Birinji Musa 27:1—46

  • Ýakup Yshakdan ak pata alýar (1—29)

  • Ysaw ak pata dileýär, ýöne ýürekden toba etmeýär (30—40)

  • Ysaw Ýakuby ýigrenýär (41—46)

27  Yshagyň ýaşy bir çene ýetipdi, gözi kütelip, hiç zat saýgarmaýardy. Ol: «Oglum!» diýip, uly ogly Ysawy+ çagyrdy. Ysaw: «How, kaka!» diýip, ýanyna geldi.  Şonda Yshak: «Oglum, men⁠-⁠ä indi garrapdyryn, bir aýagym görde.  Ok⁠-⁠ýaýyňy al⁠-⁠da, çöle gidip, maňa aw awlap gel+.  Soňam gowy görýän naharymy bişir, naharyňdan iýip, ölmänkäm, saňa ak pata bereýin» diýdi.  Şeýlelikde, Ysaw kakasy üçin aw awlamaga gitdi+. Yshagyň Ysawa aýdanlaryny Rebeka⁠-⁠da eşitdi.  Ol ogly Ýakuba+: «Ýaňyja kakaň bilen Ysawyň gürrüňini diňledim. Kakaň:  „Aw awlap gel⁠-⁠de, maňa gowy görýän naharymy bişirip ber. Nahardan iýip, ölmänkäm, Ýehowanyň öňünde saňa ak pata bereýin“+ diýdi.  Oglum, meni gowuja diňle⁠-⁠de, aýdanymy et+.  Git⁠-⁠de, sürüden iki sany semiz owlak alyp gel. Men kakaň halaýan naharyny bişireýin. 10  Senem eltip ber, kakaň ölmänkä, saňa ak pata bersin» diýdi. 11  Şonda Ýakup ejesine: «Men doganym Ysaw ýaly tüýlek+ däl. 12  Kakam meni elläp, tanasa näme?+ Onuň üstünden gülen ýaly bolaryn, ak pata almaga derek gargyşa galaýmasam» diýdi. 13  Ejesi bolsa: «Goý, şol gargyş maňa siňsin, oglum. Aýdanymy et⁠-⁠de, ýaňky diýenimi getir»+ diýdi. 14  Ýakup gidip, ejesiniň diýen zatlaryny getirip berdi. Rebeka äriniň halaýan naharyny bişirdi. 15  Soňra içerden uly ogly Ysawyň iň gowy eşigini aldy⁠-⁠da, Ýakuba geýdirdi+. 16  Elini we boýnuny owlak derisi bilen ýapdy+. 17  Bişiren nahary bilen çöregini hem Ýakuba berdi+. 18  Ýakup Yshagyň ýanyna baryp: «Kaka!» diýdi. Ol: «Hä, oglum, sen Ýakupmy ýa Ysaw?» diýdi. 19  Ýakup: «Men uly ogluň Ysaw+. Hemme zady aýdyşyň ýaly etdim, kaka. Hany, dikelip otur⁠-⁠da, getiren aw etimden iý. Soň maňa ak pata berersiň»+ diýdi. 20  Şonda Yshak: «Oglum, awdan gaty çalt gelipsiň⁠-⁠le» diýdi. Ýakup: «Ýehowa Hudaýyň awumy öňüme çykardy» diýip jogap berdi. 21  Yshak: «Golaýyma gel, oglum, seni elläp göreýin, dogrudanam, Ysawmykaň»+ diýdi. 22  Ýakup kakasynyň ýanyna süýşdi, Yshak ony elläp görüp: «Ses⁠-⁠ä Ýakubyňky welin, eli Ysawyňky»+ diýdi. 23  Ýakubyň eli edil dogany Ysawyňky ýaly tüýlekdi. Kakasy Ýakuby tanaman, ak pata berdi+. 24  Yshak ondan: «Dogrudanam, sen Ysawmy?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa» diýdi. 25  Şonda Yshak: «Hany, maňa nahar guýup ber, aw etiňden iýip, ak pata bereýin» diýdi. Ýakup kakasynyň öňünde nahar bilen şerap goýdy, ol hem iýip içdi. 26  Soňra Yshak: «Oglum, gel, meni ogşa»+ diýdi. 27  Ýakup baryp, kakasyny ogşady. Yshak oglunyň eşigini ysgady+. Ol Ýakuba ak pata berip: «Oglumyň ysy Ýehowanyň bereketli sährasynyňky ýaly ýakymlydyr. 