Birinji Musa 37:1—36

  • Ýusubyň düýşleri (1—11)

  • Ýusup we görip doganlary (12—24)

  • Ýusup gul edip satylýar (25—36)

37  Ýakup Kenganda, kakasynyň gelmişek bolup ýaşan ýurdunda ýaşaýardy+.  Ýakubyň ömri şeýledir. Ýusup+ 17 ýaşly oglanka, kakasynyň gyrnaklary Bilhanyň+ we Zilpanyň+ ogullary bilen mal bakýardy+. Bir gün ol doganlarynyň edýän erbet işlerini kakasyna gürrüň berdi.  Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan+ has gowy görerdi, sebäbi ol garran çagy doglan ogludy. Kakasy Ýusuba üýtgeşik don hem tikip berdi.  Kakalarynyň Ýusuby has gowy görýändigini bilip, doganlary Ýusuby ýigrenýärdiler we gödek gürleşýärdiler.  Günlerde bir gün Ýusup doganlaryna gören düýşüni gürrüň berdi+. Şonda olar Ýusuby öňküden⁠-⁠de beter ýigrenip başladylar.  Ýusup olara: «Agalarym, size gören düýşümi gürrüň bereýin.  Biz meýdanda bugdaý desseläp ýören ekenik. Birdenkä meniň dessäm dikeldi. Siziň desseleriňiz bolsa daşyna aýlanyp, baş egdiler»+ diýdi.  Şonda doganlary: «Näme, üstümizden patyşa bolup, agalyk etjek bolýaňmy?»+ diýdiler. Gören düýşi we aýdan zatlary üçin, olar Ýusuby has⁠-⁠da ýigrendiler.  Ýusup ýene bir düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berip: «Men ýene düýş gördüm. Bu gezek maňa Gün, Aý hem 11 ýyldyz baş egdi»+ diýdi. 10  Soňra Ýusup düýşüni doganlarynyň ýanynda kakasyna⁠-⁠da gürrüň berdi. Şonda kakasy oňa käýäp: «Düýşüňe nähili düşünmeli? Näme, indi menem, ejeňem, doganlaryňam öňüňde iki bükülip, tagzym etmeli bolarysmy?» diýdi. 11  Şondan soň agalary Ýusuba has⁠-⁠da göriplik edip başladylar+, kakasy bolsa oglunyň aýdanlaryny ýüreginde saklady. 12  Bir gün Ýusubyň agalary Şekemiň+ golaýyna kakalarynyň sürüsini bakmaga gitdiler. 13  Ysraýyl Ýusuba: «Agalaryň Şekemiň golaýynda mal bakyp ýör. Gidip, olardan habar tutup gaýt» diýdi. Ýusup: «Bolýar, kaka» diýdi. 14  Şonda kakasy: «Bar, onda doganlaryň ýagdaýy nähili, mallar nähili, hemme zat gowulykmy, bilip gel» diýip, Ýusuby Hebron jülgesinden+ Şekeme iberdi. 15  Ýusup öri meýdanda iki ýana aýlanyp ýörkä, biri ony görüp: «Inim, kimi gözleýäň?» diýip sorady. 16  Ýusup: «Doganlarymy gözläp ýörün. Sürülerini nirede bakýanlaryny bilýän⁠-⁠ä dälsiň?» diýdi. 17  Ýaňky adam: «Olar bärden gitdiler. „Dotana gideliň“ diýenler⁠-⁠ä gulagyma ildi» diýdi. Şonda Ýusup Dotana gidip, agalaryny tapdy. 18  Doganlary Ýusuby uzakdan gördüler. Ýusup heniz gelmänkä, doganlary ony öldürmek hakda dil düwşüp başladylar. 19  Olar bir⁠-⁠birine: «Serediň, düýşleriň soltany+ gelýär! 20  Geliň, Ýusuby öldürip, jesedini gurruk guýa taşlalyň⁠-⁠da, ýyrtyjy haýwan iýipdir diýeliň. Hany onsoň göreli, ojagaz düýşleri çyn bolarmyka?!» diýişdiler. 21  Muny eşiden Ruben+: «Ýok, öldürmäliň!»+ diýdi. Ol Ýusuby doganlarynyň elinden halas etjek bolýardy. 22  Ruben olara: «Ýusubyň ganyna galmaň+, çölüň içinde şu guýa taşlasaňyz taşlaň, ýöne öldürmäň»+ diýdi. Ol Ýusuby halas edip, kakasyna sag⁠-⁠aman gowşurjak bolýardy. 23  Ýusup agalarynyň ýanyna baran badyna, olar onuň egninden owadan donuny+ sypyryp aldylar. 24  Özüni bolsa tutup, guýa taşladylar. Şol wagt guýy boşdy, içinde suw ýokdy. 25  Soňra olar iýip⁠-⁠içmäge oturdylar. Bir seretseler, Gileaddan ysmaýyllaryň+ kerweni gelýän eken. Düýelere ladan* şiresini, melhem we şireli agaç gabygyny+ ýükläp, Müsüre äkidip barýardylar. 26  Şonda Ýahuda doganlaryna: «Inimizi öldürip, etmişimizi gizlänimiziň näme peýdasy bar?+ 27  Gowusy, Ýusuby ysmaýyllara satalyň+. Ol biziň elimizden bir ölmesin, näme⁠-⁠de bolsa, ganybir doganymyz» diýdi. Olar Ýahudanyň aýdyşy ýaly etdiler. 28  Midýan+ täjirleri golaýa gelende, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ysmaýyllara 20 şekel kümşe satdylar+. Olaram Ýusuby Müsüre alyp gitdiler. 29  Biraz wagtdan Ruben dolanyp geldi. Ol guýuda Ýusubyň ýokdugyny görende, dady⁠-⁠perýat edip, ýakasyny ýyrtdy. 30  Soňra doganlarynyň ýanyna baryp: «Inimiz ýok! Işim gaýtdy, indi nätsemkäm?!» diýip gygyrdy. 31  Olar bir tekäni soýup, Ýusubyň donuny gana buladylar. 32  Soňra dony kakalaryna iberip: «Şu dony tapdyk welin, gör hany, ogluňky dälmi?»+ diýip habar ýolladylar. 33  Ýakup donuň eýlesine⁠-⁠beýlesine seredişdirip: «Oglumyň dony! Wah, balam wagşy haýwanyň penjesine düşüp, tike⁠-⁠tike bolupdyr!» diýip perýat etdi. 34  Ol ýakasyny ýyrtyp, biline jul orap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy. 35  Ogul⁠-⁠gyzlary Ýakuba göwünlik berjek bolýardy, ýöne ol çagalaryny diňlemän: «Indi ölýänçäm*+, oglumyň ýasyny tutaryn!» diýdi. Kakasy Ýusup üçin köp wagtlap hasrat çekdi. 36  Midýanlar bolsa Ýusuby Müsüre eltip, faraonyň köşk emeldary, garawullaryň baştutany+ Potifara+ satdylar.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: mazara inýänçäm. Sözlüge serediň: Mazar.