Birinji Musa 14:1—24

  • Ybram Luty halas edýär (1—16)

  • Mäliksadyk Ybrama ak pata berýär (17—24)

14  Şol günler Şyngarda+ Omrapel, Elasarda Aryýoh, Elamda+ Kedorlamer+, Goýimde bolsa Tidal höküm sürýärdi.  Olar jemlenişip, bäş hana garşy, ýagny Sodom+ hany Bera, Gomorra+ hany Birşa, Adma hany Şinaba, Zeboýym+ hany Şembere we Beli, ýagny Sogar hanyna garşy söweşe çykdylar.  Hanlaryň hemmesi* goşunlaryny Siddim jülgesine+, ýagny Duz deňziniň*+ golaýyna ýygnady.  Hanlaryň bäşisi hem 12 ýyllap Kedorlameriň golastynda bolup, 13⁠-⁠nji ýyl oňa garşy aýaga galypdy.  Soňra 14⁠-⁠nji ýyl Kedorlamer ýanyndaky hanlar bilen gelip, Aşterot⁠-⁠karnaýymdaky refaýimleri, Hamdaky suzymlary, Şawe⁠-⁠kirýataýymdaky emimleri+ derbi⁠-⁠dagyn etdi.  Olar Segir dagynda+ ýaşaýan horylaryň+ üstüne⁠-⁠de çozup, çöllügiň golaýyndaky Elparanda boýun egdirdiler.  Soňra yzlaryna dolanyp, En⁠-⁠mişpata, ýagny Kadeşe+ baryp, amalekleriň+ ýerlerini we Hasason⁠-⁠tamarda+ ýaşaýan amorlary+ basyp aldylar.  Şonda Sodom hany ýanyna Gomorranyň, Admanyň, Zeboýymyň, Beliniň, ýagny Sogaryň hanlaryny alyp, Siddim jülgesinde esgerleri bilen nyzama düzüldi.  Olar Elam hany Kedorlamere, Goýim hany Tidala, Şyngar hany Omrapele we Elasar+ hany Aryýoha garşy söweşe çykdylar. Şeýdip, dört han bilen bäş han söweşdi. 10  Sodom bilen Gomorra hanlary ýeňlip, esgerleri bilen gaçyp başladylar. Ýöne Siddim jülgesinde gara şepbikli çukurlar kän bolansoň, olaryň köpüsi çukura gaçdy. Galanlary bolsa daglyga tarap gitdi. 11  Ýeňiş gazanan hanlar Sodom we Gomorra şäherleriniň mal⁠-⁠garalaryny, azyklaryny taladylar+. 12  Ybramyň doganynyň ogly Luty hem ähli zady bilen alyp gitdiler. Şol wagt Lut Sodomda+ ýaşap ýördi. 13  Söweşden gaçyp gaýdanlaryň biri gelip, bolan zatlary Ybrama* gürrüň berdi. Şol wagt Ybram amor halkyndan bolan Mamräniň uly agaçlarynyň+ golaýynda çadyrda ýaşaýardy. Mamre Eşkol bilen Aneriň+ agasydy. Olar Ybram bilen gowy gatnaşýardy*. 14  Ybram garyndaşynyň*+ ýesir düşendigini eşidip, öýünde önüp⁠-⁠ösen 318 edermen hyzmatkärini aldy⁠-⁠da, şol hanlary Dana+ çenli kowalady. 15  Gije adamlaryny iki topara bölüp, duşmanyň üstüne çozdy. Olary Damasgyň demirgazygyndaky Hobaha çenli kowalap, derbi⁠-⁠dagyn etdi. 16  Talanan zatlary yzyna alyp, garyndaşy Luty, mal⁠-⁠garasyny, gelin⁠-⁠gyzlary we beýleki adamlary ýesirlikden azat etdi. 17  Kedorlameri we beýleki hanlary ýeňip, yzyna gelýärkä, Ybramy Şawe jülgesinde+, ýagny Şa jülgesinde Sodom hany garşylady. 18  Salam patyşasy+ Mäliksadyk+ hem çörek bilen şerap alyp çykdy. Ol Allatagalanyň*+ ruhanysydy. 19  Mäliksadyk Ybrama ak pata berip, şeýle diýdi: «Ýalkasyn Ybramy Allatagala,Ak pata bersin ýeri⁠-⁠gögi Ýaradan! 20  Şöhrat bolsun Allatagala,Duşmanlaryny eline berdiň!» Ybram alan oljasynyň ondan bir bölegini Mäliksadyga berdi+. 21  Sodom hany bolsa Ybrama: «Maňa adamlarymy berseň bolýar, galan zady özüňe alaý» diýdi. 22  Şonda Ybram: «Ýeri⁠-⁠gögi ýaradan Beýik Hudaý Ýehowanyň öňünde ant içýärin*. 23  „Ybramy men baýatdym“ diýmeziň ýaly, seniň hiç zadyňy, dyrnak ýaly zadyňam* almaryn. 24  Maňa hiç zat gerek däl, ýigitleriň oljadan iýip⁠-⁠içeni ýetikdir. Ýöne ýanymda söweşe giden Aneriň, Eşkolyň we Mamräniň+ paýyny beräý» diýdi.

Çykgytlar

Ikinji aýatdaky hanlar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýagny Öli deňzi.
Sözme⁠-⁠söz: Ybram ýewreýe.
Ýa⁠-⁠da: äht baglaşypdy.
Sözme⁠-⁠söz: doganynyň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: elimi galdyrýaryn.
Sözme⁠-⁠söz: sapagyňdan çarygyň bagyna çenli hiç zadyňam.