28  Goý, hak Hudaý saňa asmanyň çygyny+, mes topraklary+ bersin, gallaňy we täze şerabyňy köpeltsin+. 29  Halklar saňa hyzmat etsin, milletler öňüňde baş egsin. Doganlaryň üstünden hojaýyn bol, goý, olar seniň öňüňde dyz epsin+. Saňa gargana gargyş siňsin, alkyşlana alkyş bolsun»+ diýdi. 30  Şeýdip, Yshak Ýakuba ak pata berdi. Ýakup kakasynyň ýanyndan çykan badyna, Ysaw awdan geldi+. 31  Ol kakasyna nahar bişirip getirdi⁠-⁠de: «Kaka, tur hany, ogluň getiren aw etinden iý. Soň maňa ak pata berersiň» diýdi. 32  Şonda Yshak: «Sen kim?» diýip sorady. Ol: «Men uly ogluň Ysaw»+ diýdi. 33  Yshak sandyr⁠-⁠sandyr edip: «Onda senden öň maňa aw etinden nahar getiren kimdi? Men nahardan iýip, oňa ak pata berdim⁠-⁠ä! Wah, indi etjek alajym ýok!» diýdi. 34  Muny eşiden Ysaw naýynjar ses bilen gygyryp, kakasyna: «Maňa⁠-⁠da ak pata beräý, kaka, maňa⁠-⁠da!» diýip ýalbaryp başlady+. 35  Emma Yshak: «Iniň meni aldap, saňa berjek patamy aldy» diýdi. 36  Şonda Ysaw: «Onuň adyna ýöne ýere Ýakup* goýulmandyr. Ol eýýäm ikinji gezek paýymy elimden aldy+. Öň⁠-⁠ä nowbaharlyk hakymy aldy+, indem ak patamy!»+ diýdi. Soňra ol kakasyna: «Indi maňa ak pata berjek dälmi?*» diýdi. 37  Yshak: «Iniňi üstüňden hojaýyn edip goýdum+. Ähli doganlaryňy oňa hyzmatkär etdim. Galla bilen täze şeraby hem berdim+. Saňa berer ýaly zat galdymy, oglum?» diýdi. 38  Ysaw bolsa: «Kaka, sen ýekeje gezek ak pata berip bilýäňmi? Maňa⁠-⁠da pata ber, maňa⁠-⁠da!» diýip özelendi. Soňra ol möňňürip aglady+. 39  Şonda Yshak: «Seniň ýaşajak ýeriňde mes toprak hem, asmanyň çygy hem bolmaz+. 40  Gylyç bilen günüňi görersiň+, iniňe hyzmat edersiň+. Emma sabyr käsäň dolanda, oňa garşy aýaga galyp, golastyndan azat bolarsyň*»+ diýdi. 41  Kakasyndan ak pata alandygy üçin, Ysaw Ýakuby ýigrenýärdi+. Ol içinden: «Kakamyň ölümine az wagt galdy+. Şondan soň Ýakubyň ýoguna ýanaryn» diýýärdi. 42  Ysawyň niýetini Rebeka habar berenlerinde, ol dessine Ýakuby çagyryp: «Oglum, doganyň seni öldürip, ar aljak bolýar*. 43  Maňa gulak as⁠-⁠da, bärden gaç, Harandaky Laban daýyňlara git+. 44  Agaň gahary ýatyşýança, şol ýerde bol. 45  Ol biraz köşeşsin, eden zatlaryň ýadyndan çykyşsyn. Soň adam iberip, seni getirderin. Bir günüň içinde ikiňizi hem ýitiresim gelenok» diýdi. 46  Soňra Rebeka Yshagyň ýanyna baryp: «Het gyzlaryndan ýaňa durmuşdan doýdum+. Indi Ýakubam şu ýurtdaky hetleriň gyzyna öýlenäýse, dat günüme!»+ diýdi.

Çykgytlar

Manysy: Ökjä ýapyşýan; biriniň ýerini alýan.
Ýa⁠-⁠da: hiç hili ak pata ýokmy?
Sözme⁠-⁠söz: gerdeniňe goýan boýuntyrygyny döwersiň.
Ýa⁠-⁠da: seni öldürerin diýip, özüni köşeşdirip ýör.