Birinji Musa 15:1—21

  • Hudaý Ybram bilen äht baglaşýar (1—21)

    • 400 ýyl gulçulyk hakda pygamberlik (13)

    • Hudaý Ybrama wadasyny gaýtalaýar (18—21)

15  Şondan soň Ýehowa görnüş* arkaly Ybrama: «Gorkma+, Ybram! Men seniň penakäriň*+. Saňa berjek sylagym uludyr»+ diýdi.  Ybram hem: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, meni nädip sylaglarsyň? Meniň çagam ýok. Ähli mal⁠-⁠mülküm damaskly hyzmatkärim Alygezere+ galar» diýdi.  Ybram sözüni dowam edip: «Maňa perzent+ bermediň. Indi şol hyzmatkärim mirasdüşerim bolar» diýdi.  Emma Ýehowa: «Ýok, hyzmatkäriň däl, bagryňdan önen ogluň mirasdüşeriň bolar»+ diýdi.  Hudaý Ybramy daşaryk çykaryp: «Haýyş edýärin, asmana seret! Ýyldyzlary sanap bilersiňmi?» diýdi. Soňra Hudaý: «Nesliň ýyldyzlar deý köp bolar»+ diýdi.  Ybram Ýehowa iman etdi+, şonuň üçin hem dogruçyl* adam hasaplandy+.  Hudaý sözüni dowam edip: «Men şu ýurdy mülk edip bermek üçin, seni haldeýleriň Ur şäherinden çykaran Ýehowadyryn»+ diýdi.  Şonda Ybram: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, şu ýurdy maňa miras berjekdigiňi nädip bileýin?» diýip sorady.  Hudaý: «Maňa üçýaşar sygyr, üçýaşar geçi, üçýaşar goç, gumry we kepderi* getir» diýdi. 10  Ybram olary aldy⁠-⁠da, hersini ikä bölüp, bir⁠-⁠biriniň gabadynda goýdy, ýöne guşlary bölmedi. 11  Şonda öldürilen haýwanlaryň üstüne ýyrtyjy guşlar gonup başlady, Ybram bolsa olary kowup durdy. 12  Gün ýaşyp barýarka, Ybramy agyr uky basdy. Düýşünde ony tüm⁠-⁠garaňkylyk gaplady. 13  Soňra Hudaý Ybrama: «Şuny bilip goý: nesliň başga ýurtda gelmişek bolup ýaşar, şol ýeriň halky olary gul edip, 400 ýyl ezer+. 14  Ýöne nesliňi gul eden halka jeza bererin+. Olar şol ýurtdan birgiden baýlyk bilen çykyp gaýdarlar+. 15  Sen bolsa uzak ömür sürersiň, durmuşdan razy bolup, dünýäden ötersiň+. 16  Nesliň dördünji arkasy şu ýurda gaýdyp geler+, sebäbi heniz amorlara etmişleri üçin jeza bermegiň wagty däl»+ diýdi. 17  Gün ýaşyp, garaňky düşende, tüsseläp duran ojak peýda boldy. Şonda ikä bölünip ýatan haýwanlaryň arasyndan lowlap duran ot geçdi. 18  Şol gün Ýehowa Ybram bilen äht baglaşyp+, şeýle diýdi: «Müsür derýasyndan beýik Ýewfrat derýasyna+ çenli aralykdaky ýurdy seniň nesliňe bererin+. 19  Kenleriň+, kenisleriň, kadmonlaryň, 20  hetleriň+, perizleriň+, refaýimleriň+, 21  amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň+ ýurdy seniň nesliňki bolar».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: galkanyň.
Ýa⁠-⁠da: hudaýhon; aýypsyz.
Kepderi jüýjesi göz öňünde tutulýar.