Birinji Musa 28:1—22

  • Yshak Ýakuby Paddan⁠-⁠arama iberýär (1—9)

  • Ýakubyň Beýtelde gören düýşi (10—22)

    • Hudaý wadasyny Ýakuba aýdýar (13—15)

28  Yshak Ýakuby çagyrdy⁠-⁠da, ak pata berip, şeýle tabşyryk berdi: «Kengan gyzlaryna öýlenäýme+.  Paddan⁠-⁠arama, babaň Betuweliň öýüne git⁠-⁠de, daýyň Labanyň bir gyzyna+ öýlen.  Gudratygüýçli Hudaý seni ýalkar we ogul⁠-⁠gyzly edip, nesliňi köpelder, senden uly halk dörär+.  Hudaý Ybraýyma wada eden berekedini saňa we nesliňe berer+. Sen Hudaýyň Ybraýyma beren ýurduny, gelmişek bolup ýaşap ýören topragyňy miras alarsyň»+.  Şeýlelikde, Yshak Ýakuby Paddan⁠-⁠arama iberdi. Ol hem ýola düşüp, siriýaly* Betuweliň+ ogly Labanyň ýanyna gitdi. Laban Ýakup bilen Ysawyň ejesi Rebekanyň doganydy+.  Ysaw Yshagyň Ýakuba ak pata berendigini, «Kengan gyzlaryna öýlenäýme»+ diýip, gelin almak üçin Paddan⁠-⁠arama iberendigini,  inisi Ýakubyň hem ene⁠-⁠atasyna gulak asyp, Paddan⁠-⁠arama gidendigini eşitdi+.  Şonda Ysaw kakasynyň Kengan gyzlaryny halamaýandygyna düşündi+.  Ol Ysmaýylyň kowum⁠-⁠garyndaşlarynyň ýanyna gitdi⁠-⁠de, öňki iki aýalynyň üstüne Nebaýotyň uýasy Mahalaty aldy+. Mahalat Ybraýymyň ogly Ysmaýylyň gyzydy. 10  Ýakup Beýer⁠-⁠şebadan çykyp, Harana+ tarap gidip barýardy. 11  Gün ýaşanda, ol gijäni geçirmek üçin düşledi we bir daşa kellesini goýup ýatdy+. 12  Düýşünde ýerden asmana çenli uzalyp gidýän basgançak gördi. Şol basgançakdan Hudaýyň perişdeleri münüp⁠-⁠düşüp ýördi+. 13  Basgançagyň ýokarsynda Ýehowa durdy. Ol Ýakuba şeýle diýdi: «Men ataň Ybraýymyň, kakaň Yshagyň Hudaýy Ýehowa+. Ýatan ýeriňi, tutuş ýurdy saňa we nesliňe bererin+. 14  Nesliň çäge deý köpelip+, çar tarapa* ýaýrar. Ýer ýüzüniň ähli milletleri sen we nesliň arkaly bereket alar+. 15  Men seniň bilendirin, nirä gitseňem, seni gorap, şu ýurda sag⁠-⁠aman yzyňa getirerin+. Seni hiç wagt taşlamaryn, beren wadalarymy berjaý ederin»+. 16  Ýakup ukudan oýanyp: «Asyl men Ýehowanyň mesgenine gelipdirin⁠-⁠ä, muny bilmändirinem» diýdi. 17  Ol gorkup: «Bärsi mukaddes ýer! Hudaýyň öýi+ we gögüň derwezesi eken»+ diýdi. 18  Ir bilen turup, kellesiniň aşagyndaky daşy ýadygärlik edip goýdy⁠-⁠da, üstüne ýag guýdy+. 19  Ýakup şol ýere Beýtel* diýip at goýdy. Öň şäheriň ady Luzdy+. 20  Şonda Ýakup Hudaýa söz berip: «Eger Hudaý meni goldap, ýolboýy penasynda saklasa, aç⁠-⁠hor etmän, 21  atamyň öýüne sag⁠-⁠aman getirse, Ýehowanyň, hakykatdanam, meniň Hudaýymdygyna göz ýetirerin. 22  Ýadygärlik edip goýan daşym Hudaýyň öýi+ bolar. Eý Hudaý, maňa berjek ähli zadyň ondan birini saňa bererin» diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: arameý.
Sözme⁠-⁠söz: gündogara, günbatara, demirgazyga we günorta.
Manysy: Hudaýyň öýi.