Birinji Musa 29:1—35

  • Ýakup bilen Rahel (1—14)

  • Ýakup Rahele aşyk bolýar (15—20)

  • Ýakup Leýa bilen Rahele öýlenýär (21—29)

  • Ýakup bilen Leýanyň dört ogly: Ruben, Şimgon, Lewi we Ýahuda (30—35)

29  Ýakup ýoluny dowam edip, gündogar halklaryň ýurduna gitdi.  Ýolda bir guýa gözi düşdi. Guýynyň başynda üç süri goýun ýatyrdy. Mallary şol guýudan suwa ýakardylar. Guýynyň agzynda ullakan daş bardy.  Çopanlar sürülerini ýygnap, guýynyň agzyndaky daşy aýrardylar we mallaryny suwa ýakardylar. Soňra daşy ýene⁠-⁠de guýynyň agzyna goýardylar.  Ýakup çopanlardan: «Doganlar, siz nireli?» diýip sorady. Olar: «Harandan»+ diýip jogap berdiler.  Ýakup: «Nahuryň agtygy+ Labany+ tanaýaňyzmy?» diýip sorady. Olar hem: «Hawa» diýdiler.  Şonda Ýakup: «Ol sag⁠-⁠gurgun gezip ýörmükä?» diýdi. Çopanlar: «Hawa, sag⁠-⁠aman gezip ýör. Hana, gyzy Rahel+ sürüsi bilen gelýär» diýdiler.  Ýakup: «Ýaňy bir günortan boldy, heniz goýunlary ýygnardan ir ahyryn. Olary suwa ýakyň⁠-⁠da, bakmaga äkidiň» diýdi.  Olar bolsa: «Ähli sürüleri ýygnap, guýynyň agzyndaky daşy aýyrmasak, goýunlary suwa ýakyp bilmeris» diýip jogap berdiler.  Ýakup çopanlar bilen gepleşip durka, Rahel kakasynyň goýunlaryny guýa getirdi, sebäbi sürini ol bakýardy. 10  Ýakup daýysy Labanyň gyzy Raheli we sürüsini gören badyna, guýynyň agzyndaky daşy togalap aýyrdy⁠-⁠da, goýunlary suwa ýakdy. 11  Ol Raheli ogşap salamlaşdy⁠-⁠da, içigip⁠-⁠içigip aglady. 12  Ýakup Rahele kakasy bilen garyndaşdygyny, Rebekanyň ogludygyny aýtdy. Gyz ylgap gidip, bar zady kakasyna gürrüň berdi. 13  Laban+ ýegeni Ýakubyň gelendigini eşiden badyna, ylgap öňünden çykdy. Ol Ýakuby gujaklap ogşady⁠-⁠da, öýüne alyp gaýtdy. Ýakup ähli zady ýekän⁠-⁠ýekän gürrüň berdi. 14  Şonda Laban: «Sen meniň süňk hossarym*» diýdi. Ýakup bir aýlap Labanyň öýünde ýaşady. 15  Soňra Laban Ýakuba: «Ýegenim+ diýip, seni mugt işledip bolmaz. Hyzmatyň üçin näçe tölemeli bolsa aýt»+ diýdi. 16  Labanyň iki gyzy bardy. Ulusynyň ady Leýa, kiçisiniňki Raheldi+. 17  Leýanyň öçügsije gözleri bardy, Rahel bolsa üzümiň suwy ýaly owadandy. 18  Ýakup Rahele aşyk bolup, daýysyna: «Kiçi gyzyň Rahel üçin ýedi ýyl hyzmat edeýin»+ diýdi. 19  Laban: «Gyzymy kesekä berenden, saňa berenim gowy, ýanymda ýaşaber» diýdi. 20  Şeýlelikde, Ýakup Rahel üçin ýedi ýyl işledi+. Ýöne ýedi ýyl onuň üçin ýedi gün ýaly bolup geçdi, sebäbi ol Raheli ýürekden söýýärdi. 21  Soňra Ýakup Labana: «Işlemeli möhletim⁠-⁠ä doldy. Indi gelinligimi ber, öýleneýin» diýdi. 22  Laban töwerek⁠-⁠daşyny çagyryp, uludan toý tutdy. 23  Emma ol gije Ýakubyň ýanyna* Rahele derek uly gyzy Leýany eltdi. 24  Laban gyrnagy Zilpany gyzy Leýa berdi+. 25  Ýakup irden turup görse, ýanynda Leýa ýatan eken. Şonda ol Labana: «Daýy, näme üçin beýtdiň? Men saňa Rahel üçin hyzmat etdim⁠-⁠ä. Näme meni aldadyň?»+ diýdi. 26  Laban: «Adatymyza görä, uly gyzdan öň kiçisini durmuşa çykarmak aýyp görülýär. 27  Leýany alanyňa bir hepde bolsun, soň kiçi gyzymy hem bererin, ýöne onuň üçinem ýedi ýyl hyzmat etmeli bolarsyň»+ diýdi. 28  Ýakup Labanyň aýdyşy ýaly etdi. Bir hepdelik toý geçen badyna, Laban Raheli hem Ýakuba durmuşa çykardy. 29  Gyrnagy Bilhany+ bolsa Rahele berdi+. 30  Ýakup Rahele ýanaşdy*. Ol Leýadan Raheli has gowy görýärdi. Ýakup Rahel üçin Labana ýene⁠-⁠de ýedi ýyl hyzmat etdi+. 31  Ýehowa Leýanyň söýülmeýändigini görüp, oňa çaga berdi*+. Raheliň bolsa çagasy bolmaýardy+. 32  Leýa göwreli bolup, ogul dogurdy. Ol: «Ýehowa gözýaşymy görüp, maňa nazar saldy+. Indi⁠-⁠hä, ärim meni gowy görer» diýip, oglunyň adyna Ruben*+ dakdy. 33  Leýa ýene⁠-⁠de göwreli bolup, ogul dogurdy. Ol: «Ýehowa ahy⁠-⁠nalamy eşitdi, ärimiň meni söýmeýändigini görüp, ýene bir ogul berdi» diýip, adyna Şimgon*+ goýdy. 34  Ol ýene⁠-⁠de göwreli bolup, ogul dogurdy. Leýa: «Indi⁠-⁠hä, ärim maňa ysnyşar. Men oňa üç ogul dogrup berdim» diýip, oglunyň adyna Lewi*+ goýdy. 35  Soňra ýene⁠-⁠de göwreli bolup, ogul dogurdy. Ol: «Indi Ýehowany şöhratlandyraýyn» diýip, oglunyň adyna Ýahuda*+ dakdy. Şondan soň birnäçe wagtlap Leýanyň çagasy bolmady.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýakyn garyndaşym.
Ýa⁠-⁠da: Ýakup ýanaşar ýaly.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: onuň ýatgysyny açdy.
Manysy: Görsene, oglum boldy!
Manysy: Eşitmek.
Manysy: Ysnyşyk; birikmek.
Manysy: Şöhratlanan; alkyşlanan.