Birinji Musa 45:1—28

  • Ýusup doganlaryna özüni tanadýar (1—15)

  • Ýusubyň doganlary Ýakuby almaga gidýär (16—28)

45  Muny eşiden Ýusup saklanyp bilmän+, hyzmatkärlerine: «Hemmäňiz daşaryk çykyň!» diýip gygyrdy. Olar giden badyna, Ýusup doganlaryna özüni tanatdy+.  Soňra Ýusup ses edip aglady, sesini müsürliler hem, faraonyň köşgündäkiler hem eşitdi.  Ol doganlaryna: «Men Ýusup. Kakam dirimi?» diýdi. Olaryň bolsa dili tutulyp, aňk⁠-⁠taňk bolup galdylar.  Ýusup doganlaryna: «Hany, golaýrak geliň» diýdi. Doganlary hem ýanyna bardy. Şonda ol: «Men Müsüre satan iniňiz Ýusup!+  Ýöne meni satanyňyza gynanyp, biri⁠-⁠biriňizi günäkärlemäň. Hudaý sizi halas etmek üçin, meni öňüňizden iberdi+.  Iki ýyl bäri hemme ýerde açlyk+. Ýene bäş ýyl ekin⁠-⁠dikinem, hasylam bolmaz.  Ýer ýüzünden nesliňiz ýok bolup gitmez ýaly+, Hudaý meni öňüňizden ýollap, sizi beýik güýji bilen halas etmek isledi.  Meni bärik siz däl⁠-⁠de, hak Hudaý iberdi. Ol meni faraonyň baş weziri edip, bütin hojalygyna we Müsür ýurduna baştutan belledi+.  Baryň, çaltrak kakamyň ýanyna gidiň⁠-⁠de: „Ogluň Ýusup şeýle diýýär diýiň: „Kaka, Hudaý meni tutuş Müsüriň häkimi edip belledi+. Eglenme⁠-⁠de, ýanyma gel+. 10  Ogullaryňy, agtyklaryňy, mal⁠-⁠garaňy, ähli zadyňy alyp gaýt⁠-⁠da, golaýymda Goşende+ ýaşa. 11  Açlyk ýene bäş ýyla çeker, şonuň üçin iýjek⁠-⁠içjegiňizi özüm ýetirip duraryn+. Ýogsam açlykdan ýaňa hiç zadyňyz galmaz, heläk bolarsyňyz“. 12  Agalarym, inim Benýamin, hemmäňiz meniň Ýusupdygymy görüp dursuňyz+. 13  Müsürde gazanan şan⁠-⁠şöhratymy we ähli gören zatlaryňyzy kakama gürrüň beriň⁠-⁠de, çaltrak bärik getiriň» diýdi. 14  Ol Benýamini bagryna basyp aglady, Benýamin hem Ýusuby gujaklap aglady+. 15  Ýusup doganlarynyň hemmesini gujaklap⁠-⁠ogşap aglady. Şondan soň doganlary Ýusup bilen arkaýyn gürleşdiler. 16  Ýusubyň doganlary gelipdir diýen habar faraonyň köşgüne⁠-⁠de baryp ýetdi. Muny eşidip, faraon hem, emeldarlary hem begendi. 17  Faraon Ýusuba şeýle diýdi: «Doganlaryňa aýt, eşeklerine* galla ýüklesinler⁠-⁠de, Kengana gidip, 18  kakaň bilen öýündäkileri alyp gaýtsynlar. Olara Müsüriň iň gowy zatlaryny bererin, mes topraklaryň hasylyny iýdirerin+. 19  Ýene bir tabşyrjak zadym, doganlaryňa aýt+, aýallaryny, çagalaryny we kakaňy alyp gaýdar ýaly+, Müsürden araba⁠-⁠da+ äkitsinler. 20  Aňyrda galan goş⁠-⁠golamlaryna gynanyp oturmasynlar+, sebäbi Müsüriň iň gowy zatlary olaryňky bolar». 21  Ysraýylyň ogullary ähli zady aýdylyşy ýaly etdiler. Faraonyň buýrugyna görä, Ýusup olara araba we ýol üçin galla berdi. 22  Ol doganlarynyň hersine bir laý, Benýamine bolsa bäş laý eşik bilen 300 şekel kümüş berdi+. 23  Kakasyna bolsa on eşege Müsüriň iň gowy zatlaryny ýükläp, ýene on eşege⁠-⁠de galla, çörek we ýolda iýer ýaly dürli⁠-⁠dümen zatlary ýükläp iberdi. 24  Ýusup doganlaryny ugradanda: «Ýolda dawalaşaýmaň»+ diýip tabşyrdy. 25  Şeýlelikde, olar Müsürden gaýdyp, kakalary Ýakubyň ýanyna, Kengana bardylar. 26  Olar kakasyna: «Ogluň Ýusup diri eken! Ol Müsüriň häkimi bolupdyr»+ diýip habar berdiler. Ýakup ogullarynyň gepine ynanyp bilmän, doňup galdy+. 27  Emma ogullary oňa Ýusubyň aýdan zatlaryny birin⁠-⁠birin gürrüň berdiler we iberen arabalaryny görkezdiler. Şonda Ýakubyň ýüregi ynjaldy. 28  Ol begenjine: «Indi ynandym! Balam Ýusup diri eken! Ölmänkäm gidip, didaryny bir göreýin!»+ diýip gygyrdy.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: mallaryna.