Birinji Musa 33:1—20

  • Ýakup Ysaw bilen görüşýär (1—16)

  • Ýakup Şekeme gidýär (17—20)

33  Ýakup görse, Ysaw 400 nökeri bilen golaýlaşyp gelýär+. Ol çagalaryny Leýa, Rahele we iki gyrnagyna tabşyrdy+.  Gyrnaklary we olaryň çagalaryny öňde+, Leýany we onuň çagalaryny olardan soň+, Rahel+ bilen Ýusuby bolsa iň yzda goýdy.  Özi hem öňe geçip, agasyna tarap ýöräp ugrady we ýanyna ýetýänçä, ýedi gezek tagzym etdi.  Ysaw ylgap gelip, Ýakuby gujaklap ogşady; olar aglaşdylar.  Ysaw aýallary we çagalary görüp: «Bular kim?» diýip sorady. Ýakup: «Olary maňa* Hudaý berdi»+ diýdi.  Şonda gyrnaklary çagalary bilen gelip, Ysawa tagzym etdiler.  Leýa hem çagalary bilen öňe çykyp, tagzym etdi. Iň soňunda Ýusup bilen Rahelem gelip, tagzym etdi+.  Ysaw: «Hyzmatkärleriň bilen birgiden maly näme üçin iberdiň?»+ diýip sorady. Ýakup: «Göwnüňi tapaýyn diýip ugratdym, agam»+ diýdi.  Şonda ol: «Inim, meniň kem zadym ýok+. Mallaryň özüňde galsyn» diýdi. 10  Ýakup bolsa: «Ýok, beý diýme. Menden razy bolsaň, sowgat⁠-⁠serpaýymy kabul et. Olary seniň güler ýüzüňe zar bolup iberdim. Meni gujak açyp garşylanyňda, edil Hudaýyň ýüzüni gören ýaly boldum+. 11  Ýagşy niýet bilen beren zadymy yzyna gaýtarma+. Hudaý rysgal⁠-⁠döwletimi artdyrdy»+ diýdi. Ol ýalbaryp duransoň, Ysaw ahyry sowgat⁠-⁠serpaýlary aldy. 12  Soňra Ysaw: «Indi ýola düşeliň. Men öňüňizden ýöräp giderin» diýdi. 13  Emma Ýakup: «Agam, kiçi çagalarym bar+. Owlak⁠-⁠guzuly goýunlar, göleli sygyrlar hem maňa alada, olary bir günde gyssap äkitsek, bary haram öler. 14  Şonuň üçin sen gidiber. Men çagalar bilen mal⁠-⁠gara görä, ýuwaş⁠-⁠ýuwaşdan gyssanman bararyn. Seniň bilen Segirde görşeris»+ diýdi. 15  Ysaw: «Onda birnäçe nökerimi ýanyňda goýup gideýin» diýdi. Ýakup bolsa: «Ýok, azar etme. Hojaýynymyň göwnüni tapan bolsam, şonuň özem ýetik» diýdi. 16  Ysaw şol gün Segire dolandy. 17  Ýakup bolsa Sukota+ gidip, özüne öý, mallaryna agyl gurdy. Ol şol ýere Sukot* diýip at goýdy. 18  Şeýlelikde, Paddan⁠-⁠aramdan+ gaýdan Ýakup sag⁠-⁠aman Kengan ýurdundaky+ Şekem+ şäherine geldi. Ol şäheriň golaýynda düşledi. 19  Soňam Şekemiň kakasy Hamoryň ogullaryndan 100 kümüş teňňä bir bölek ýer satyn alyp, çadyryny dikdi+. 20  Ýakup şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurup, oňa «Hak Hudaý Ysraýylyň Hudaýydyr»+ diýip at goýdy.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: guluňa.
Manysy: Çatmalar; agyllar.
Sözlüge serediň.