Birinji Musa 32:1—32

  • Ýakubyň öňünden perişdeler çykýar (1, 2)

  • Ýakup Ysaw bilen görüşmäge taýýarlanýar (3—23)

  • Ýakup perişde bilen göreşýär (24—32)

    • Ýakuba Ysraýyl ady goýulýar (28)

32  Ýakup ýoluny dowam etdi. Ýolda öňünden Hudaýyň perişdeleri çykdy.  Ýakup perişdeleri görüp: «Bärde Hudaýyň goşuny düşläpdir!» diýdi⁠-⁠de, şol ýere Mahanaýym* diýip at goýdy.  Soňra Ýakup Edoma+, ýagny Segir ýurduna+, agasy Ysawyň ýanyna habarçylaryny ýollap,  şeýle tabşyryk berdi: «Hojaýynym Ysawa aýdyň: „Guluň Ýakup şeýle diýýär: „Şu wagta çenli Labanyň öýünde ýaşap+,  öküzleri, eşekleri, goýun⁠-⁠geçileri, gul⁠-⁠gyrnaklary edindim+. Agam, şu habarçylarymy seniň göwnüňi tapmak üçin iberdim“».  Biraz wagtdan habarçylar Ýakubyň ýanyna dolanyp: «Agaň Ysaw bilen gepleşdik. Ol seni garşylamaga gelýär, ýanynda⁠-⁠da 400 nökeri bar»+ diýdiler.  Muny eşiden Ýakup gorkup, howsala düşdi+. Ol adamlaryny we goýun⁠-⁠geçilerini, öküzlerini, düýelerini iki topara böldi.  Ýakup: «Eger Ysaw bir toparyň üstüne çozsa, beýlekisi gaçyp gutular» diýip pikir etdi.  Soňra Ýakup Hudaýa doga edip, şeýle diýdi: «Atam Ybraýymyň, kakam Yshagyň Hudaýy Ýehowa, sen maňa: „Ýurduňa, dogan⁠-⁠garyndaşlaryň ýanyna dolan, seniň aladaňy ederin“ diýipdiň+. 10  Men seniň wepaly söýgiňe*, munça ýagşylygyňa mynasyp däl+. Iordan derýasyndan geçenimde, elimde hasamdan başga zat ýokdy. Indi welin uly hojalygym, birgiden mal⁠-⁠garam bar*+. 11  Ýalbarýaryn+, meni doganym Ysawyň elinden halas et. Ol üstüme hüjüm edäýse+, aýallarymyza, çagalarymyza çenli gyrar öýdýärin. 12  Maňa: „Seniň aladaňy ederin, nesliňi deňiz çägesi deý köpelderin, olar sanardan köp bolar“ diýipdiň»+. 13  Ýakup gijäni şol ýerde geçirdi. Soňra agasy Ysawa sowgat⁠-⁠serpaý etjek mallaryny saýlady+. 14  Ol sürüsinden 200 geçi, 20 teke, 200 goýun, 20 goç 15  bilen 30 köşekli düýe, 40 sygyr, 10 öküz, 30 eşek* saýlap aldy+. 16  Ýakup mallary aýry⁠-⁠aýry sürä böldi. Sürüleriň hersini bir hyzmatkärine tabşyryp: «Öňümizden gidip, derýadan geçiň. Her süriniň arasyny biraz açyp ýöräň» diýdi. 17  Ol birinji hyzmatkärine: «Doganym Ysaw öňüňden çykyp: „Kimiň guly bolarsyň? Nirä barýaň? Süri kimiňki?“ diýip sorasa, 18  „Guluňyz Ýakubyň sürüsi. Hojaýyn, ol mallary size sowgat⁠-⁠serpaý edip iberdi+, özi yzymyzdan gelýär“ diý» diýip tabşyrdy. 19  Ýakup ikinji, üçünji hyzmatkärine, sürüleri äkiden ähli hyzmatkärine şol bir tabşyrygy berip: «Ysawa duşanyňyzda, sizem ýaňky diýenlerimi aýdyň. 20  Soňam: „Guluň Ýakup yzymyzdan gelýär“ diýiň» diýdi. Sebäbi Ýakup: «Sowgat⁠-⁠serpaý iberip, agamyň ýüregini ýumşadyp bilsem+, meni güler ýüz bilen garşylar» diýip pikir edýärdi. 21  Şeýlelikde, ol sowgatlary öňünden iberdi, özi bolsa agşam düşelgede galdy. 22  Ýakup gije turup, iki aýalyny+, iki gyrnagyny+ we 11 ogluny alyp, Ýabok derýasynyň ýalpak ýerinden geçdi+. 23  Ol bütin maşgalasyny we ähli zadyny derýadan geçirdi. 24  Ýakup ýeke galanda, bir adam* peýda bolup, daňa çenli onuň bilen göreşdi+. 25  Ol adam Ýakubyň ýan bermeýändigini görüp, onuň but süňküne elini degirdi. Şonda Ýakubyň but süňki çykdy+. 26  Ol Ýakuba: «Daň atyp barýar, meni goýber!» diýdi. Ýakup bolsa: «Ak pata bermeseň, goýbermerin!»+ diýdi. 27  Ol Ýakupdan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Ýakup» diýdi. 28  Şonda ol adam: «Indi adyň Ýakup däl⁠-⁠de, Ysraýyl*+ bolar. Sebäbi sen Hudaý hem adamlar bilen göreşip+, ahyrynda üstün çykdyň» diýdi. 29  Ýakup ondan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ol bolsa: «Adymy näme üçin soraýaň?»+ diýdi⁠-⁠de, şol ýerde oňa ak pata berdi. 30  Ýakup: «Hudaý bilen ýüzbe⁠-⁠ýüz bolsam⁠-⁠da, diri galdym»+ diýip, şol ýere Peniýel*+ diýip at goýdy. 31  Ýakup Penuwelden* geçende, jahan ýagtylypdy. Ol agsap ýöreýärdi, sebäbi but süňki çykypdy+. 32  Ysraýyllar häli⁠-⁠häzire çenli malyň budundaky siňri* iýmeýärler, sebäbi ol adam Ýakubyň budunyň siňrine elini degripdi.

Çykgytlar

Manysy: Iki düşelge.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: iki düşelgäniň eýesi boldum.
Sözme⁠-⁠söz: 20 urkaçy eşek, 10 erkek eşek.
Adam keşbine giren perişde göz öňünde tutulýar.
Manysy: Hudaý bilen ýeňilmän göreşýän; Hudaý göreşýär.
Manysy: Hudaýyň ýüzi.
Ýa⁠-⁠da: Peniýelden.
Ýa⁠-⁠da: saçuzyny; saçy.