Birinji Musa 41:1—57

  • Ýusup faraonyň düýşlerini ýorýar (1—36)

  • Faraon Ýusuby wezipä belleýär (37—46a)

  • Ýusup galla ýygnaýar (46b—57)

41  Iki ýyldan faraon hem düýş gördi+. Ol Nil derýasynyň kenarynda duranmyş.  Birdenkä derýadan ýedi sany semiz, sagdyn sygyr çykyp, Niliň boýunda otlap başlady+.  Soňra derýadan gorkunç we arryk ýedi sygyr çykdy. Olar kenarda otlap ýören semiz sygyrlaryň ýanyna bardylar.  Şol gorkunç we arryk sygyrlar semiz, sagdyn ýedi sygry lak⁠-⁠luk atdylar. Şonda faraon ukudan oýandy.  Faraon uklap, ýene bir düýş gördi. Düýşünde bir baldakdan gowy, dykyz däneli ýedi sümmül çykýarmyş+.  Soňra ýene ýedi sümmül çykdy. Olar gündogardan öwüsýän ýeliň howruna gurap, süllerip gidipdi.  Ýaňky gury sümmüller gowy we dykyz däneli ýedi sümmüli ýuwutdy. Şol wagt faraon oýanyp, munuň düýşdügine düşündi.  Ertesi irden faraon biynjalyklanyp, bir ýerde oturyp bilmedi. Ol Müsüriň ähli jadygöýlerini we akyldarlaryny çagyryp, gören düýşlerini gürrüň berdi. Ýöne hiç kim ýorup bilmedi.  Şonda baş şerapçy faraona ýüzlenip: «Patyşahym, bu gün eden etmişlerimi öňüňizde boýun alaýyn. 10  Jenabym, bir gezek siz hyzmatkärleriňize gaharlandyňyz. Şonda baş çörekçi bilen meni garawullaryň baştutanynyň zyndanyna atdyňyz+. 11  Zyndandakak, bir gije ikimiz hem düýş gördük. Hersiniň öz ýorgudy bardy+. 12  Ýanymyzda bir ýewreý ýigit bardy, ol garawullaryň baştutanynyň hyzmatkäridi+. Düýşümizi gürrüň berdik+ welin, ol ikimiziňkini hem ýorup berdi. 13  Ähli zat aýdyşy ýaly⁠-⁠da boldy. Men⁠-⁠ä öňki wezipäme bellendim, baş çörekçini bolsa pürsden asdylar»+ diýdi. 14  Şonda faraon Ýusuby getirtmek üçin adam iberdi+. Olar Ýusuby derrew zyndandan* çykardylar+. Ol hem saç⁠-⁠sakgalyny syryp, eşiklerini çalşyp, faraonyň huzuryna geldi. 15  Faraon Ýusuba: «Men düýş gördüm, ýöne hiç kim ýorup bilenok. Sen düýş ýorýarmyşyň diýip eşitdim»+ diýdi. 16  Ýusup bolsa: «Patyşahym, men kimmişim?! Goý, Alla düýşüňizi gowulyga ýorsun!»+ diýdi. 17  Faraon düýşüni Ýusuba gürrüň berip başlady: «Men Nil derýasynyň kenarynda duranmyşym. 18  Derýadan ýedi sany semiz, sagdyn sygyr çykyp, Niliň boýunda otlap başlady+. 19  Soňra arryk, eýmenç we çalajan ýedi sygyr çykdy. Tutuş Müsür ilinde beýle gorkunç sygyrlary ömrümde⁠-⁠de görmändim. 20  Ýaňky çöp ýaly gorkunç sygyrlar ýedi semiz sygry ýalmap ýuwudaýdy. 21  Ýöne şonda⁠-⁠da olar zat iýene meňzemedi, öňküsi ýaly arrykdy. Şol wagt hem oýanypdyryn. 22  Men ýene bir düýş gördüm. Düýşümde bir baldakdan gowy, dykyz däneli ýedi sümmül çykdy+. 23  Soňra ýene ýedi sümmül çykdy. Olar gündogardan öwüsýän ýeliň howruna gurap, süllerip gidipdi. 24  Ýaňky gury sümmüller gowy däneli ýedi sümmüli ýuwutdy. Düýşlerimi jadygöýlere⁠-⁠de gürrüň berdim+, ýöne ýorup bilmediler»+. 25  Şonda Ýusup faraona şeýle diýdi: «Patyşahym, gören düýşleriň ýorgudy birdir. Hak Hudaý etjek bolýan zadyny öňünden aýdýar+. 26  Sagdyn ýedi sygyr ýedi ýyly aňladýar. Ýedi gowy sümmül hem ýedi ýyldyr. Iki düýşüň hem ýorgudy birdir. 27  Olardan soň çykan arryk hem gorkunç ýedi sygyr bilen däneleri ýeliň howruna guran ýedi sümmül ýedi ýyl açlygy aňladýar. 28  Patyşahym, ýaňyja aýdyşym ýaly, hak Hudaý etjek bolýan zadyny öňünden aýdypdyr. 29  Müsürde ýedi ýyl bolçulyk bolar. 30  Soňam ýedi ýyl açlyk düşer. Açlyk şeýle bir güýçli bolar welin, Müsürde bolçulyk bolmadyk ýaly bolar. Ýurduň öňki ýagdaýyndan nam⁠-⁠nyşan galmaz+. 