Birinji Musa 39:1—23

  • Ýusup Potifaryň öýünde (1—6)

  • Ýusup Potifaryň aýalyna yrylmaýar (7—20)

  • Ýusup zyndanda (21—23)

39  Ysmaýyllar+ Ýusuby Müsüre eltdiler+. Faraonyň köşk emeldary, garawullaryň baştutany Potifar+ Ýusuby olardan satyn aldy.  Ýehowa Ýusuby goldaýardy+. Ýusubyň edeni ugruna bolýardy. Müsürli hojaýyny ony öýüne gözegçi edip goýdy.  Hojaýyny hem Ýehowanyň Ýusuby goldaýandygyny, ähli işine Ýehowanyň bereket berýändigini görýärdi.  Şeýlelikde, Ýusup hojaýynynyň göwnünden turup, onuň geňeşçisi* boldy. Potifar ony bütin hojalygyna baş edip, ähli zadyny ynandy.  Şondan soň Ýehowa Ýusubyň hatyrasyna, müsürli Potifaryň rysgal⁠-⁠döwletini artdyrdy. Ýehowa Potifaryň tutuş öýüne we ekin meýdanlaryna bol bereket berdi+.  Wagtyň geçmegi bilen, Potifar bütin mal⁠-⁠mülküni Ýusuba tabşyrdy. Indi Potifar iýjek çöreginden başga zada kellesini agyrtmaýardy. Ýusup daýaw hem görmegeý ýigit bolup ýetişdi.  Birnäçe wagtdan Potifaryň aýaly Ýusuba göz gyzdyryp: «Meniň bilen ýat» diýip başlady.  Ýöne Ýusup yrylmady. Ol Potifaryň aýalyna: «Hojaýynym menden arkaýyn bolansoň, öýündäki zatlar hakda hiç hili hasabat soramaýar. Ol bar zadyny maňa ynandy.  Şu öýde menden ygtyýarly adam ýok. Ol senden başga hemme zadyny elime berdi, sebäbi sen hojaýynymyň aýaly. Onsoň, men nädip beýle erbet iş edip, Hudaýa garşy günä edeýin?!»+ diýdi. 10  Potifaryň aýaly Ýusuby her gün yrjak bolýardy. Ýöne Ýusup hiç yrylmaýardy, onuň bilen ikiçäk hem galmaýardy. 11  Günlerde bir gün Ýusup öz işi bilen öýe girdi, şol wagt içerde hyzmatkärleriň hiç biri ýokdy. 12  Şonda hojaýynyň aýaly Ýusuba ýapyşyp, eşiginden tutdy⁠-⁠da: «Meniň bilen ýatsana!» diýdi. Emma Ýusup daşaryk gaçyp gitdi, eşigi bolsa aýalyň elinde galdy. 13  Potifaryň aýaly Ýusubyň eşigini taşlap gaçyp gidenini görende, 14  hyzmatkärleri çagyryp: «Serediň⁠-⁠ä, ärimiň öýe getiren ýewreý guly meni zorlap, ile⁠-⁠güne masgara etjek boldy! Menem sesimiň ýetdiginden gygyrdym. 15  Gygyryp başladym welin, eşigini taşlady⁠-⁠da, gaçyp gitdi» diýdi. 16  Hojaýyny gelýänçä, aýal Ýusubyň eşigini ýanynda saklady. 17  Ol ärine⁠-⁠de: «Seniň ýewreý guluň meni biabraý etjek boldy. 18  Ýöne gygyryp başladym welin, eşigini taşlap, daşaryk gaçyp gitdi» diýdi. 19  Aýaly: «Guluň maňa şeýtdi» diýen badyna, Potifaryň gany depesine urdy. 20  Ol Ýusuby äkidip, zyndana taşlady. Şol zyndanda patyşanyň tussaglary saklanýardy. Şeýdip, Ýusup türmä düşdi+. 21  Ýöne Ýehowa wepaly söýgüsi* bilen Ýusuby zyndanda⁠-⁠da goldaýardy. Hudaýyň kömegi bilen, Ýusup zyndanyň başlygynyň hormatyny gazandy+. 22  Zyndanyň başlygy ähli tussaglary Ýusuba tabşyrdy. Ýusup olaryň işlerine gözegçilik ederdi, hiç kim onuň sözünden çykmazdy+. 23  Zyndanyň başlygy Ýusuba ynanan işlerini barlajak hem bolmaýardy. Sebäbi Ýehowa Ýusuby goldaýardy, haýsy işiň başyna barsa⁠-⁠da, Ýehowa edenini ugruna edýärdi+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: maslahatçysy; ynamdar hyzmatkäri.
Sözlüge serediň.