminiň+ ogullary: Beli, Bekir, Aşbel, Gera+, Nagyman, Agam, Roş, Mupym, Hupym+ we Art+. 22  Bular Ýakup bilen Raheliň ogullary we agtyk⁠-⁠çowluklarydyr. Olar jemi 14 sanydy. 23  Danyň+ Huşym+ atly ogly boldy. 24  Naftalynyň+ ogullary: Ýahzeýel, Guna, Ýezer we Selim+. 25  Bular Labanyň Rahele beren gyrnagy Bilhanyň ogullary we agtyklarydyr. Olar jemi ýedi sanydy. 26  Gelinlerini hasaplamanyňda, Ýakup bilen Müsüre gelenler we ondan döränler jemi 66 başdy+. 27  Ýusubyň Müsürde iki ogly boldy. Şeýlelikde, Ýakubyň Müsüre göçen hojalygy jemi 70 adam boldy+. 28  Ýakup Ýahudany+ öňden iberip, Goşene barýandygyny Ýusuba habar berdi. Şeýdip, olar Goşene+ ýetdiler. 29  Ýusup hem arabasyny taýynlap, kakasy Ysraýyly garşylamaga Goşene gitdi. Ol kakasyny gören badyna, gujaklap, içigip⁠-⁠içigip aglady. 30  Şonda Ysraýyl: «Oglum, seniň bilen didarlaşyp, sag⁠-⁠aman gezip ýöreniňi gördüm. Indi ölsemem, armanym ýok!» diýdi. 31  Ýusup kakasyna we doganlaryna: «Gidip, faraona+: „Kakam hem doganlarym tutuş maşgalasy bilen Kengandan geldi+. 32  Olar mal bakyp+, çopançylyk edýär+. Sürülerini we bar zatlaryny alyp gelipdirler“+ diýip habar bereýin. 33  Ol sizi çagyryp: „Käriňiz näme?“ diýip sorasa, 34  „Patyşahym, biz hem ata⁠-⁠babalarymyz ýaly, ýaşlygymyzdan çopançylyk edýäris“+ diýip jogap beriň. Şonda ol size Goşende+ ýaşamaga rugsat berer. Sebäbi müsürliler çopanlary halaýan däldir»+ diýdi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: bar zadyny.
Sözme⁠-⁠söz: görnüş arkaly gepleşip. Sözlüge serediň: Görnüş.
Sözme⁠-⁠söz: Ýusup gözleriňe elini goýar. Ýakup ölende, gözüni Ýusubyň ýapjakdygyny aňladýar.
Agtyk⁠-⁠çowluklary hem göz öňünde tutulýar.
Ýagny Heliopolis.