Birinji Musa 36:1—43

  • Ysawyň nesli (1—30)

  • Edom patyşalary we emirleri (31—43)

36  Ysawyň, ýagny Edomyň+ ömri şeýledir.  Ysaw Kengan gyzlaryna öýlendi. Ol het halkyndan Elonyň+ gyzy Adany+, hiwi halkyndan Anahyň gyzy, Zybgonyň agtygy Oholbamy+,  Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň+ uýasy Basematy+ aldy.  Ada Ysawa Alypazy, Basemat Reguweli,  Oholbam bolsa Ýeguşy, Ýelamy we Karuny+ dogrup berdi. Olar Ysawyň Kenganda doglan ogullarydy.  Soňra Ysaw aýallaryny, ogul⁠-⁠gyzlaryny, tutuş öý⁠-⁠içerisini, mal⁠-⁠garasyny+, Kenganda toplan ähli baýlygyny alyp, inisi Ýakubyň ýanyndan başga ýurda göçdi+.  Sebäbi olaryň mal⁠-⁠mülki köpelip, bile ýaşamak kynlaşdy. Sürüleriniň köplüginden ýaňa öri meýdany darlyk edýärdi.  Şonuň üçin Ysaw Segiriň daglaryna+ göçdi. Ysawa Edom+ hem diýerdiler.  Segiriň daglarynda ýaşan edomlylaryň atasy Ysawyň nesli+ şulardyr*. 10  Ysawyň ogullary: aýaly Adadan bolan Alypaz, Basematdan bolan Reguwel+. 11  Alypazyň ogullary: Teýman+, Omar, Zepo, Gatam we Kenaz+. 12  Timna Ysawyň ogly Alypazyň gyrnagydy. Ol Alypaza Amalegi+ dogrup berdi. Olar Ysawyň aýaly Adanyň agtyklarydy. 13  Reguweliň ogullary: Nahat, Zera, Şammaý we Mizza. Olar Ysawyň aýaly Basematyň+ agtyklarydy. 14  Anahyň gyzy, Zybgonyň agtygy Oholbam äri Ysawa Ýeguşy, Ýelamy we Karuny dogrup berdi. 15  Ysawyň neslinden gelip çykan emirler*+ şulardyr: Ysawyň uly ogly Alypazyň ogullary: Teýman emir, Omar emir, Zepo emir, Kenaz+ emir, 16  Karun emir, Gatam emir we Amalek emir. Alypazyň+ ogullary Edom ýurdunyň emirleridi. Olar Adanyň agtyklarydy. 17  Ysawyň ogly Reguweliň ogullary: Nahat emir, Zera emir, Şammaý emir we Mizza emir. Reguweliň ogullary Edom ýurdunyň+ emirleridi. Olar Ysawyň aýaly Basematyň agtyklarydy. 18  Ysawyň aýaly Oholbamyň ogullary: Ýeguş emir, Ýelam emir we Karun emir. Olar Anahyň gyzy, Ysawyň aýaly Oholbamdan dörän emirlerdi. 19  Bular Ysawyň, ýagny Edomyň+ ogullary we olardan dörän emirlerdir. 20  Şol ýurtda ýaşaýan hory halkyndan Segiriň ogullary+ şulardyr: Lotan, Şobal, Zybgon, Anah+, 21  Dişon, Ezer we Dişan+. Segiriň ogullary Edom ýurdundaky hory halkynyň emirleridi. 22  Lotanyň Hor we Hemam diýen ogullary bardy. Uýasynyň ady Timnady+. 23  Şobalyň ogullary: Alwan, Manahat, Gewal, Şepa we Onam. 24  Zybgonyň+ ogullary: Aýah bilen Anah. Anah kakasy Zybgonyň eşeklerini bakyp ýörkä, çölde gyzgyn suwly çeşmeleri tapdy. 25  Anahyň Dişon atly ogly, Oholbam diýen gyzy bardy. 26  Dişonyň ogullary: Hemdan, Eşban, Ytran we Keran+. 27  Ezeriň ogullary: Bilhan, Zagawan we Akan. 28  Dişanyň ogullary: Uz bilen Aran+. 29  Hory halkynyň emirleri şulardyr: Lotan emir, Şobal emir, Zybgon emir, Anah emir, 30  Dişon emir, Ezer emir we Dişan+ emir. Olar Segir ýurdundaky hory halkynyň emirleridi. 31  Ysraýyllaryň heniz patyşasy ýokka+, Edom ýurdunda höküm süren patyşalar+ şulardyr: 32  Benur ogly Beli Edomda hökümdarlyk etdi, onuň şäherine Dinhaba diýýärdiler. 33  Beli ýogalyp, ýerine bosraly Zeranyň ogly Ýobap geçdi. 34  Ýobap ýogalyp, ýerine teýmanly Huşam geçdi. 35  Huşam ýogalyp, ýerine Bedatyň ogly Hadat geçdi. Ol Mowap topragynda midýanlary+ derbi⁠-⁠dagyn etdi. Onuň şäherine Awit diýýärdiler. 36  Hadat ýogalyp, ýerine masrekaly Samlak geçdi. 37  Samlak ýogalyp, ýerine derýanyň boýundaky Rehobotdan Şewul geçdi. 38  Şewul ýogalyp, ýerine Ahboryň ogly Bagalhanan geçdi. 39  Ahboryň ogly Bagalhanan ýogalyp, ýerine Hadar geçdi. Onuň şäherine Paw diýýärdiler. Aýalynyň ady Mehetabeldi; ol Matretiň gyzy, Mezhabyň agtygydy. 40  Tirelerine we ýaşaýan ýerlerine görä, Ysawyň nesillerinden dörän emirler şulardyr: Timnah emir, Alwa emir, Ýetet+ emir, 41  Oholbaý emir, Elah emir, Pinon emir, 42  Kenaz emir, Teýman emir, Mibsar emir, 43  Magdyýel emir we Iram emir. Olar ýaşan ýerlerine görä+, Edomyň emirleridi. Ysaw edomlylaryň atasydy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ömri şeýledir.
Taýpa baştutanlary göz öňünde tutulýar.