Birinji Musa 35:1—29

  • Ýakup ýalan taňrylary ýok edýär (1—4)

  • Ýakup Beýtele dolanýar (5—15)

  • Benýamin dogulýar; Rahel aradan çykýar (16—20)

  • Ysraýylyň 12 ogly (21—26)

  • Yshak aradan çykýar (27—29)

35  Soňra Hudaý Ýakuba: «Git⁠-⁠de, Beýtelde+ ýaşa we agaň Ysawdan gaçyp gaýdanyňda+ özüňe görnen hak Hudaý üçin gurbanlyk ojagyny* gur» diýdi.  Ýakup öý⁠-⁠içerisindäkilere we ýanyndaky adamlara: «Ýalan taňrylaryňyzy ýok ediň+, ýuwnup⁠-⁠ardynyň⁠-⁠da, eşikleriňizi çalşyň.  Ýörüň, Beýtele gideliň. Kyn günümde ahy⁠-⁠nalamy eşidip, nirä gitsem, meni goldan hak Hudaý+ üçin gurbanlyk ojagyny guraýyn» diýdi.  Olar ähli butlaryny we gulakhalkalaryny* Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky uly agajyň aşagynda gömdi.  Ýola düşenlerinde, Hudaý daş⁠-⁠töwerekdäki şäherleri gorka saldy. Şonuň üçin olar Ýakubyň ogullarynyň yzyndan kowalamadylar.  Ahyry Ýakup adamlary bilen Kengan ýurdundaky Luza+, ýagny Beýtele baryp ýetdi.  Ýakup gurbanlyk ojagyny gurup, şol ýeriň adyna Elbeýtel* goýdy. Sebäbi agasyndan gaçyp barýarka, hak Hudaý oňa şol ýerde görnüpdi+.  Biraz wagtdan Rebekanyň enekesi Debora+ ýogaldy. Ony Beýteliň çetindäki dub agajynyň aşagynda jaýladylar. Ýakup şol agaja Alon⁠-⁠bakut* diýip at goýdy.  Ýakup Paddan⁠-⁠aramdan gaýdyp gelýärkä, Hudaý oňa ýene⁠-⁠de görnüp, ak pata berdi. 10  Alla: «Seniň adyň Ýakup+. Ýöne indi adyň Ýakup däl⁠-⁠de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şondan soň Hudaý Ýakuba Ysraýyl+ diýip başlady. 11  Soňra Hudaý: «Men Gudratygüýçli Hudaý+. Köpelip, sanyňy artdyr. Sen köp milletleriň, halklaryň atasy bolarsyň+, nesliňden patyşalar dörär+. 12  Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we nesliňe bererin»+ diýdi. 13  Hudaý Ýakup bilen gepleşip boldy⁠-⁠da, ýanyndan gitdi. 14  Ýakup Hudaý bilen gepleşen ýerinde daşlary üýşürip, daş üýşmeginiň üstüne şerap sadakasy bilen ýag guýdy+. 15  Ol Hudaý bilen gepleşen ýerine soň⁠-⁠soňlaram Beýtel+ diýerdi. 16  Olar Beýtelden çykyp, ýola düşdüler. Efratyň golaýynda Raheliň burgusy tutup başlady. Çagasy dogulýança, Rahel gaty kösendi. 17  Ol agyrysyna çydaman, iňňildäp ýatyrka, göbegene: «Gorkma, ýene bir ogluň boldy»+ diýdi. 18  Rahel demini sanap ýatyrka, janhowluna oglunyň adyna Bengam* dakdy, kakasy bolsa Benýamin*+ goýdy. 19  Şeýdip, Rahel aradan çykdy. Raheli Efrata, ýagny Beýtullahama+ barýan ýolda jaýladylar. 20  Ýakup mazaryň üstünde bir uly daş goýdy. Şol daş Raheliň mazarynda henizem dur. 21  Şondan soň Ysraýyl ýene⁠-⁠de ýola düşdi. Ol Eder diňine baryp, aňyrsynda çadyryny dikdi. 22  Ysraýyl şol ýurtda ýaşap ýörkä, Ruben kakasynyň gyrnagy Bilha bilen ýatdy. Muny Ysraýyl hem eşitdi+. Ýakubyň 12 ogly bardy. 23  Leýadan bolan ogullary: nowbahar ogly Ruben+, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysahar we Zebulun. 24  Rahelden bolan ogullary: Ýusup bilen Benýamin. 25  Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan bilen Naftaly. 26  Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gad bilen Aşer. Olar Ýakubyň Paddan⁠-⁠aramda doglan ogullarydy. 27  Ahyrsoňy Ýakup kakasy Yshagyň ýanyna geldi. Yshak Ybraýym bilen özüniň gelmişek bolup ýaşan+ ýerinde, Kirýat⁠-⁠arbadaky, ýagny Hebrondaky Mamrede+ bolýardy. 28  Yshak 180 ýaşady+. 29  Ol uzak ömür sürüp, durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi. Ogullary Ysaw bilen Ýakup kakasyny jaýladylar+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Öňler başga halklar gulakhalkany doga⁠-⁠tumar hökmünde dakypdyrlar.
Manysy: Beýteliň Hudaýy.
Manysy: Hasratly dub agajy.
Manysy: Hasratymyň ogly.
Manysy: Sag elim.