Birinji Musa 26:1—35

  • Yshak bilen Rebeka Gerarda (1—11)

    • Hudaý wadasyny Yshaga aýdýar (3—5)

  • Guýularyň üstünde dawa (12—25)

  • Yshak bilen Abymälik äht baglaşýar (26—33)

  • Ysaw iki sany het gyza öýlenýär (34, 35)

26  Ybraýymyň döwründe bolşy ýaly, ýurtda ýene⁠-⁠de açlyk başlandy+. Şonda Yshak Gerardaky piliştlileriň hany Abymäligiň ýanyna gitdi.  Şol ýerde Ýehowa Yshaga görnüp, şeýle diýdi: «Müsüre gitmän, meniň görkezjek ýerimde ýaşa.  Häzirlikçe bärde gal+. Seni goldap, üstüňe bol bereket ýagdyraryn+. Kakaň Ybraýyma beren sözümde durup*, tutuş ýurdy saňa hem nesliňe bererin+. Men Ybraýyma:  „Nesliňi asman ýyldyzlary deý köpeldip+, tutuş ýurdy mülk edip bererin+. Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly bereket alar“+ diýip ant içipdim.  Sebäbi ol maňa gulak asyp, bütin ömrüne tabşyryklarymy, buýruklarymy we kada⁠-⁠kanunlarymy berjaý edip ýaşady»+.  Şeýdip, Yshak Gerarda+ ýaşaberdi.  Şol ýurduň adamlary Rebeka hakda sorasa, Yshak: «Ol meniň uýam»+ diýerdi. Aýaly owadan+ bolany üçin, Yshak: «Rebekany aljak bolup, meni öldürerler» diýýärdi, şol sebäpli ol Rebeka aýalym diýmäge gorkýardy.  Aradan birnäçe wagt geçdi. Bir gün piliştlileriň hany Abymälik penjireden seredende, Yshak bilen Rebekanyň näz⁠-⁠kereşme edip durandygyny gördi+.  Abymälik dessine Yshagy çagyryp: «Rebeka aýalyň eken⁠-⁠ä! Oňa näme üçin uýam diýip ýörsüň?» diýdi. Şonda Yshak: «Aýalymy aljak bolup, meni öldürerler öýdüp gorkdum»+ diýdi. 10  Abymälik: «Näme üçin beýtdiň?+ Biri aýalyň bilen ýatan bolsa, biz günä galardyk!»+ diýdi. 11  Soňra ol: «Kimde⁠-⁠kim şu adama ýa⁠-⁠da aýalyna barmagyny batyraýsa, başy ölümlidir!» diýip jar çekdirdi. 12  Yshak ýaşap ýören ýurdunda ekin ekip başlady. Şol ýyl 100 esse köp hasyl aldy, sebäbi Ýehowa oňa bereket berýärdi+. 13  Yshagyň mal⁠-⁠mülki artyp, juda baýady. 14  Onuň süri⁠-⁠süri maly, köp hyzmatkärleri bardy+. Piliştliler Yshaga göriplik edip başladylar. 15  Piliştliler Yshagyň kakasy Ybraýymyň hyzmatkärleriniň gazan ähli guýularyny gömüp çykdylar+. 16  Abymälik Yshaga: «Sen bizden güýçlenip barýaň! Gowusy, bärden git» diýdi. 17  Şonda Yshak Gerar jülgesine+ göçdi. 18  Yshak kakasy Ybraýymyň döwründe gazylan guýulary täzeden gazdy, sebäbi Ybraýym ölensoň, piliştliler olary gömüpdiler+. Yshak şol guýulara kakasynyň dakan adyny goýdy+. 19  Yshagyň hyzmatkärleri jülgede guýy gazyp ýörkäler, süýji suw tapdylar. 20  Gerardaky çopanlar: «Suw biziňki!» diýip, Yshagyň çopanlary bilen dawalaşyp başladylar. Şonuň üçin Yshak şol guýa Esek* diýip at goýdy. 21  Olar başga guýy gazdylar, çopanlar oňa⁠-⁠da dawa etdiler. Yshak şol guýa Sitna* diýdi. 22  Soňra ol başga ýere göçüp, ýene bir guýy gazdy, ýöne dawa eden bolmady. Yshak: «Ýehowa bize giň ýaýla berip, sanymyzy köpeltdi»+ diýip, guýynyň adyna Rehobot* goýdy. 23  Soňra Yshak Beýer⁠-⁠şeba+ gitdi. 24  Şol gije Ýehowa oňa görnüp: «Men kakaň Ybraýymyň Hudaýy+. Gorkma+, men seni goldaryn. Gulum Ybraýymyň hatyrasyna seni ýalkap, nesliňi köpelderin»+ diýdi. 25  Yshak şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurup, Ýehowany şöhratlandyrdy*+. Soňra çadyryny dikip+, hyzmatkärlerine guýy gazdyrdy. 26  Biraz wagtdan Abymälik han maslahatçysy Ahuzat we goşunbaşysy Pikal+ bilen Gerardan Yshagyň ýanyna geldi. 27  Şonda Yshak: «Özüňiz⁠-⁠ä meni araňyza sygdyrman, ýurduňyzdan kowup goýberdiňiz. Indi nämä geldiňiz?» diýdi. 28  Olar bolsa: «Ýehowanyň seni ýalkaýandygyna göz ýetirdik+. Gel, ant içip, äht baglaşaly+. 29  Biz saňa diňe ýagşylyk etdik, sag⁠-⁠aman ýola salyp goýberdik. Saňa ýamanlyk etmeýşimiz ýaly, senem bize hiç hili ýamanlyk etmejekdigiňi söz ber. Sen Ýehowanyň ýalkan adamy!» diýdiler. 30  Yshak olara hezzet⁠-⁠hormat edip, öňlerine saçak ýazdy, olar iýip içdiler. 31  Ertesi ir bilen turup, äht baglaşdylar*+. Soňra Yshak olary sag⁠-⁠aman ýola salyp goýberdi. 32  Şol gün Yshagyň hyzmatkärleri gelip, gazyp ýören guýularyndan+ suw çykandygyny habar berdiler. 33  Yshak şol guýa Şiba diýip at goýdy. Şol şähere häli⁠-⁠häzire çenli Beýer⁠-⁠şeba+ diýýärler. 34  Ysaw 40 ýaşyndaka, hetlerden Beýeriň gyzy Ýudite we hetlerden Elonyň gyzy Basemata öýlendi+. 35  Gelinleri Yshak bilen Rebeka görgi baryny görkezdiler+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ant içişim ýaly.
Manysy: Dawa.
Manysy: Aýyplama.
Manysy: Giň ýaýla.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Ýehowanyň adyny çagyrdy.
Ýa⁠-⁠da: ant içip, äht baglaşdylar.