Birinji Musa 25:1—34

  • Ybraýym ýene öýlenýär (1—6)

  • Ybraýym aradan çykýar (7—11)

  • Ysmaýylyň ogullary (12—18)

  • Ýakup bilen Ysaw dogulýar (19—26)

  • Ysaw nowbaharlyk hakyny satýar (27—34)

25  Ybraýym ýene⁠-⁠de öýlendi, aýalynyň ady Keturady.  Wagtyň geçmegi bilen, olaryň Zimran, Ýogşan, Medan, Midýan+, Yşbak we Şuwas+ diýen ogullary boldy.  Ýogşanyň Şeba bilen Dedan atly ogly boldy. Dedanyň ogullary: Aşurim, Letuşim we Legumim*.  Midýanyň ogullary: Eýpah, Eper, Hanoh, Abydag we Eldah. Olaryň hemmesi Keturanyň agtyklarydy.  Ybraýym bütin mal⁠-⁠mülküni Yshaga berdi+.  Ol gyrnaklaryndan bolan ogullaryna⁠-⁠da paý* berip, heniz dirikä, olary Yshakdan uzaga+, gündogar ýurtlara iberdi.  Ybraýym 175 ýaşady.  Ol uzak ömür sürüp, durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi. Ony ata⁠-⁠babalary ýaly jaýladylar.  Ogullary Yshak bilen Ysmaýyl Ybraýymy Mamräniň garşysyndaky Mahpela gowagynda jaýladylar. Şol gowak het halkyndan Zoharyň ogly Epronyň melleginde ýerleşýärdi+. 10  Ybraýym şol mellegi het halkyndan satyn alypdy. Şeýdip, ony aýaly Bibisaranyň ýanynda jaýladylar+. 11  Ybraýym aradan çykansoň, Hudaý onuň ogly Yshaga bol bereket berdi+. Yshak Beýer⁠-⁠lahaýroýyň+ golaýynda ýaşaýardy. 12  Bibisaranyň gyrnagy müsürli Hajar+ Ybraýyma Ysmaýyly+ dogrup beripdi. Ysmaýylyň ömri şeýledir. 13  Ysmaýylyň ogullary bolup, olardan birnäçe tire döredi. Uly oglunyň ady Nebaýotdy+, beýlekileri Kedar+, Adbeýel, Mibsam+, 14  Mişma, Duma, Massa, 15  Hadat, Teýma, Ýetur, Nepes we Kedeman. 16  Ysmaýylyň ogullarynyň ýaşan obalaryna⁠-⁠da, düşelgelerine⁠-⁠de olaryň ady dakyldy. Olar 12 tirebaşydy+. 17  Ysmaýyl 137 ýaşap, dünýäden ötdi, ony ata⁠-⁠babalary ýaly jaýladylar. 18  Onuň nesliniň ýaşan ýerleri Hawyladan+ tä Assiriýa çenli uzalýardy. Hawyla Müsüriň golaýyndaky Şura+ ýakyn ýerleşýärdi. Olar dogan⁠-⁠garyndaşlarynyň ýanynda ýaşadylar*+. 19  Ybraýymyň ogly Yshagyň ömri şeýledir+. Ybraýymyň Yshak atly ogly boldy. 20  Yshak 40 ýaşyndaka, Paddan⁠-⁠aramdan siriýaly* Betuweliň gyzy+, Labanyň uýasy Rebeka öýlendi. 21  Yshak aýaly üçin Ýehowa dileg edýärdi, sebäbi Rebekanyň çagasy bolanokdy. Ýehowa Yshagyň dilegini eşitdi. Rebeka göwreli boldy. 22  Ýöne göwresindäki çagalar bir⁠-⁠birini itekläp başlady+. Şonda Rebeka: «Beýdip jebir çekenimden, ölenim gowudyr!» diýdi. Rebeka munuň sebäbini biljek bolup, Ýehowa doga etdi. 23  Ýehowa bolsa: «Göwräňde ekiz ogul bar+, olardan iki halk dörär+. Biri beýlekisinden güýçli bolar+, ogullaryň ulusy kiçisine hyzmat eder»+ diýdi. 24  Rebekanyň aýy⁠-⁠güni dolup, dogurmaly wagty geldi. Görseler, göwresinde ekiz çaga bar. 25  Birinji doglan çaga çym gyzyldy, possun geýen ýaly tüýlekdi+. Şonuň üçin oňa Ysaw*+ diýip at goýdular. 26  Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp+, ekiz taýy doguldy. Şol sebäpli onuň adyna Ýakup*+ dakdylar. Olar doglanda, Yshak 60 ýaşyndady. 27  Oglanlar ösüp ulalýardy. Ysaw ökde awçy bolup ýetişdi+, ol köp wagtyny sährada geçirerdi. Ýakup bolsa ýuwaş* hem öýdeçidi+. 28  Yshak Ysawy has gowy görýärdi, sebäbi ol kakasyna aw awlap getirýärdi. Rebeka bolsa Ýakuby gowy görýärdi+. 29  Bir gün Ýakup çorba bişirip otyrka, Ysaw ýadap awdan geldi. 30  Ysaw: «Çaltrak şol gyzyl çorbaňdan guýup bersene, aç öldüm!» diýdi. Şonuň üçin oňa Edom*+ diýerdiler. 31  Şonda Ýakup: «Ilki maňa nowbaharlyk hakyňy sat!»+ diýdi. 32  Ysaw bolsa: «Açlygymdan ölüp barýarkam, nowbaharlyk hakyndan ne peýda?!» diýdi. 33  Ýakubam: «Onda ant iç!» diýdi. Ysaw ant içip, nowbaharlyk hakyny Ýakuba satdy+. 34  Şonda Ýakup oňa çörek bilen merjimek çorbasyny berdi. Ysaw garnyny doýrup, turup gitdi. Ol nowbaharlyk hakynyň gadyryny bilmedi*.

Çykgytlar

Şu atlaryň ýewreýçe ýazylyşy tireleri ýa halklary hem aňladyp biler.
Ýa⁠-⁠da: sowgatlar.
Başga manysy: Olar dogan⁠-⁠garyndaşlaryna duşman bolup ýaşadylar.
Sözme⁠-⁠söz: arameý.
Manysy: Tüýlek.
Manysy: Ökjä ýapyşýan; biriniň ýerini alýan.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyz; dogruçyl.
Manysy: Gyzyl.
Ýa⁠-⁠da: äsgermezlik etdi.