Birinji Musa 31:1—55

  • Ýakup Kengana gaçyp gaýdýar (1—18)

  • Laban Ýakubyň yzyndan ýetýär (19—35)

  • Ýakup bilen Laban äht baglaşýar (36—55)

31  Aradan birnäçe wagt geçdi. Bir gün Ýakup Labanyň ogullarynyň: «Ýakup kakamyzyň bar zadyna eýe çykdy. Kakamyzyň hasabyna baýady»+ diýen gürrüňini eşitdi.  Laban hem oňa öňküsi ýaly ýüz bermeýärdi+.  Şonda Ýehowa Ýakuba: «Ata⁠-⁠babalaryň ýurduna, dogan⁠-⁠garyndaşlaryň ýanyna dolan+, seni goldaryn» diýdi.  Ýakup Rahel bilen Leýany mal bakyp ýören ýerine çagyrdyp,  şeýle diýdi: «Görýärin welin, kakaňyzyň öňküligi ýok+. Ýöne atamyň Hudaýy meni goldaýar+.  Kakaňyza janym⁠-⁠tenim bilen hyzmat edenimi gowy bilýänsiňiz+.  Ol bolsa mekirlik edip, zähmet hakymy telim* gezek üýtgetdi. Ýöne Hudaý onuň zyýan ýetirmegine ýol bermedi.  Daýym: „Menekli mallar iş hakyň bolar“ diýende, hemme mallar menekli guzlady. „Ala mallar iş hakyň bolar“ diýende welin, ähli mallar ala guzlady+.  Şeýdip, Hudaý kakaňyzyň mallaryny elinden alyp, maňa berdi. 10  Mallaryň höwre gelýän wagty bir düýş gördüm. Seretsem, geçiler bilen jübütleşýän tekeler menekli, tegmilli we ala eken+. 11  Düýşümde hak Hudaýyň perişdesi: „Ýakup!“ diýip çagyrdy. Men: „Diňleýärin!“ diýip jogap berdim. 12  Şonda ol: „Seret, geçiler bilen jübütleşýän tekeleriň hemmesi menekli, tegmilli we aladyr. Labanyň seni ne günlere salanyny gördüm+. 13  Men Beýtelde+ saňa görnen hak Hudaýdyryn. Şol ýerde bir daşy ýadygärlik edip goýup*, maňa wada beripdiň+. Indi bärden git⁠-⁠de, dogduk mekanyňa dolan“+ diýdi». 14  Şonda Rahel bilen Leýa şeýle jogap berdiler: «Atamyzyň öýünde bize hiç hili paý berilmez. 15  Kakam bizi keseki ýaly edip satdy, indi şol pullaryň hasabyna ýaşap ýör+. 16  Hudaýyň kakamdan alan ähli baýlygy, aslynda, biziňki we çagalarymyzyňky+. Hudaý näme diýen bolsa, şony hem et»+. 17  Şeýlelikde, Ýakup çagalaryny, aýallaryny düýelere mündürip+, 18  Paddan⁠-⁠aramda edinen mallaryny, goş⁠-⁠golamlaryny+ alyp, Kengan ýurduna, kakasy Yshagyň ýanyna ýola düşdi+. 19  Laban gyrkyma gidipdi. Rahel pursatdan peýdalanyp, kakasynyň+ butlaryny*+ ogurlady. 20  Ýakup bolsa siriýaly* Labanyň özündenem ökde çykyp*, öýüne gaýtjagyny oňa aýtmady. 21  Ol ähli zadyny alyp, gaçyp gitdi we derýadan*+ geçip, Gileadyň+ daglaryna tarap ýola düşdi. 22  Üçünji gün diýlende, Laban Ýakubyň gaçyp gidendigini eşitdi. 