Birinji Musa 12:1—20

  • Ybram Harandan Kengana gidýär (1—9)

    • Hudaý Ybrama wada berýär (7)

  • Ybram bilen Sara Müsürde (10—20)

12  Ýehowa Ybrama şeýle diýdi: «Ýurduňy, dogan⁠-⁠garyndaşlaryňy, ataň hojalygyny goý⁠-⁠da, meniň görkezjek ýurduma git+.  Nesliňden ägirt uly millet dörederin, seni ýalkap, at⁠-⁠abraýly ederin. Bütin ýer ýüzüniň halklary sen arkaly bereket alar+.  Saňa alkyş aýdanlary ýalkap, saňa garganlary näletlärin+. Ähli milletler seniň üstüň bilen bereket alar»+.  Ybram Ýehowanyň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Lut hem onuň bilen gitdi. Ybram Harandan çykanda 75 ýaşyndady+.  Ybram aýaly Sarany+, doganynyň ogly Luty+, Haranda edinen hyzmatkärlerini we mal⁠-⁠mülküni+ alyp, Kengan ýurduna+ ýola düşdi. Kengana ýetenlerinde,  Ybram ýurda aýlanyp, Şekemiň+ golaýynda, Moredäki+ uly agaçlaryň ýanynda düşledi. Şol wagtlar ol ýerde kenganlar ýaşaýardy.  Ýehowa Ybrama görnüp: «Şu ýurdy seniň nesliňe+ bererin»+ diýdi. Ybram özüne görnen Ýehowa üçin şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurdy.  Birnäçe wagtdan ol Beýteliň+ gündogaryndaky daglara gidip, şol ýerde çadyryny dikdi. Onuň günbatarynda Beýtel, gündogarynda bolsa Aý şäheri+ ýerleşýärdi. Ybram şol ýerde Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurup+, Ýehowanyň adyny çagyryp başlady+.  Soňra ol çadyryny sökdi⁠-⁠de, göçüp⁠-⁠gonup, Negebe+ tarap ýoluny dowam etdi. 10  Kenganda açlyk başlandy. Ybram wagtlaýyn Müsüre gidip ýaşajak boldy*+, sebäbi açlyk gaty güýçlüdi+. 11  Müsüre ýetip barýarka, ol aýaly Sara ýüzlenip: «Bilýäňmi, sen owadan aýal+. 12  Müsürliler seni görüp: „Bu onuň aýalydyr“ diýer⁠-⁠de, meni öldürip, seni alyp gider*. 13  Olar meni öldürmez ýaly, maňa doganym diý. Şonda janymy ölümden gutararsyň»+ diýdi. 14  Ybram Müsüre girip⁠-⁠girmänkä, müsürliler onuň aýalynyň owadandygyna üns berdiler. 15  Faraonyň emeldarlary Sarany görüp, gözelligini faraona tarypladylar. Şeýdip, Sarany köşge alyp gaýtdylar. 16  Faraon Sarany gowy görüp, Ybrama goýun, öküz, eşek, düýe, gul⁠-⁠gyrnak berip, sylag⁠-⁠hormat etdi+. 17  Emma Ýehowa Ybramyň aýaly Sara+ sebäpli, faraony we öý⁠-⁠içerisini elhenç kesele uçratdy. 18  Şonda faraon Ybramy çagyryp: «Eden zadyň näme? Sara aýalyň eken⁠-⁠ä! Näme üçin aýtmadyň? 19  Uýam+ diýmäň näme? Men oňa tas öýlenipdim! Aýalyňy al⁠-⁠da, gümüňi çek!» diýdi. 20  Soňra faraon Ybramy we aýalyny ähli zady bilen ýola salyp goýbermegi buýurdy+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: gelmişek bolup ýaşajak boldy.
Sözme⁠-⁠söz: diri galdyrar.