Birinji Musa 11:1—32

  • Wawilon diňi (1—4)

  • Ýehowa dilleri garyşdyrýar (5—9)

  • Samdan Ybrama çenli (10—32)

    • Tarahyň maşgalasy (27)

    • Ybram Ur şäherinden çykýar (31)

11  Şol wagtlar ähli adamlar bir dilde gepleýärdi, ulanýan sözleri⁠-⁠de meňzeşdi.  Olar gündogara gidip, Şyngar+ ýurdunda bir jülgäniň üstünden bardylar we şol ýerde ýaşap başladylar.  Soňra olar bir⁠-⁠birlerine: «Geliň, kerpiç ýasap, oda tutalyň» diýdiler. Şeýdip, daşa derek kerpiç, palçyga derek gara şepbik* ulanyp başladylar.  Olar: «Geliň, bir şäher bilen diň guralyň. Goý, diňiň depesi asmana ýetsin. Şonda at gazanarys, dumly⁠-⁠duşa dargap gitmeris»+ diýişdiler.  Ýehowa adamlary synlap, olaryň gurýan şäherini we diňini gördi.  Şonda Ýehowa: «Adamlar bir dilde gepleýär+. Şonuň üçin birigip, gör, näme edip ýörler. Olar ýüregine düwen zadyny etmekden gaýtmaz.  Biri⁠-⁠birine düşünmez ýaly, gel+, olaryň dilini garyşdyraly» diýdi.  Ýehowa olary ýer ýüzüne dargatdy+. Şeýdip, şäheriň gurluşygy kem⁠-⁠kemden durdy.  Şol şähere Wawilon*+ diýilýär, sebäbi Ýehowa şol ýerde adamlaryň dilini garyşdyrdy. Şeýdip, Ýehowa olary çar tarapa dargatdy. 10  Samyň+ ömri şeýledir. Tupandan iki ýyl geçensoň, Sam 100 ýaşyndaka, Arpahşat+ diýen ogly boldy. 11  Arpahşat doglandan soň, Sam 500 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy+. 12  Arpahşat 35 ýaşyndaka, Şela+ diýen ogly boldy. 13  Şela doglandan soň, Arpahşat 403 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 14  Şela 30 ýaşyndaka, Eber+ diýen ogly boldy. 15  Eber doglandan soň, Şela 403 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 16  Eber 34 ýaşyndaka, Pelek+ diýen ogly boldy. 17  Pelek doglandan soň, Eber 430 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 18  Pelek 30 ýaşyndaka, Rehuw+ diýen ogly boldy. 19  Rehuw doglandan soň, Pelek 209 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 20  Rehuw 32 ýaşyndaka, Seruh diýen ogly boldy. 21  Seruh doglandan soň, Rehuw 207 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 22  Seruh 30 ýaşyndaka, Nahur diýen ogly boldy. 23  Nahur doglandan soň, Seruh 200 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 24  Nahur 29 ýaşyndaka, Tarah+ diýen ogly boldy. 25  Tarah doglandan soň, Nahur 119 ýyl ýaşady, onuň başga⁠-⁠da ogul⁠-⁠gyzlary boldy. 26  Tarah 70 ýaşyndaka, Ybram+, Nahur+ we Haran atly ogullary boldy. 27  Tarahyň ömri şeýledir. Tarah Ybramyň, Nahuryň we Haranyň atasydy. Haranyň Lut+ diýen ogly boldy. 28  Kakasy Tarah heniz dirikä, Haran öz dogduk mekanynda, haldeýleriň+ Ur+ şäherinde aradan çykdy. 29  Ybram bilen Nahur öýlendi. Ybramyň aýalynyň ady Sara+, Nahuryň aýalynyň ady bolsa Milkady+. Milka bilen Iska Haranyň gyzlarydy. 30  Sara önelgesizdi+, çagasy bolmaýardy. 31  Soňra Tarah ogly Ybramy, agtygy Luty*+, gelni Sarany* alyp, haldeýleriň Ur şäherinden çykdy⁠-⁠da, Kengan ýurduna+ gitdi. Emma olar Harana+ ýetip, şol ýerde ýaşap başladylar. 32  Tarah 205 ýaşynda Haranda aradan çykdy.

Çykgytlar

Mazut ýaly ýagjymak suwuklyk.
Manysy: Garyşyk.
Sözme⁠-⁠söz: ogly Harandan bolan agtygy Luty.
Sözme⁠-⁠söz: gelni Sarany, ogly Ybramyň aýalyny.