23  Ol dogan⁠-⁠garyndaşlaryny ýygnap, Ýakuby kowalady. Ýedi günden Gileadyň daglarynda yzyndan ýetdi. 24  Gije Hudaý siriýaly* Labanyň+ düýşüne girip+: «Ýakuba ýagşydan⁠-⁠ýamandan hiç zat diýäýme»+ diýdi. 25  Ýakup Gileadyň daglarynda düşläpdi. Laban hem dogan⁠-⁠garyndaşlary bilen çadyryny şol ýerde dikdi. Ol Ýakubyň ýanyna baryp, 26  şeýle diýdi: «Nämä beýtdiň? Näme üçin meni aldap, gyzlarymy ýesir ýaly alyp gaýtdyň? 27  Mekirlik edip, aýtman⁠-⁠etmän gaýdyberipsiň. Aýdan bolsaň, deprek, arfa çalyp, aýdym aýdyp, şatlyk⁠-⁠şagalaň bilen ugradardym. 28  Gyzlarymy, agtyjaklarymy bagryma basyp* hoşlaşmaga⁠-⁠da mümkinçilik bermediň. Munyň⁠-⁠a gelşiksiz bolýar. 29  Saňa näme edeýin diýsem, güýjüm ýetýär. Ýöne öten agşam ataň Hudaýy: „Ýakuba ýagşydan⁠-⁠ýamandan hiç zat diýäýme“+ diýip tabşyrdy. 30  Öýüňdäkileri küýsäpsiň diýeli, ýöne taňrylarymy ogurlap gaýtmaň näme?»+ 31  Şonda Ýakup: «Gyzlaryňy zor bilen alyp galarsyň öýdüp, saňa aýtman gaýtdym. 32  Ýaňky diýýän taňrylaryňy bolsa kimden tapsaň, başy ölümlidir. Garyndaşlaryň öňünde goşlary barla⁠-⁠da göräý, nämäň çyksa, alyp gidiber» diýdi. Ýakup Raheliň butlary ogurlandygyny bilmeýärdi. 33  Laban Ýakubyň, Leýanyň we iki gyrnagyň+ çadyryny barlady, ýöne butlary tapmady. Ol Leýanyň çadyryndan çykyp, Raheliňkä girdi. 34  Rahel butlary alyp, düýäniň howudyna* salypdy, özem olaryň üstünde otyrdy. Laban çadyryň hemme ýerini barlap çykdy, ýöne olary tapmady. 35  Rahel bolsa: «Kaka, men şu wagt ýaramok*+, ýerimden turmaýanyma gaharlanma» diýdi. Laban näçe gözlese⁠-⁠de, butlaryny tapyp bilmedi+. 36  Şonda Ýakup Labana gaharlanyp: «Meni beýdip yzarlar ýaly, saňa näme ýamanlyk etdim? Etmişim näme? 37  Goş⁠-⁠golamlarymy bir çetden dörüp çykdyň, öýüňden alnan iňňe ýaly zat tapdyňmy? Tapan bolsaň, getir, dogan⁠-⁠garyndaşlaryň öňünde goý. Olar kimiň haklydygyny aýtsyn. 38  Soňky 20 ýylyň içinde saňa hyzmat etdim. Goýun⁠-⁠geçileriňden hiç biri owlak⁠-⁠guzusyny düşüren däldir+. Süriňden ýekeje goç hem iýmedim. 39  Ýyrtyjy haýwanyň penjesine düşen mallary ýanyňa getirmedim+, öwezini özüm doldum. Süriňden mal ogurlanaýsa, gündiz ogurlandymy ýa gije, tapawudy ýok, olaryň baryny menden talap ederdiň. 40  Gündiz depämden gün geçirip, agşam sowukdan titräp, gijelerimi ukusyz geçirdim+. 41  Ömrümiň 20 ýyly gapyňda geçdi. Gyzlaryň üçin 14 ýyl işledim, öz mal⁠-⁠garam bolsun diýip, süriňi ýene 6 ýyl bakdym. Sen bolsa hakymy telim* gezek üýtgetdiň+. 