Birinji Musa 20:1—18

  • Abymälik Bibisarany Ybraýyma yzyna berýär (1—18)

20  Ybraýym Negep ýurduna göçüp+, Kadeş+ bilen Şuruň+ aralygynda ýaşap başlady. Ol biraz wagt Gerarda+ hem ýaşady*.  Ybraýym şol ýerde⁠-⁠de: «Bibisara meniň uýam»+ diýdi. Şonuň üçin Gerar hany Abymälik Bibisarany köşge getirtdi+.  Gije Hudaý Abymäligiň düýşüne girip: «Şol aýaly alandygyň üçin, başyň ölümli+, sebäbi onuň äri bar»+ diýdi.  Emma Abymälik heniz Bibisara ýanaşmandy*. Şol sebäpli ol: «Eý Ýehowa, sen bigünä adamlary ýok edäýjekmi?  Ybraýym: „Ol meniň uýam“ diýdi ahyryn. Bibisaranyň özem: „Ybraýym meniň doganym“ diýdi. Muny ýaman niýet bilen etmedim. Olaryň är⁠-⁠aýaldygyndan habarym ýokdy» diýdi.  Şonda hak Hudaý Abymälige: «Erbet niýetiň ýokdugyny bilýärin. Şonuň üçin ol aýala el degirtmedim, ýogsam maňa garşy günä ederdiň.  Ybraýymyň aýalyny gaýtaryp ber, sebäbi ol meniň pygamberim+. Ol seniň üçin dileg eder+, sen aman galarsyň. Eger onuň aýalyny gaýtaryp bermeseň, bilip goý, özüň hem, öý⁠-⁠içeriň hem heläk bolar» diýdi.  Abymälik ir bilen turup, hyzmatkärlerini ýygnady⁠-⁠da, gören düýşüni gürrüň berdi. Olar muny eşidip, gaty gorkdular.  Abymälik Ybraýymy çagyryp: «Bu näme etdigiň?! Meniň we halkymyň başyna betbagtçylyk getirer ýaly, menden näme ýamanlyk gördüň? Beýle etmeli däldiň» diýdi. 10  Soňra ol Ybraýymdan: «Aýtsana, näme üçin beýtdiň? Maksadyň nämedi?»+ diýip sorady. 11  Ybraýym şeýle jogap berdi: «Bärdäki adamlar Hudaýdan gorkmaýar. Olar aýalymy aljak bolup, meni öldürer öýtdüm+. 12  Onsoňam, ol, çyndanam, meniň uýam, ikimiz ene başga dogan. Men oňa öýlendim+. 13  Hudaý maňa kakamyň öýünden çykyp gaýt diýende+, aýalyma: „Nirä barsagam, maňa doganym diý. Şeýtseň, maňa uly ýagşylyk edersiň*“ diýdim»+. 14  Şonda Abymälik Ybraýymyň aýaly Bibisarany yzyna berdi. Ol Ybraýyma goýun, sygyr, gul⁠-⁠gyrnak hem berdi. 15  Abymälik Ybraýyma: «Ynha, tutuş ýurt öňüňde, islän ýeriňde ýaşa» diýdi. 16  Ol Bibisara⁠-⁠da: «Hemmeler seniň päk aýaldygyňy we namysyňa degilmändigini biler ýaly, doganyňa+ 1 000 kümüş teňňe berýärin» diýdi. 17  Ybraýym hak Hudaýa Abymälik üçin dileg etdi. Şondan soň Hudaý Abymäligiň aýalyny we gyrnaklaryny sagaltdy. Olaryň ýene⁠-⁠de çagalary boldy. 18  Ýehowa Ybraýymyň aýaly Bibisara sebäpli, Abymäligiň hojalygyndaky ähli aýallary çaga dogurmaz ýaly edipdi*+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: gelmişek bolup ýaşady.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirersiň.
Ýa⁠-⁠da: aýallaryň ýatgysyny ýapypdy.