Birinji Musa 23:1—20

  • Bibisaranyň ölümi we jaýlanyşy (1—20)

23  Bibisara 127 ýaşap, dünýäden ötdi+.  Ol Kengan ýurdundaky+ Kirýat⁠-⁠arbada+, ýagny Hebronda+ aradan çykdy. Ybraýym aglap, Bibisara üçin ýas tutdy.  Soňra Ybraýym aýalynyň başujundan turdy⁠-⁠da, hetleriň+ ýanyna baryp:  «Men araňyzda ýaşap ýören gelmişek+. Aýalymy jaýlamaga ýer beräýiň» diýdi.  Olar Ybraýyma:  «Agam, sen Hudaýyň bellän baştutany*+. Aýalyňy iň gowy gonamçylygymyzda jaýla. Nirede jaýlajak diýseňem, hiç kim senden ýerini gysganmaz» diýdiler.  Ybraýym turup, şol ýurduň ilaty hetleriň+ öňünde tagzym etdi⁠-⁠de:  «Aýalymy jaýlamaga rugsat berýän bolsaňyz, gaýrat edip, Zoharyň ogly Epron bilen gepleşip beriň.  Ol melleginiň aýagujundaky Mahpela gowagyny maňa sataýsyn, aýdan bahasyny+ töläýin. Aýalymy jaýlamaga ýer+ berse, bahasyny siziň öňüňizde tölärin» diýdi. 10  Hetleriň arasynda Epron hem otyrdy. Ol ildeşlerine we şähere+ gelen adamlara eşitdirip, Ybraýyma: 11  «Agam, geregiň ýer bolsun, saňa diňe gowagy däl, tutuş mellegi bereýin. Ildeşlerimiň öňünde mellegimi saňa berýärin, aýalyňy arkaýyn jaýla» diýdi. 12  Şonda Ybraýym adamlaryň öňünde tagzym etdi⁠-⁠de, 13  hemmelere eşitdirip, Eprona şeýle diýdi: «Ýok, beý diýme, mellegiň bahasyny töläýin. Puluny alsaň, menem aýalymy arkaýyn jaýlaryn». 14  Epron bolsa: 15  «Agam, mellegiň bahasy 400 şekel* kümüş, ýöne beýdip söwdalaşyp durmaly. Bar, aýalyňy arkaýyn jaýla» diýip jogap berdi. 16  Ybraýym Eprony diňledi⁠-⁠de, hemmeleriň* öňünde mellegine näçe nyrh kesen bolsa, şonça kümüş töledi. Ol Eprona söwdagärleriň ölçegi bilen 400 şekel* kümüş çekip berdi+. 17  Şeýdip, Epron Mamräniň garşysyndaky ýerini satdy. Ol Mahpeladaky mellegini gowagy we agaçlary bilen Ybraýyma berdi. 18  Hetler we şähere gelen adamlar şol zatlaryň Ybraýymyň adyna geçendigine şaýat boldular. 19  Soňra Ybraýym aýaly Bibisarany Kengan ýurdundaky Hebronda, Mamräniň gabadynda ýerleşýän Mahpeladaky gowakda jaýlady. 20  Şeýlelikde, hetleriň şol mellegi bilen gowagy Ybraýyma gonamçylyk hökmünde berildi+.

Çykgytlar

Başga manysy: sen beýik baştutan.
Ýa⁠-⁠da: hetleriň.