42  Atam Ybraýymyň Hudaýy+, kakam Yshagyň Hudaýy*+ arkamda durmadyk bolsa, elimi boş goýbererdiň. Ýöne Hudaý meniň çeken azabymy, ezýetimi görüp, öten agşam saňa duýduryş beripdir»+ diýdi. 43  Laban bolsa: «Gyzlaram, çagalaram, mal⁠-⁠garalaram meniňki. Ine şu görýän ähli zadyň meniňki, gyzlarymyňky. Gyzlaryma ýa agtyklaryma ýamanlyk etmäge, heý⁠-⁠de, elim bararmy? 44  Gel, ikimiz äht baglaşaly. Goý, şol äht aramyzdaky ylalaşygy ýatlatsyn*» diýdi. 45  Şonda Ýakup bir daşy alyp, ýadygärlik edip goýdy+. 46  Ol dogan⁠-⁠garyndaşlaryna: «Daş üýşüriň!» diýdi. Olar daşlardan ullakan üýşmek etdiler. Soňra şol üýşmegiň üstünde iýip içdiler. 47  Laban oňa Ýegar⁠-⁠sahadut*, Ýakup bolsa Galet* diýip at goýdy. 48  Laban: «Daş üýşmegi ikimiziň aramyzdaky ähti ýatladar*» diýdi. Şol sebäpli Ýakup oňa Galet+ we 49  Garawul diňi diýen ady goýdy. Sebäbi Laban: «Biri⁠-⁠birimizden uzakda bolsak⁠-⁠da, goý, Ýehowa edýän işlerimize gözegçilik etsin. 50  Gyzlarymy ynjydaýsaň ýa olaryň üstüne aýal alaýsaň, bilip goý, adam görmese⁠-⁠de, Hudaý görýändir» diýdi. 51  Soňra Laban Ýakuba: «Ine, ikimiziň diken ýadygärlik daşymyz we daş üýşmegi aramyzda dur. 52  Sen⁠-⁠ä men tarapa, menem sen tarapa ýaman niýet bilen geçmez ýaly, goý, şol ýadygärlik daşy we daş üýşmegi ähtimizi ýatlatsyn*+. 53  Ybraýymyň Hudaýy+, Nahuryň Hudaýy, olaryň atasynyň Hudaýy ikimize kazylyk etsin» diýdi. Ýakup hem kakasy Yshagyň Hudaýynyň*+ adyndan ant içdi. 54  Ýakup şol dagda Hudaýa gurbanlyk berip, dogan⁠-⁠garyndaşlaryny nahara çagyrdy. Olar iýip⁠-⁠içip, gijesini şol ýerde geçirdiler. 55  Laban ir bilen turup, gyzlaryny, agtyklaryny bagryna basdy⁠-⁠da*+, olara ak pata berip+, öýüne gaýtdy+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: on.
Ýa⁠-⁠da: mukaddes edip.
Sözlüge serediň: Maşgala butlary.
Sözme⁠-⁠söz: arameý.
Ýa⁠-⁠da: mekir bolup.
Ýewfrat derýasy göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: arameý.
Sözme⁠-⁠söz: ogşap.
Düýä ýük urmak üçin ulanylýan ýörite enjam.
Ýa⁠-⁠da: aýbaşym gelýär.
Sözme⁠-⁠söz: on.
Sözme⁠-⁠söz: Yshagyň Gorkýany.
Sözme⁠-⁠söz: ylalaşygyň şaýady bolsun.
Arameý dilindäki şu söz «Şaýatlyk üýşmegi» diýmegi aňladýar.
Ýewreý dilindäki şu söz «Şaýatlyk üýşmegi» diýmegi aňladýar.
Sözme⁠-⁠söz: ähtiň şaýady bolar.
Sözme⁠-⁠söz: ähtimiziň şaýady bolsun.
Sözme⁠-⁠söz: kakasy Yshagyň Gorkýanynyň.
Sözme⁠-⁠söz: ogşady⁠-⁠da.