31  Güýçli açlyk sebäpli, adamlar bolelin ýaşandygyny ýatdan çykarar. 32  Faraon düýşi iki gezek görüpdir, sebäbi hak Hudaý muny tizden⁠-⁠tiz hökman amala aşyrar. 33  Şonuň üçin faraon bir düşünjeli hem akylly⁠-⁠başly adamy tapyp, Müsüre baştutan edip goýsun. 34  Patyşahym, öňünden aladasyny edip, ýurtda häkimleri belläň we ýedi ýyl bolçulykda hasylyň bäşden bir bölegini ýygnaň+. 35  Goý, olar bolçulykda hasyl ýygnap, siziň ammarlaryňyza üýşürip goýsun+. 36  Şonda ýedi ýyl açlyk döwri halkyň iýere zady bolar, adamlar hem, mal⁠-⁠gara hem heläk bolmaz»+. 37  Ýusubyň maslahaty faraona⁠-⁠da, emeldarlaryna⁠-⁠da ýarady. 38  Faraon emeldarlaryna ýüzlenip: «Hudaýdan şeýle akyl⁠-⁠paýhas alan* adam tapyp bilerismi?!» diýdi. 39  Ol Ýusuba: «Hudaý muny saňa açyp beren bolsa, seniň ýaly düşünjeli, paýhasly adamy tapyp bolmaz. 40  Seni hojalygyma baş edip goýaryn. Adamlar seniň diýeniňden çykmaz+. Patyşa hökmünde diňe men senden beýik bolaryn» diýdi. 41  Faraon sözüniň üstüni ýetirip: «Ine, men seni tutuş Müsür ýurduna baştutan edip belleýärin!»+ diýdi. 42  Ol elindäki möhürli ýüzügini çykardy⁠-⁠da, Ýusubyň eline dakdy, egnine nepis* matadan tikilen lybas geýdirip, boýnuna altyn zynjyr dakdy. 43  Soňra ol Ýusuby ikinji şa arabasyna mündürip: «Tagzym ediň!»* diýip jar çekdirdi. Şeýlelikde, faraon Ýusuby tutuş Müsür iline baştutan edip goýdy. 44  Faraon Ýusuba ýüzlenip: «Patyşa men bolsam⁠-⁠da, Müsürde hiç kim senden rugsatsyz bir ädimem ätmez»+ diýdi. 45  Ol Ýusubyň adyny Sapnatpanyýas diýip üýtgetdi. Soňra ony Ohan* şäheriniň ruhanysy Potiferiň gyzy Asenata+ öýlendirdi. Şeýlelikde, Ýusup Müsür ýurduny dolandyryp başlady+. 46  Ol Müsür faraonyna hyzmat edip başlanda*, 30 ýaşyndady+. Ýusup faraonyň huzuryndan gaýdyp, tutuş Müsür ýurduna aýlanyp çykdy. 47  Ýedi ýyl bolçulyk döwri toprak bol hasyl berdi. 48  Ýusup ýedi ýylyň dowamynda Müsüriň ähli gallasyny ýygnap, şäherlerdäki ammarlara üýşürdi. Ol her şäherde ekin meýdanlaryndan ýygnalan hasyly goýardy. 49  Ýusup deňiz çägesi deý ummasyz köp galla toplady. Ýygnalan hasyl şeýle bir kändi welin, soňabaka ölçär ýaly bolmady. 50  Açlyk döwri başlamanka, Ýusubyň iki ogly boldy+. Aýaly Asenat Ohan* şäheriniň ruhanysy Potiferiň gyzydy. 51  Ýusup: «Hudaý gaýgy⁠-⁠hasratymy unutdyrdy, atamyň öýüni küýsetmedi» diýip, uly oglunyň adyna Manaşa*+ dakdy. 52  Ikinji ogly bolanda: «Jebir çeken ýurdumda Hudaý meni perzentli etdi»+ diýip, adyna Efraýym*+ goýdy. 53  Müsürde ýedi ýyl bolçulyk tamamlandy+. 54  Ýusubyň aýdyşy ýaly, ýedi ýyl açlyk başlandy+. Hemme ýurtlara açlyk düşdi. Müsürlileriň bolsa iýere çöregi bardy+. 55  Ahyry açlyk Müsüre⁠-⁠de gelip ýetdi. Halk çörek diläp, faraona ýalbaryp başlady+. Şonda faraon: «Ýusubyň ýanyna baryň, ol näme diýse, şonuň bilen boluň»+ diýdi. 56  Bütin ýer ýüzünde açlyk höküm sürýärdi+. Ýusup ammarlary açyp, müsürlilere galla satyp başlady+, sebäbi Müsürde⁠-⁠de açlyk güýjäpdi. 57  Başga halklar hem Müsüre gelip, Ýusupdan galla satyn alýardylar, sebäbi bütin dünýäde açlyk gitdigiçe güýjeýärdi+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: guýudan; çukurdan.
Sözme⁠-⁠söz: Üstünde Hudaýyň ruhy bolan.
Ýa⁠-⁠da: zygyr. Sözlüge serediň: Zygyr.
Sözme⁠-⁠söz: Awrek! Halkyň oňa hormat goýmalydygyny aňladýan bolmaly.
Ýagny Heliopolis.
Ýa⁠-⁠da: faraonynyň huzuryna baranda.
Ýagny Heliopolis.
Manysy: Unutdyrýan.
Manysy: Iki esse hasylly.